18:07 Şygşygyny öldürmek -23/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Hanym Merriuzer bihuda jepa çekmändir ekeni, üstünlik dag ýaly mähnet boldy, hemmeler ýerlerinden turup çapak çalýardylar, gygyryşýardylar, ýöne barybir ol meni perdäniň aňyrsynda gapyp aldy-da maňa: “sen meniň diri şekilimi kül-peýekun etdiň” diýdi. Utnajymdan ýaňa ýer-ä ýarylmady menem girmedim, ýöne şol wagt meniň yzymdan Jim geldi-de, maňa duýgudaşlyk bildirdi. Ol özüniň oturan ýerinden-ä meniň hatda göze-de ilmändigimi aýtdy. Men düşünemok, ol şol pursat nädip meniň şeýle betbagtdygymy duýduka, sebäbi men şol wagt heniz öz eşigimden hem çykmandym ahyry. Jim meni köşeşdirmek üçin meniň ähli zady bolmalysy ýaly edendigimi, ýöne birazajyk gijä galandygymy aýtdy. Haçan-da düýbünden erbet bolan halatynda Jim indi edil Attikus ýaly köşeşdirmegi oňarýar. Ýöne Jim näçe başarjaň bolsa-da ol meni adamlaryň gözüne görünmäge yryp bilmän, hemmeler dabara otagyndan gidýänçäler maňa perdäniň aňyrsynda garaşmaga razy boldy. -Bi zady sypyrmak isleýärmiň, Gözlüje?-diýip ol sorady. Men: -Ýok, islämok,-diýdim:-Şeýle ýagdaýda gitjek. Goý hiç kimiň bu mahal meniň halymyň neneňsi erbetdigini görmesin. -Sizi öýňüze düşürmelimi?-diýip kimdir biri sorady. Jim: -Ýok, jenap, taňryýalkasyn,-diýdi:-Biz, ine şu golaýjaga barmaly. -Gijeki kölegelerden ägä boluň,-diýip şol ses maslahat berdi:-Has takyk aýdanyňda, goý gijeki kölegeler, Gözlüjeden ägä bolaýsynlar. Jim: -Ine, indi hiç kim galmady diýen ýaly,-diýdi:-Ýör gitdik. Biz dabara otagyny kesip geçip dälize çykdyk, basgançakdan aşak düşdük. Köçe öňküsi ýaly tüm-garaňkydy. Ulaglaryň birnäçesi heniz ugramandyr ekeni, ýöne olar mekdebiň beýleki tarapynda durdylar, şol sebäpli-de olaryň çyralarynyň bize peýdasy ujypsyzdy. Jim: -Eger-de kimdir biri biziň tarapymyza gaýtsa, onda bize öňümiz biraz oňadrak görnerdi,-diýdi:-Diňle, Gözlüje, gel, men seniň süýr depäňdäki süňkjagazyňdan saklaýyn. Ýogsa sen birden deňagramlylygyň ýitirip, düňderiläýme. -Maňa hemme zat görünýär. -Hawa-la, elbetde, ýöne birdenkä sen deňagramlylygyňy ýitiräýme. Nämedir bir zat meniň süýr depäme ýeňiljek basdy, megerem, Jim buduň injiginden ýapyşan bolsa gerek. -Duýýaňmy? -Hawa… Biz mekdebiň garaňky howlusynyň içi bilen ýöräp ugradyk, men dähedem-dessemläp barşyma diňe aýagymyň astyna seredýärdim, ýöne hiç zat saýgarar ýaly däldi. Men: -Jim,-diýdim:-men şol ýerde, sahnanyň aňyrsynda köwşümi ýadymdan çykarypdyryn. -Ýeri bolýar-da, ýör yzymyza gideli. Ýöne biz yzymyza öwrülen badymyza mekdebiň penjirelerindäki ýagtylyk söndi. Jim: -Ertir alarsyň,-diýdi. -Ertir ýekşenbe ahyry,-diýip men Jim meni öýmüze garşy öwrende garşy çykdym. -Garawuldan haýyş etseň, ol seni içine goýberer…Gözlüje… -Hä? -Ýok, hiç-le. Jim ep-esli wagtlap dymyp ýöredi. Meniň içim byjyklap ugrady. Beh, ol näme hakda pikir edýärkä. Äý bolýar-la, islän wagty özi aýdar-da, megerem öýe baranymyzdan soň aýdaýmasa. Onuň eli meniň süýr depäme biraz gatyrak basdy, meniň pikirimç-ä gereginden artygam gatyrak ýaly. Men kellämi silkip goýberdim. -Jim, ýeri saňa näme bolýar-a? -Azajyk geplemän dur, Gözlüje,-diýdi-de ol buduň injigini hasam gatyrak basdy. Soň biz esli dymyp ýöredik. Men: -Seniň azajyk diýýän wagtyň eýýäm geçdi,-diýdim:-Sen hälden bäri näme hakda oýlanýarsyň-a? Men Jime tarap öwrüldim, emma şeýlebir garaňkydy welin, men hatda onuň ýüzünem saýgaryp bilmedim. Ol: -Meniň gulagyma nämedir bir zat eşidilen ýaly boldy,-diýdi:-Hany, dur hany. Biz togtadyk. -Bir zatlar eşidýärsiňmi?-diýip Jim sorady. -Ýok. Ýene-de bäş ädim geçip-geçmänkäk ol ýene-de meni saklady. -Jim, sen näme, meni gorkuzjak bolýarsyňmy? Men eýýäm körpeje däl, men… Jim: -Ýuwaş,-diýdi welin, men dessine düşündim, ol meniň bilen oýun etjek bolmaýardy. Gije şeýlebir ümsümdi welin, men hatda Jimiň dem alşyny-da ap-arkaýyn eşidýärdim. Kämahal bir meniň ýalaňaç aýaklarymy ýalap şemaljyk öwsüp geçýärdi, onuň bady pelesipdir, ýogsa biz mekdebe barýarkak ol güýjünde baryny edip öwüsýärdi ahbetin. Häizr bolsa edil tupanyň öňüsyrasyndan bolşy ýaly ähli zat dym-dyrslyga beslenipdi. Biz diňşirgenişip durdyk. Men: -It üýrdi,-diýdim. Jim: -Ýok, ol ses däl,-diýdi:-Ol ses biz ýöräp başlasag-a eşidilýär, dursagam eşidilmeýär. -Bu meniň eşigim şagyrdaýar. Hä, bildim, sen bar-a meni oýnajak bolýarsyň, sebäbi şu gün şeýle gün-dä. Men aýdanlarymy Jime däl-de özüme subut etjek bolup dyrjaşýardym. Sebäbi biz ýöräp başlan badymyza onuň näme hakda gürleýändigine men düşündim. Yzymyzdan gelýän çybşylda meniň eşigimiň jinnek ýalyjak-da dahyly ýokdy. -Bu sesleriň hemmesi Sesil bolmaly,-diýip Jim birhaýukdan soň aýtdy:-Ýöne ol ind-ä bizi ahmalyna salaýmaz. Gel gowusy haýalrak ýöräli-le, goý ol biz gorkýandyrys öýtmesin. Indi biz edil pyşdyla dönüp süýrenip barýardyk. Men: “ol nähili eger-de Sesil biziň yzymyzdan şunuň tümlükde ýöräp gelýän bolsa, onda näme üçin ol henize çenli biziň bilen süsüşmedi?” diýip soradym. Jim: -A men welin seni görýärin, Gözlüje,-diýdi. -O nähili beýle? Maňa sen görünmeýärsiň. -Seniň eşigiňdäki ýag zolaklary assaja ýyldyraýar. Hanym Krenşo olaryň lowurdamaklary üçin olary ýagtylyk çykarýan reňk bilen reňkländir. Men seni örän oňat görýärin, Sesile-de megerem sen görünýänsiň, ine şonuň üçinem ol biziň bilen çaknyşman yzymyzdan assyrynlyk bilen ýoräp gelýän bolmaly. Ýeri bolýar-da, goý ol bizi aldawa salandyryn öýdüp pikirem etmesin. Men birdenkä yzyma öwrüldim-de, bogazyma sygdygyndan gygyrdym: -Sesil Jeýkobs – öl-myžžyk to-o-wu-u-k! Biz togtadyk. Ýöne Sesil jogap bermedi, diňe nirededir bir hol allaowarrada, mekdebiň ýanyna ýakynda ýaň “To-o-wu-u-k!” diýip jogap berdi. Jim: -Ine men häzir ony bir,-diýdi:-E-he-heý! “E-he-heý!” diýip mekdep ýene-de bize hä berdi. Bu boluş birhili Sesil-ä çalym etmeýärdi, eger-de onuň haýsy-da bolsa bir hokgasy ýerine düşäýse ol ony azyndan kyrk gezek dagy gaýtalaýardy. Eger-de yzymyzdaky çybşyldy Sesil bolan bolsa ol onda eýýäm häli biziň üstümize bökerdi. Jim ýene-de meni sägindirdi. Soňra örän pessaý pyşyrdady: -Gözlüje, sen bu zadyňy egniňden sypyryp bilersiňmi? -Bilerin, ýöne meniň egnimde şondan başga zat ýok diýen ýaly ahyry. -Seniň köýnegiň mende. -Garaňkyda men ony geýip bilmerin. Ol: -Ýeri bolýar-da,-diýdi:-Hiç-le. -Jim sen gorkýarsyňmy? -Ýok. Biz, megerem, eýýäm dub agajyna ýakynlandyrys. Ol ýerden bolsa iki ädim ätseň ýol geçýär. Köçämiziň çyrasy hem görnüp durandyr. Jim bilgeşleýin haýaljakdan hem öte kadaly ses bilen gepleýärdi. Be-e, ol entek uzak wagtlap maňa Sesil barada erteki aýdyp berip gorkýandygyny gizlejek bolarmyka? -Gel aýdym aýdyp başlaýaly-la, Jim, hä? -Gerek däl. Ýuwaş, Gözlüje, gohlama. Biz öňkümiz ýaly haýaljakdan ýöräp barýardyk. Sebäbi eger-de şunuň ýaly ýagdaýda ädim urşuňy gataldyberdigiň hökman ýa barmagyňy agyrdarsyň ýa-da daşa büdrärsiň. Jim muny menden gowy bilýärdi, onsoňam ol meniň aýakýalaňaçdygymy unutmaýardy. Belki-de bu çybşyldy şemalyň agaçlaryň şahalarynyň arasyna çolaşyp döredýän şagyrdysydyr. Elbetde, bolup biler, ýöne bu mahal şemal düýbünden ýok diýen ýalydy, onsoňam golaý-goltumda şol garry dub agajyndan özge bag-beýleki-de ýok ahyry. Biziň arkamyzdan gelýän, edil aýagynda agyr köwüs bar ýaly, aýaklaryny ýerden süýräp, şarkyldadyp gadam urýardy. Özi-de onuň jalbary kendir matadan bolmaly, men ilkibada bu baglaryň ýapraklary şagyrdaýandyr öýdüp çak etdim, emma hakykatda welin onuň her ädiminde jalbarynyň gonçlary sürtülip ses çykarýan ekeni. Meniň aýagymyň aşagyndaky çäge sowukdy, diýmek biz hut dub agajynyň aşagyna ýeten bolmaly. Jim ýene-de meniň süýr depäme basdy. Biz aýak çekdik-de, çar-töwerege diň saldyk. Bu gezek ýaňky şarkyldy dowam etdi. Kendirden jalbar bolsa şol şygyrdady geldi, şygyrdady geldi. Soňam birdenkä hemme zat dym-dyrs boldy. Birdenem ol ylgap başlady, ol agyr-agyr ädimler bilen bize tarap ylgap gelýärdi, oglanjyklar munuň ýaly gödeňsiz ylgamaýardylar. -Gaç, Gözlüje! Gaç!-diýip Jim çirkin gygyrdy. Men birden äpet ädim ätdim-de tas ýykylýardym. Eşigimiň içinde meniň ellerim daňylgy bilen des-deňdi, daş-töweregiň bolsa tümluk, onsoň şunuň ýaly ýagdaýda nädip deňagramlylygyňy saklamagyň hötdesinden geljek diýsene. -Jim, kömek et! Jim! Şol pursadam nähilidir bir agyr zat meniň daşyma geýdirilen geýmiň simden gözenegini garbap mynjyratdy, nähilidir birhili demir bölegi gözenegiň demrine degip, uçgun syçradyp, jytyrdady, men ýere ýykyldym-da, biraz daşraga togalandym. Men bar güýjüm bilen bulanjyrap, towlanjyrap, däbşenekläp, özümiň daşyma çolaşan gözenekden çykmaga çytraşýardym. Meniň ýakyn gapdalymda bolsa kimdir birleri uruşýardylar, aýaklaryny tarpyldadyp ýere urýardylar, ýeriň ýüzünde, kökleriň arasynda süýrenýärdiler. Şol wagtam kimdir biri meniň alkymyma togalanyp geldi. Jim! Ol ýerinden böküp turdy-da, meni yzy bilen süýräp ugrady, ýöne men gözenegiň simine şeýlebir çolaşypdym welin, gaty haýdap bilemokdym. Şol gidip barşymyza men ahbetin kellämi hem eginlerimi sypdyrmagyň hötdesinden geldim, emma biz gaty uzaga gidip bilmedik. Biz eýýäm ýola ýetip barýarkak, birdenkä Jim elini menden sypdyrdy-da, ýere zyňlyp gitdi. Ýene-de kimdir birleriniň uruşýandygynyň sesi eşidildi, şol pursadam nämedir bir zat şatyrdap gitdi welin, Jimiň çirkin sesi daş-töweregi ýaňlandyryp gitdi. Men ses çykan tarap gözüm ýok ýaly okduryldym welin, batly barşyma kimdir biriniň garnyny süsdüm. Ol adamyň demi tutuldy, emma ol meniň ellerimden tutmaga dyrjaşdy, ýöne meniň ellerim eşigimiň gözeneginiň aşagyndady. Onuň garny ýumşakdy, elleri welin, demir ýalydy. Ol meni şeýlebir berk gysdy welin, meniň hatda demim tutulyp gitdi. Men gymyldabam bilmedim. Birdenem nähilidir bir göze görünmeýän güýç ebşitläp tutdy-da, bir gapdala pyzyp goýberdi, ol ýere ýazylanda tas menem ýykýardy. Megerem, bu Jim maňa kömege ýetişendir. Käbir ýagdaýlarda çar-töweregiňde bolup geçýän zatlara örän haýallyk bilen akyl ýetirýärsiň. Men seňseläpdim, şonuň üçinem söm-saýak bolup durdum. Urşulýan ýaly ses ýatypdy, diňe kimdir biri hyrkyldaýardy, soň bolsa biziň daşymyzy ümsümlik gaplap aldy. Daş-töwerek dym-dyrslyk. Diňe kimdir biri sojap-sojap agyrdan-agyr dem alýar, özem her ädiminde diýen ýaly büdreýär. Göwnüme bolmasa, ol dubuň ýanyna baryp, oňa ýaplanan ýaly. Soňra gaty erbet üsgürip başlady, ol birhili gyzylödegi agzyndan çykaýjak bolup üsgürýärdi, özem on iki süňňi bilen gagşaýardy. -Jim? Hiç hili jogap bolmady, diňe kimdir biri gaty ýakynjagymda sojap dem alýar. -Jim? Jim jogap bermeýärdi. Ol adam dub agajyndan aýryldy-da, tümlükde sermenip ugrady, megerem nämedir bir zat gözleýän bolara çemeli. Soňra ol iňläp diýen ýaly uzyn dem aldy-da, ýeriň ýüzünden nähilidir bir agyr zady süýräp ugrady. Ine şu ýerde-de men dub agajynyň aşagynda biziň indi dört adamdygymyza göz ýetirip başladym. -Attikus?... Kimdir biri agyr hem gowuşgynsyz ädimler bilen ýola tarap gidip barýardy. Men özüme onuň ýap-ýaňyja-da duran ýeri bolup görnen ýerine bardym-da, aýaklarym bilen topragy sermeläp başladym. Bahym meniň aýaklarym nämedir bir zada galtaşdy. -Jim? Ýalaňaç aýagym bilen men sermeläp jalbara, kemeriň ildirgijine, ilige, soňra ýene-de bir düşnüksiz bir zada, onsoň köýnegiň ýakasyna we ýüze degdim. Ýüz tiken ýaly sanjylýan syh-syh bolup duran irimçik tüýden doludy, ýok bu Jim-ä däl. Şol wagtam ýaňyrak içilen şerabyň ýakymsyz porsy ysy hapylap burnuma urdy. Men onsoň dagy näme etjegimi bilmän ýoluň ýerleşýän tarapydyr öýden ugruma süssenekläp ugradym. Men dogry barýanymy-barmaýanymy-da bilmeýärdim, sebäbi meni näçe gezek dürli ugurlara öwrüp-çöwrüpdiler. Ýöne men ahyrsoňy ýola çykdym, ilkinji gözüm düşen zat köçämiziň sütünli çyrasy boldy. Onuň aşagyndan bir adam ýöräp barýardy. Ol edil nähilidir bir agyr ýüki göterip barýan dek tagaşyksyz gadam urup barýardy. Ol köçäniň künjünden aýlandy. Ol asyl Jimi göterip alyp barýan ekeni. Jimiň eli öňlügine sallanyp ýatyrdy we birhili düşnüksiz iki ýana hallan atýardy. Haçan-da men köçäniň burçuna ýetenimde ol adam eýýäm biziň howlymyzyň içi bilen gidip barýardy. Şol pursat gapymyz jarkyldap açyldy-da onuň ýagtysy daşaryk düşende men ýeke pursatlyk Attikusy gördüm, ol eýwandan ylgap düşdi-de, olar iki bolup Jimi öýe saldylar. Men ahyry öz aýagyma özüm çolaşyp işigimiziň agzyna bardym, olar eýýäm biziň dälizimiziň ugry bilen ylgaşlap barýardylar. Maňa garşy bolsa Aleksandra ejem topulyp gelýärdi. -Lukman Reýnoldsa jaň et!-diýip Attikus Jimiň otagyndan gygyrdy:-Gözlüje nirede? -Ol bärde!-diýdi-de Aleksandra ejem meni hem telefona tarap süýräp ugrady. Ol şeýlebir howlugýardy welin, men bu bolşum bilen onuň yzyna eýgerer ýaly däldim. Men: -Meniň özüm bararyn, ejeke!-diýdim:-Siz gowusy jaň ediň. Ol topulyp baryp telefona ýapyşdy. -Maňa lukman Reýnoldsy beriň, Ýula Meý, bahymrak! Kakaň öýdemi, Egnes? Eý Hudaý-eý, ol nirede ahyry? Haýyş edýän, ol yzyna gelen dessine, oňa aýdyň, goý ol bize gelsin. Haýyş edýän, bu örän howlukmaç! Aleksandra ejeme jaň edende-de özüni atlandyrmak gerek däldi, Meýkombda hemmeler biri-birini seslerinden tanaýardylar. Oňa çenli Jimiň otagyndan Attikus çykdy. Aleksandra ejem telephony goýmaga ýetişmänkä, Attikus ony garbap onuň elinden aldy-da, oňa kakyşdyryp: -Haýyş edýän, meni şerif bilen birikdiriň, Ýula Meý. Gek? Bu Attikus Finç. Kimdir biri meniň çagalarymyň üstüne topulypdyr. Jim ýaralanypdyr. Biziň öýümiz bilen mekdebiň arasynda. Men oglumyň ýanyndan aýrylyp bilmeýärin. Haýyş edýän, ol ýere meniň deregime-de baryp görüň, serediň, belki, ol daşa giden däldir. Bilemok, siziň ony şu mahal tapjagyňyz-a gümana welin, eger-de tapaýsaňyz, meniň ony göresim gelýär. Indi bolsa men gitmeli. Taňryýalkasyn, Gek. -Attikus, Jim öldümi? -Ýok, Gözlüje. Onuň bilen meşgullansana, uýam!-diýip ol däliziň ugry bilen haýdap barşyna gygyrdy. Aleksandra ejem sandyr-sandyr edýän barmaklary bilen meniň egnimden mynjyradylan, birnäçe ýeri ýyrtylan simden gözenekli geýimi aýryşdyryp başlady. Ol wagty bilen meni boşadyp bilmedi. -Sen abatmy, gyzym?-diýip ol gaýtalap-gaýtalap menden şol sorap durdy. Ol gysyp-gowrup gelýän gözenegiň ýesirliginden erkinlige çykmak neneňsi eşret ekeni! Meniň ellerim dagy gurşup gidipdiler, gollarymda gyzyl altyburçluklar hem besse-besse bolup tagmalanan ýaly bildirip durdy. Men derrew olary owkalaşdyryp ugradym welin, olar biraz soluşdylar. -Ejeke, Jim öldümi? -Ýok…ýok, gyzym, ol diňe huşundan gidipdir. Ine häzir lukman Reýnolds geler, şondan soň biz onuň näderejede agyr ýaralanandygyny bileris. Siz bilen nämeler gopdy, Jin Luiza? -Bilemok. Şondan soň ol sowal bermedi. Ol ýerinden turup gitdi-de, maňa eşik getirip berdi. Eger-de şol wagt meniň kelläme gelen bolsady, men soň ejekeme şol pursat eden hereketini hiç mahal ýatdan çykarmaga goýmazdym. Ejekem şol wagt şeýlebir aljyraňňydy welin, ol maňa oglanjyklaryň geýýän ýörite iş geýimini getirip beräýdi! Ol: -Al, gyzym, geýin,-diýdi-de maňa şondan öňem-soňam gözüne ilse aňyrsy bärsine gelýän geýmimi uzatdy. Soňra ol hem Jimiň ýanyna ylgady, ýöne göz açyp-ýumasy salym geçip-geçmänkä ýene-de daşky otaga, meniň ýanyma çykyp, aljyraňňy halda meniň hemme ýerimi sypaşdyryp-sermeşdirip çykdy-da, ýene-de Jimiň ýanyna ylgady. Birhaýukdan soň öýümiziň öňünde ulag saklandy. Men lukman Reýnoldsyň aýak seslerini Attikusyňkydan erbet bilmeýärdim. Ol Jim ikimize dünýä inmäge kömek edipdi, ýeriň ýüzünde bar bolan ähli çaga kesellerinden bizi bejerip gelýärdi, ol haçan-da Jim biziň çynardaky öýjagazymyzdan ýere gaçanda-da ony bejeripdi, şol sebäpli-de biz onuň bilen hemişe dostlugymyzy saklap gelýärdik. Lukman Reýnolds eger-de biz şeýle itjanly bolmadyk bolsadyk onda ähli zat başgaça bolardy diýýärdi, ýöne biz oňa gatybir ynanyp barmaýardyk. Ol maňa gözi düşenden içerik girmegi-de unudyp, bosagada söm-saýak bolup galaýdy: -Rehimdar Taňrym, muny-y!-diýdi-de ilki bir maňa tarap ýönelen ýaly hem etdi, emma birdenkä:-Sen-ä her näme-de bolsa aýak üstünde!-diýip hyrra yzyna öwrüldi. Ol biziň öýümiziň her bir deşigine beletdi. Özem bilýärdi, eger-de men şunuň ýaly erbet ýagdaýda bolsam, onda diýmek Jim mendenem beterdir. Şondan soň on sany müňýyllyk düzüm-düzüm bolup geçdi. Ahbetin lukman Reýnolds dolanyp geldi. -Jim öldümi?-diýip men soradym. -Sähelçe-de ölmändir,-diýdi-de lukman meniň öňümde çommalyp oturdy:-Onuň maňlaýynda edil seniňki ýaly çiş bar, onsoňam eli döwlüpdir. Hany, bärik seret bakaly, Gözlüje…Ýok, kelläňi aýlama, diňe gözüň gyýtagy bilen seret. Indi, hanha, hol tarapa. Meniň häzirlikçe çaklaýşyma görä onuň döwügi biçak ýaramaz, edil tirseginde. Görýän welin, kimdir biri onuň elini towlap, düýbünden goparmakçy bolan ýaly…Indi bolsa maňa seret. -Diýmek onda, ol ölmändir-dä? -Ýok diýdim ahyry!-diýip lukman Reýnolds dikeldi:-Bu gün biz oňa ony ynjalykly ornaşdyrmakdan özge kän bir kömek edip bilmeris. Ertir onuň döwüginiň roentgen suratyny almaly bolar…megerem, onuň eline wagtlaýyn gips hem goýmaly bolarys. Ýöne sen alada etme, ol biziň elimizden çykanyndan soň edil täp-täzeje ýaly bolar. Oglanjyklaryň endamynda ähli ýaralar sähel wagtyň içinde yzsyz-tozsuz bitip gidýär ahyry. Lukman Reýnolds maňa gürrüň berýärdi, özi bolsa meni gözden geçirýärdi hem-de seresaplylyk bilen meniň maňlaýymdaky barha ulalyp barýan çişi elleşdirip görýärdi. -Seniň hiç ýeriňde hiç zadyň döwlen däl gerek, seniň göwnüňe nähili?-diýip ol degişdi. Men biygtyýar ýylgyrdym. -Diýmek, siziň pikiriňizçe ol ölmändir-dä, ýokmy? Lukman Reýnolds sypal başgabyny geýdi. -Elbetde, men ýalňyşyp hem bilerin, ýöne meniň pikirimç-ä, ol örän diri ýaly. Has anyk aýdylanda, munuň ähli alamatlary-ha bar. Bar, git-de ony gör, men dolanyp gelenimden soň bolsa biz onuň diridigini ýa-da däldigini gutarnykly çözeris. Lukman Reýnoldsyň ýöreýşi ýeňil hem juwandy. Jenap Gek Teýt bolsa başgaça ýöreýärdi. Onuň agyr köwşüniň astynda biziň eýwanymyz hut duranja ýerinden iňläberdi, gapymyzy hem ol örän tagaşyksyz açdy, ýöne ol hem edil lukman Reýnolds dek maňa gözi kaklyşan dessine içini çekdi-de, bosagamyzda dikilgazyk bolup galdy. Soňam sorady: -Sen abatmy, Gözlüje? -Hawa, jenap, men Jimiň ýanyna gitjek. Attikus hem-de hemmelerem şol ýerde. Jenap Teýt: -Menem seniň bilen,-diýdi. Aleksandra ejem Jimiň başujundaky gülçyranyň öňüni desmal bilen ýapandygy zerarly otagyň içi alagaraňkydy. Jim arkanlygyna ýatyrdy. Onuň bir ýaňagy mazaly ýenjilen ekeni. Çep eli bolsa bir gapdala gyşaryp, tirseginden egrerlip durdy, ýöne egrelmeli tarapyna däl-de ters tarapa. Jimiň gaşlary çytylgydy. -Jim?... Attikus: -Ol seni eşitmeýär, Gözlüje,-diýdi:-ol öçürilgi, bilýärsiňmi, radiony nädip öçürýärler. Ol eýýäm özüne geldi, ýöne lukman Reýnolds ony uka gidirdi. -Hawa, jenap. Men diwara tarap süýşdim. Jimiň otagy uludy, inedördüldi. Haşamly ojak-pejiň ýanyndaky kürsüde Aleksandra ejem otyrdy. Bir burçda bolsa Jimi getiren adam diwara ýaplanyp durdy. Ol maňa nätanyşdy, megerem şäheriň eteginde ýaşaýanlaryň biri bolsa gerek. Megerem, ol biziň tomaşamyza gatnaşandyr, soňam biziň başymyzdan şol ýaňky düşnüksiz bela-beter inende, biziň golaý-goltumymyzdan geçip barýan bolmaly. Megerem, ol biziň gykylygymyzy eşidendir-de, kömege ylgandyr. Attikus Jimiň düşeginiň gapdalynda dik durdy. Jenap Gek Teýt bosagada saklandy. Sypal başgabyny ol elinde saklaýardy, jalbarynyň kisesi bolsa gabarylyp durdy, ol ýerde elçyrajygynyň bardygy mese-mälim bildirýärdi. Jenap Teýt özüniň aw keltekçesini, ädik bilen geýilýän gysga gonçly jalbaryny hem-de belent gonçly ädigini geýipdir ekeni. Attikus: -Giriň, gek,-diýdi:-Ýeri, nämedir bir zat tapdyňyzmy? Men haýsy näkesiň şeýle zady etmäge ukyplydygyny göz öňüme-de getirip bilmeýärin, ýöne umyt edýän, siz ony taparsyňyz-la. Jenap Teýt burny bilen myşlady. Içiňden geçip gelýän ýiti nazar bilen burçda duran adama garady, oňa baş atdy, soňra otagyň içini birlaý gözden geçirdi, Jime seretdi, Aleksandra ejeme dikanlady, soňra ýene-de nazaryny Attikusa öwürdi. -Oturaýyň, jenap Finç,-diýip ol teklip etdi. Attikus: -Geliň, hemmämiz oturalyň-la,-diýdi:-Ine size oturgyç, Gek. Men myhman otagyndan başgasyny alnyp geleýin. Jenap Teýt Jimiň tekjesiniň başyna geçdi. Attikusa garaşdy, ol tiz dolanyp geldi-de oturdy. Näme üçindir ol burçda duran adama oturgyç getirip bermedi, ýöne Attikus mülkdar daýhanlaryň edim-gylymlaryny menden has gowy bilýär ahyry. Käte onuň ýanyna itiň ölen alysyndan kimdir biri maslahat almak üçin gelerdi-de, öz gatyryny, howlymyzda, çynaryň astynda daňardy, onsoň Attikusam onuň bilen jaýymyzyň ýeňse ýüzündäki eýwanda gepleşer durardy. Bu adama-da, megerem, şol ýerde, burçda has rahat bolaýmasa. Şerif: -Jenap Finç,-diýdi:-men häzir size ol ýerde näme tapandygymy aýdaýyn. Men haýsydyr bir gyzjagazyň köýnegini tapdym, ol meniň ulagymda. Ol seniňkimi, Gözlüje? -Hawa, jenap, eger-de ol bägül reňkli we epinli bolsa. Jenap Teýt edil kazyýetde görkezme berýän ýaly özüni alyp barýardy. Ol islendik wakany-da özüçe aýtmagy we gürrüň berýärkä, ne prokuroryň ne-de aklawjynyň özüne päsgel bermezliklerini halaýar, käbir ýagdaýlarda şu endigi zerarly onuň gürrüňi biçak uzyn hem bolaýýar. -Ýene-de men goňur matanyň nähilidir bir bölejiklerini tapdym… -Bu meniň şekil üçin geýen eşigimden, jenap Teýt. Jenap Teýt öz dyzlaryny sypalady. Çep elini owkalady-da, haşamly ojak-pejiň üstündäki tekjäni synlap ugrady, soňra göwnüme bolmasa ony ojak-pejiň özi gyzyklandyryp başlan ýaly boldy. Attikus: -Näme boldy, Gek?-diýdi. Jenap Teýt elini galdyrdy-da, ýeňsesini owkalady. -O taýda, mekdebiň howlusyndaky dub agajynyň aşagynda Bob Ýuel ýatyr, onuň gapyrgalarynyň arasyndanam aşhana pyçagy somalyp dikilgi dur. Ol öli, jenap Finç. xxxxx Aleksandra ejem ýerinden tarsa turdy-da, ojak-pejiň tekjesinden ýapyşdy. Jenap Teýt hem aýak üstüne galyp, oňa tekge bermek isledi, ýöne ejekäm diňe kellesini ýaýkap oňaýdy. Ömründe birinji gezek Attikus özüniň hemişeki salyhatlylygyny ýadyndan çykaryp, şol oturşyna gymyldaman galyberdi. Näme üçindir jenap Bob Ýueliň biraz puryja berseler, özüniň Attikus bilen haklaşjakdygy hakynda aýdanlary meniň ýadyma düşdi. Ol hakykatdanam tas Attikusyň başyna ýetjek ekeni, ýöne şol pille onuň nejislikleriniň müddeti doldy-da. -Siz anyk bilýärsiňizmi?-diýip nähilidir birhili öçügsi äheňde Attikus sowal berdi. -Hakykatdan hem ol jansyz jeset,-diýip jenap Teýt aýdanyny tassyklady:-Gutarnykly hem yzyna dolanyp gelmesiz. Ol indi mundan buýana siziň çagajyklaryňyza hiç hili ýamanlyk edip bilmez. -Men o hakda däl… Attikus edil alasarmyk düýşdäki deýin gepleýärdi. Birdenkä onuň biçak garrydygy göz-görtele bildirip gitdi, diňe şu alamat bilen onuň kalbynda çensiz-çaksyz galagoplugyň tuapn turuzýandygyna aňmak bolýardy, onuň hötjet eňegi aşak sallanypdy, ýaňaklarynyň ugrundaky gasynlary has-da çuňlaşypdylar, onuň saçlarynyň hem nebit şepbigi dek şar-garadygy hem eýýäm öňküsi ýaly gözüňe dürtülip durmaýardy, onuň çekgeleriniň birmahal çalaryp gidendigi bada-bat gözüňe ilýärdi. -Belki-de myhman otagyna geçeris?-diýip Aleksandra ejem ahbetin dillendi. Jenap Teýt: -Eger-de rugsat berseňiz, men şu taýda galmak islärdim, eger-de biziň bärde bolmagymyz Jim üçin zyýanly bolmasa,-diýdi:-Men onuň ýaralaryny görüşdirmekçi, Gözlüje bolsa häzirlikçe nämäniň nähili bolandygyny bize gürrüň berer… -Siz maňa gitmäge rugsat berersiňizmi?-diýip Aleksandra ejem sorady:-Men häzir bärde gerek däl. Attikus, eger-de men gerek bolsam men özümiňkide bolaryn. Aleksandra ejem gapa ýöneldi, birdenem salga durdy-da, yzyna öwrüldi: -Bu gün mende birhili howsalaly duýgy bolupdy, men öňünden duýupdym, Attikus,-diýip ol başlady:-Men…bu zatlaryň ählisi meniň günäm. Olary ýeke goýbermeli däldim. Men… Jenap Teýt elini galdyrdy. -Baryň, dynç almaga gidiň, hanym Aleksandra. Men düşünýän, siz çakdan aşa tolgunansyňyz. Ýöne siz özüňize ezýet bermäň…eger-de her bir öňünden syzmaga üns berip ýörseň, onda hatda ýeriňdenem gozganmaly däl, bilýärsiňizmi, edil öz guýrugyny tutmakçy bolýan pişik ýaly. Hany, hanym Gözlüje, senem entek ýadyňdan çykarmankaň, bize wakanyň nähili bolandygyny gürrüň bermäge synanyşyp gör bakaly. Bolýarmy? Siz onuň öz yzyňyza düşüp gelýändigini gördüňizmi? Men Attikusyň ýanyna bardym welin, ol meni gujaklady. Men kellämi onuň dyzlarynyň üstünde goýdum. -Biz öýümize gaýtdyk. Men: “Jim, men köwşümi galdyrypdyryn” diýdim. Biz yzymyza dolanmak isledik, ýöne şol wagt mekdepde çyralar söndürildi. Jim: “Köwşüňi ertir alarsyň” diýdi… Attikus: -Kelläňi galdyr, Gözlüje, ýogsa jenap Teýte hiç zat eşidilmeýär,-diýdi. Men onuň dyzyna mündüm. -Soňra Jim: “Ýekeje pursat gepleme” diýdi. Men pikir etdim, ol nämedir bir zat barada oýlanýandyr öýtdüm, ol özüne pikirlenmäge päsgel berseler halamaýar…soň bolsa ol özüne nämedir bir zadyň eşidilendigini aýtdy. Biz bu Sesildir öýdüp pikir etdik. -Haýsy Sesil? -Sesil Jeýkobs. Ol şu gün bir gezek bizi gorkuzypdy, onsoň bizem pikir etdik, bu ýene-de şoldur öýtdük. Ol bu gün sygyr bolupdy. Iň gowy eşik üçin bolsa baýrak berýärdiler – çärýeklik şaýy. Men ýöne ony kimiň alandygyny bilmeýärin. -Siz bu Sesildir öýdüp pikir edeniňizde niredediňiz? -Mekdep gaty golaýdadyk. Men oňa gygyrdym… -Näme diýip gygyrdyň? -“Sesil Jeýkobs – çişik towuk” diýdimmi nämemi. Ol hiç zat jogap bermedi…Şonda Jim hem “ehe-he-heý” diýipmi ýa-da başga bir zat diýipmi, bogazyna sygdygyndan, gaty-y-na gygyrdy… Jenap Teýt: -Hany birje minut garaş, Gözlüje,-diýdi:-Siz olaryň gygyrandyklaryny eşitdiňizmi, jenap Finç? Attikus: “ýok” diýdi. Onuň ýanynda radio işläp duran ekeni. Aleksandra ejemiň ýatýan otagynda-da şeýle. Ol muny anyk bilýär, sebäbi Aleksandra özüne hiç zat eşidilmeýändigi zerarly ondan öz otagyndaky radionyň sesini birazajyk peseltmegi haýyş edipdir. Attikus ýylgyrdy: -Men elmydama-da radiony doly sesine işledýärin. -A goňşularyň bir zatlar eşitmedilermikä?-diýip jenap Teýt sorady. -Eşitmedik bolaýmasalar, Gek. Hemmeler diýen ýaly agşamlaryna radio diňleýärler ýa-da ilkinji horazlar gygyranda ýatýarlar. Belki-de Modi Etkinson şol wagt ýatmadyk bolmagy mümkin, ýöne meniň çak edişime görä ol hem ýatan bolaýmasa. Jenap Teýt: -Aýdyber, Gözlüje,-diýdi. -Hawa, onsoň Jim gygyryşdyrdy, onsoň biz ýene-de bärligine gaýtdyk. Jenap Teýt, meniň kelläm, şol buduň şekili ýaly tikilen geýmiň içindedi, ýöne men eýýäm şol pursat eşidýärdim. Aýak seslerini eşidýärdim. Biz ýöreýäris, kimdir biri-de biziň yzymyzdan ýöreýär, biz durýarys, ol hem durýar. Jim oňa meniň görünýändigimi, sebäbi hanym Krenşonyň meniň eşigimi şöhle saçýan reňk bilen reňkländigini aýtdy. Men butdum. -O nähili?-diýip jenap Teýt geň galdy. Attikus meniň diri şekilleriň sahnasynda nämäniň şekilini ýerine ýetirendigimi hem-de meniň eşigimiň nähili taýýarlanandygyny düşündirdi. Ol: -Siz ol öýe gelende bir gören bolsadyňyz,-diýdi:-Onuň geýimi tutuşlygyna ýemşerdilip helemege dönderilipdir. Jenap Teýt eňegini sypady. -Men bolsa hälden bäri onuň endamyndaky alamatlaryň nireden peýda bolandygyna düşünip bilmän otyryn. Onuň ýeňleri tutuşlygyna owunjak deşijekler bilen petir bezelen ýaly. Şol deşijekleriň aşagynda birnäçe ýerde onuň elleri hem nämedir bir zat bilen deşilen. Hany maňa şol geýme bir göz aýlamaga beriň bakaly, jenap. Attikus meniň geýmimiň gözgyny galyndylaryny alyp geldi. Jenap Teýt ony eýlesine-beýlesine öwrüşdirip gördi, onuň öň nähili bolandygyna göz ýetirmek üçin bükügini ýazdy. Ahbetinem ol: -Görýän welin, bu zat Gözlüjäniň janyny halas edäýpdir öýdýän,-diýdi:-Serediň. Uzyn barmagy bilen ol meniň eşigime dürtdi. Solgun simden gözenegiň ýüzünde sypjyryklar lowurdaşyp durdylar. -Bob Ýuel özüniň näme isleýändigini bilýän ekeni,-diýip jenap Teýt hümürdedi. Attikus: -Ol öz akylynda däl bolmaly,-diýdi. -Siz meni bagyşlaň welin, jenap Finç, siz ýöne biçak ýalňyşýarsyňyz. Ol hiç hili hem däli däldi, ol diňe barypýatan näkesiňem näkesidi. Süýrenip ýören nejis, lül-gammar bolup çagalary öldürmäge batyrsyran bolupdyr, ol. Siziň bilen ýüzbe-ýüz durmaga bolsa edermenligi ýetmändir. Attikus başyny ýaýkady. -Men hiç göz öňüme getirip bilemok, adam bolan adamyň şunuň ýaly zatlary etmäge bognunyň ysmagyny… -Adamlaryň şeýlebir hili bar, jenap Finç, şolar ýalylary duran ýerinde, hiç hili buýtar-suýtar ýok etmeli, ýöne olar ýalylara hatda gülläňi sarp etmäge-de dözmeýärsiň. Ine Ýuel hem şolar ýalylaryň biridi. -Men onuň maňa öldürmek barada haýbat atan güni içini boşadandyr öýdüp ýördüm, şonluk bilenem ikimiziň aramyzdaky algy-bergi tamamlanandyr öýdüp pikir edýärdim. Eger-de oňa şol edeni az bolsa ol iň bolmanda meniň özüm bilen haklaşjak bolmaly ekeni-dä. -Äý ýog-a! Betbagt garaýagyz aýala biderek bolgusyzja ýamanlyk eden bolmak – ine ol muny, baş üstüne hemişe-de edip biler, kazy Teýlora-da, eger-de ol öýde ýokdur öýdüp pikir etse ýamanlyjak etmegiň hötdesinden geler. Ýöne, siziň pikiriňizçe, ol heýem bir siziň bilen gündiziň günortany ýüzbe-ýüz gabatlaşmaga het edip bilermi diýsene? Jenap Teýt uludan demini aldy: -Hany yzyny aýdyber, Gözlüje. Diýmek, sen onuň öz yzyňyzdan gelýändigini eşidipsiň-dä… -Hawa, jenap. Haçan-da biz garry dub agajyna ýetenimizde… -A sen şol tümlükde özüňiziň garry dub agajyna ýetendigiňizi nireden bilýärsiň? -Men aýakýalaňaç ýöräp barýardym, Jim bolsa agajyň aşagynda hemişe-de toprak biraz sowugrak diýýärdi. -Görýän welin, ony şerifiň kömekçisi etmeli boljak öýdýän. Ýeri bolýar, yzyny dowam ediber. -Şonda-da birdenkä nämedir bir zat meni garbap aldy-da, meniň eşigimi mynjyradyp taşlady…Anyk bilemok welin, men aşak oturdym-da, towlanyp onuň elinden sypdym…Soňra eşitdim, birhili dub agajynyň aşagynda kimdir birleri uruşýan ýaly boldy…edil olaryň ählisi dub agajyna tarap topulyp, ony bat bilen süsýän ýaly. Soňra Jim meni tapdy-da, ýola tarap süýräp ugrady. Şonda kimdir biri…megerem, jenap Ýuel bolaýmasa, ony dartyp aldy-da, ýere ýykdy. Olar ýene-de biraz uruşdylar, soňra birhili geň şatyrdy eşidildi…Jim bolsa şeýlebir çirkin gygyrdy… Men lam-jim boldum. Hä, gör şol şatyrdy, ine näme ekeni, şonda Jimiň elini döwüpdirler ekeni-ä. Men ýene-de dowam etdim: -Hawa, onsoň, Jim şeýlebir çirkin gygyrdy, şondan soňam men onuň sesini eşitmedim, soňra bolsa…jenap Ýuel meni tä ölýänçäm mynjyratmakçy bolan bolsa gerek…soňra kimdir biri ony meniň üstümden dartyp aldy-da, zyňyp goýberdi. Men bu Jim maňa kömege gelendir öýdüp pikir etdim. Şondan soň näme bolandygyny welin men bilmeýärin. -A soň näme boldy?-diýip jenap Teýt maňa tiňkesini dikip galaýdy. -Kimdir biri şol ýerde gezmeleýärdi, büdreýärdi, haşlap demini alýardy, üsgürýärdi…onuň edil öýkeni ýarylyp gelýärdi. Ilki men pikir etdim, bu Jimdir öýtdüm, ýöne onuň bolşy Jimiňkä çalym etmeýärdi, onsoň men Jimi sermeläp ýerden gözläp ugradym. Men pikir etdim, bu Attikus bize kömege gelendir öýtdüm, özi-de öte ýadap demini dürsäp bilmeýändir diýip çak etdim… Dowamy bar. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -4: romanyň dowamy - 13.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -25: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak -1-nji kitap -8: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |