01:12 Harris mysaly | |
HARRIS MYSALY
Publisistika
Kamala Harris (1964)… ABŞ-nyñ Prezidentiniñ kömekçisi... Onuñ "Tutalga edinen hakykatlarymyz. Amerikan başdan geçirmeleri" ("The Truths We Hold: An American Journey") atly memuaryny okadym. Şol wagt senator bolup işleýän Harris kitabyny potansial prezidentlik kampaniýasynyñ başlangyç ädimi hökmünde 2019-njy ýylda çap etdirdi. Käbir tankytçylar onuñ Obamanyñ "Kakamdan düýşler" kitabyny" gaýtalaýandygyny ýazdy. Syýasy strategiýalary birmeñzeş bolsa-da, geçen ýollarynyñ biri-birine meñzemegi amerikan hakykaty, gürrüñsiz. Harrisiñ amerikan jemgyýeti barada ýazan käbir gyzykly maglumatlaryny dykgatyñyza ýetirmek isleýärin: "- Garaýagyzlar ABŞ-daky iñ ýokary ilkinji on ölüm sebäbiniñ sekizinde akýagyzlardan has ýokary ölüm görkezijilerine eýe... - Doglandan tä ýörjen-ýörjen bolýan döwrüne çenli garaýagyz çagajyklaryñ ölüm derejesi akýagyzyñkylardan iki esse ýokarda. Bu görkeziji gulçulygyñ heniz kanuny taýdan ýatyrylmadyk 1850-nji ýyllarynyñkydanam köp... - Garaýagyz aýal-gyzlaryñ göwrelige bagly komplikasiýalar netijesinde ölme görkezijisi akýagyz aýallaryñkydan üç esse köp... - Garaýagyzlaryñ böwrek ýetmezçiligi akýagyzlaryñka garanda iki esse köpdügine garamazdan, dializ enjamlaryndan peýdalanyp bilişleri akýagyzlardan 3,5 esse az..." Goşmaça maglumat bereýin: "Gara guty" kitabymda ýigrimi ýylda 350 müñ amerikan raýatynyñ ölümine sebäp bolan opioid gerdejikleriniñ ABŞ-da nämelere ýol açandygyny Harris hem belläp geçýär. Ah, Harris, ýurdumyzda derman senagaty pudagynyñ lobbileri bular ýaly gürrüñleriñ orta atylmagyny hiç islänoklar! Ýeri bolýa, haýsy zada janyñy ýakjak diýsene. Diñe saglygy goraýyş pudagy boýunça-da däl... Harrisiñ öz ýörite ugry hukuk. Ol bu ugurdanam mysallar berdi: • DEÑSIZLIGIÑ ÖLÇEGI "- ABŞ-da girewne goýmagyñ ortaça nyrhy 10 müñ dollar. Ortaça adam başyna düşýän girdejisi 45 müñ dollar bolan ABŞ-da girdeji deñsizligi şeýle bir ýokary welin, tussag astyna alynan on adamdan dokuzy daşary çykmak üçin girew tölegini tölemäge ýagdaýy ýok… - Garaýagyz erkekler şol bir etmiş üçin akýagyz erkeklerden 35% artyk girew tölegini geçirýär… - Amerikan tussaghanasyndakylaryñ 95%-i sud hökümine garaşýan tussaglardan ybarat... - Garaýagyz erkekleriñ tussag edilme ähtimallygy akýagyz ildeşlerinden alty göterim öñde we suduñ hökümi çykanda garaýagyz erkekler akýagyzlara berilen jezalardan 20 esse köp türme tussaglygyny alýar... - Garaýagyz sürüjileriñ ýolda saklanma ähtimallygy akýagyzlara garanda 85% ýokary, garaýagyz sürüjileriñ awtoulaglarynyñ barlanmagy akýagyzlaryñka garanda üç esse ýokary..." Kamala Harris prokuraturada işlän ýyllarynda, 2007-2008-nji ýylyñ maliýe krizisinden öñ alan kreditlerini üzüp bilmändikleri üçin öýlerini elden giderenler bilen "JB MORGAN" ýaly banklaryñ arasynda araçylyk etdi. Krizis akýagyz we garaýagyz raýatlara deñ derejede täsir edenem bolsa, 2011-nji ýylda akýagyz maşgalalaryñ ýitgisi hutma-boldy, garaýagyz maşgalalaryñky bolsa 13% azaldy! - Amerikan ilatynyñ 43%-i depesine bir çatma edinip, saçagyna bir döwüm çörek tapyp, çagasyny ekläp-saklap, saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanyp, ýa-da aragatnaşyk we el telefony ýaly esasy gerek zatlaryny edinip bilenok. Indi sözümi jemläýin: • DIÑE “HARRIS” Kamala Harrisiñ Prezidentiñ kömekçisi bolup işlän on bäş aýlyk Baýden hökümetine şu gün amerikanlaryñ ynamy doly peseldi. Bu boýunça görkeziji 40%-e düşdi. Olaryñ bular ýaly ynamsyzlyga düşmeleriñ sebäbi, uly arzuw-umyt bilen Ak Tama oturdan häkimiýetiniñ ykdysady meselelere çözgüt tapyp bilmezligi... Harrisiñ kitabyny okanyñyzda, onuñ dogry aýdýandygyna göz ýetirersiñiz. Emma kitapda göze dürtülip duran bir kemçilik bar: Olam meseleleri haýsy maksatnama bilen aradan aýryp bolýandygy barada ýeke setir ýok. Harris "United Way"-yñ geçiren barlagyny ýazýar: ýurduñ baýlygynyñ 40%-i ilatyñ bir göterimini düzýän az sanly baýlaryñ elinde! Kesgitleme dogrulygyna dogry welin, girdejiniñ paýlanşygyndaky adalatsyzlygy nädip aradan aýyrmaly - "halas boluşyñ" ýoluny salgy berjek barmy? JHP-niñ AR-GE Bilim Platformasynyñ geçen hepde çap etdiren "Köşgüñ gara düzgüni deñsizlikleri çuñlaşdyrdy" beýannamasyny okadym: "– Türkiýä düşýän girdejiniñ 25%-ni iñ baý gatlagyñ 1%-i alýar... – Iş üpjünçiliginde her üç adamdan biri ýazgy edilmedik ýagdaýda işleýär… – Ýurdumyzda her üç adamdan biri işsiz... – Ekerançylyk pudagynda işe girýänleriñ sany 2002-2020-nji ýyllarda 44% pese düşdi. – Ilatyñ bary-ýogy 58%-i özüne degişli jaýda ýaşaýar... – Şahsy kredit bergisi jemi alanda taryhda birinji gezek 1 trillion liradan geçdi." Uzatmaýyn... Kamala Harrisiñki ýaly ýurdumyzyñ meseleleri dogry seljerilipdir. Emma mesele hemişe şol bir nokatda düwünlenýär: munuñ "resepti" hany? Kemal Derwişiñ başladan, Aly Babajanyñ dowam etdiren IMF programmasymy? Serediñ: Kamala Harris häkimiýete gelende 1%-lik baý gatlaga nähili boýun bolmagyñ tipiki mysalyny görkezdi. Şu gün onuñ bar edip bilýän, elinden gelýän zady - immigrantlar ýaly her kemçilige gülmek! Meger diñe "harismiş" (açgöz)… Hemişe şol bir syýasatçylary görmek juda ýüregedüşgüç gerek? Şonuñ üçinem partiýalaryñ "ugur kesgitleýji kartalaryny" görmek hökmany şert... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 25.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |