03:06 Hasaply düwünçek / hekaýa | |
HASAPLY DUWÜNÇEK
Hekaýalar
(hekaýa) Gurbansoltan eje adyndaky Enäniñ we Çaganyñ saglygyny goraýyş hassahanasynyñ arka tarapynda iki baka gezmeleýän ýaş ýigit birdenkä gapydan ýüz-gözi halparan görnüşde çykan egni ak halatly ýaş geline tarap ylgaşlap gaýtdy. Gelin añyrdan gelşine ýigidi gujaklap aglamaga başlady. - Nazarym, ýene düşdi... Gelinden beter reñ-peti gaçan ýigidiñ birbada dili tutuldy. Soñra olar biri-birine söýenşip agajyñ aşagyndaky oturgyçlaryñ birinde oturdy. Gelin durar ýerde durmady. Ahyr içi gowzan bolmaly. Bir salymdan soñ ysgynsyz dillendi: - Men mynasyp aýal bolup bilmedim saña. Çaga dogrup oñarmadym, oñarjaga-da meñzämok... - Alladan umydyñy kesme, Maral. Enşalla, çagamyzam bolar... Gelin buldurap duran ýaşly gözlerini adamsyna dikdi: - Haçan, haçan bolar? Eýýäm bäşinji gezek göwrämden çaga düşýär. Maýyp boldum, Nazar jan men. Göwrämden ýylan aýryp zyñamok. Ol biziñ janymyzdan jan, ganymyzdan gan ahyryn. Saña ýekeje çaga dogrup bersem, soñ ölsem armanym ýok... - Beý diýme. Çaga-da gerekdir welin, señ ýok ýeriñde çaga nämäme derkar? - diýip aýalynyñ öz döşüne ýassanan kellessini gujaklan ýigit "Aslynda sen maña mynasyp aýal däl-de, men saña mynasyp är bolup bilmedim..." diýip, içinden ah çekdi, yzyndanam özüniñ näme üçin aýalyna mynasyp bolmanlygyny ýatlamaga durdy... ◆ ◆ ◆ Nazaryñ kakasy Aman aga ogluna mydam şeýle diýerdi: - Oglum, adamyñ göwnüne degiji bolma. Oñarsañ arak-şerapdanam, gyz-gyrkymdanam daşda bol diýjek welin, barybir sen ony oñarmarsyñ. Meniñ özüm-ä oñarmadym. Ýöne, näme, ýaş ortalaberse, çagalaram ulalşyberse, otüki mesçiliklerdenem galyberýän ekeniñ. Jahyllykdyr bi, şol ikisini etmeli bolsañam, çen-çaky bilen edewergin. Aşa ýykgyn edilen pişe adama biabraýlyk getirýändir. Heniz manybilmez ýigdekçekä aýdylan bu söz Nazaryñ añyna daşa gazylyp ýazylan ýaly ömürlik ýazyldy. Geñ göräýmeli. Arak-şerabyñ damjasyny datman gezibilenem bolsa, gyz-gyrkymdan uzak durup bilmedi. Nazar gaýtam muny her bir erkegiñ durmuşda göräýmeli zady, edäýmeli işi diýip düşündi. "Bir neşesiz är bolmaz. Erkek diýeniñ hökman bir keýpi etmeli bor" diýip, deñ-duş oglanlary hem ony jelepçilik edip pul gazanýan zenanlaryñ ýanyna gidenlerinde özlerine ýoldaş edip alyp gitdiler. Ol bu işi mekdepde soñky synpda okap ýörkä edipdi. Nazary ýany bilen äkiden we ondan iki ýaş uly bolansoñ burnunyñ aşagy garalyp ugran Myrat oña şeýle diýdi: - Entek gyz görmedik ýaş oglansyñ. Ilki sen giräý. - Soñra süwümsiz gülküsini edip, eýýäm çykarynyp, içki otagda Nazara garaşyp duran ýalañaç gyza ýüzlendi: - Laçyn seniñki çüwdi. Enesi öpmedik ýaş oglandyr. "Oglanlygyny" alýansyñ zaññaryñ. Soñ gadrymy biler ýörersiñ-dä. - Meniñ etjek gadrym, ynha, şü! - diýip, çep eliniñ süýem barmagy bilen orta barmagynyñ ujuny birikdirip görkezen Laçynam bihaýalykda Myratdan kem galmady. Soñam utanjyrap duran Nazaryñ elinden çekdi: - Gel, onda, enesi öpmedik oglan! Nazaryñ pikiriçe, aşagynda ýatan ses etmelidi, näz edip towlanjyramalydy, garşysyndakynyñ bilinden tutup özüne çekmelidi. Emma köp çarşenbäni başdan geçiren aýbygadym zenan öz üstünde demi-demine ýetmän hyrşaýan ýigdekçäni piñine-de alanokdy. Gaýtam ol, ikibaka şalkyldap ýatan göwüslerini bir eli bilen tutdy-da, ýassygynyñ gapdalynda duran günebakar çigidinden doly tarelkany öñüne çekdi we çigit çigitläp başlady. - Aý oglan, bolmadyñ-maý? Nazaryñ haýrany hekgerdi. "Bu utançsyz artybyny ýerden tapyp alan ýaly-la. Bolup ýatyşy dagy näteñet. Ýa-ha munuñ o ýeri giñäp ganar halta öwrülip gidipdir, ýa-da köp erkek bilen ýatyp-turmadan ýaña ýüzi eşegiñ hamy ýaly galñapdyr" diýip pikirlenen Nazar onýança işini boldum etdi. Soñam hammama girjek boldy. - Dur-how, nirä barýañ? Mamañ öýi ýok bärde. Öýüñe baransoñ ýuwunar ýörersiñ. Öñem hozýaýka babulýany zordan yrdym. Eline bir çüýşe akmämmet bilen zakuskasyny berensoñam, nokgy-nokgy edip, ýüzüme ýalmanyp dur. Ahyryn birneme pulam bermeli boldy. Güjüjegini gezdirip geler häzir, olam bir bir ýerlerden - diýip, soñuny kikirdä ýazan Myrat çykarnyşyna içki otagda ýatan ýerinde çigit çigitläp oturan Laçyna tarap ýumlukdy. Ikinji gezegem. Üçünji gezegem... Şeýdip-şeýdip Nazaryñ bitertip jynsy gatnaşyga bolan ilkibaşdaky ýygralygy zym-zyýat boldy. Hatda ol indi ilkinji gezek ýatyp-turanda gören zenanyñ bolşundanam beter utanç-haýasyz bolup gitdi. Adamyñ gözi bir gaty zada öwrenişse, soñam şoña endik ediberjek ekeni. Öñler diñe jelepçiligi pişe edinen zenanlaryñ ýanyna barmak bilen çäklenýän Nazar soñabaka ýolda-yzda sataşýan görmegeý we asylly zenanlara-da gözüni aýlap başlady. Yryp bilenini yrdy. Kimi saña öýlenjek diýip aldady, kimi tä ölýänçä söýjek diýip ýalan sözledi... Şeýde-şeýde ýigrimi bäş ýaşady. "Gymzy ýanmyşlaryñ yzynda tozup gitmänkäñ, aýagyñy bir duşaýyn" diýip, köne jalaý Aman aga ogluny öýerdi. Ilde-günde görülmedik deñli-derejeli, tutumy giñden tutulan toý boldy. Gymmatbahaly bagşylaryñ birnäçesi diýen puluny alansoñ, aññyra-aññyra durar ýerde durmadylar. Toý märekesi sowulşansoñ, geljek-gitjegiñ aýagy çekilşensoñ, Aman aga ogluny ýanyna çagyrdy. Ol ýylgyrjaklap duran Nazara buýsanç bilen seretdi: - Ýeri-how, tomus öýlenen gul ýaly ýyrş-ýyrş edip durşuñdan-a çolpyña bir zat ilene meñzeýär. Gurtsuñ-da hernä?! Nazar düşünmedim diýen terzde egnini ýygyrdy. - Haý, tüntaw ekeniñ sen-ä. Sülük ýaly gyzlaryñ hözirini görübildiñ birsellem. Indi gurt bilen tilkiniñ parhyny bileñokmy? Nazar düşündim diýen manyda başyny atdy. Gurtlugyny aýtmaga utanyp, ýere bakdy. Aman aga sözüne dowam etdi: - Diñle meni, oglum. Herki zadyñ çeni ýagşy. Öýlenýänçäñ towguňa tok diýen däldirin. Jahyllygyñ joşunda ýaýnabilensiñ. Indi maşgalañ bilen bol. Haý diýmän bäbejigiñiz bolar. Iki aýakly iki günde. Näçe jalataýlyk etsegem bir zada düşünmändiris. Asyl keseki heleýleri hezil etdirmänimizde-de özümiziñkiden artjak zady ýok eken. Üýşenjesini her gün agşam çagalar uklansoñ öz heleýiñkä eñteribermeli eken. Arman, ömri gysga boldy. Ýañy bir aklymyza aýlanyp, öý-işige ýygnandyk welin, gidiberdi-dä, neresse... Aman aga mundan soñ geplemedi. Nazar hem öñünde duran çaýly käsäni boşadyp, öz otagyna geçdi. Ondan soñ esli wagt geçdi. Nazaryñ aýaly Maral "düşeginde gapyp alýar" diýleni bolup çykdy. Aýalynyñ göwresinde çaga galandygyny bilen badyna kakasynyñ soñky pendine uýan Nazar, näler göwni isleýänem bolsa, başga gyz-geliniñ ýanyna barmady. Ol aş saýlaýan gelniniñ aýagyny ýere degirtmedi. "Ejem pahyryñ ady gelse bolýar" diýip, ýaş gelniñ baldyzlary hem gelnejelerine el-aýak bolup, ýatan çöpi galdyrtmadylar. Şeýle-de bolsa, çyrçykly Maralyñ saglygy ugruna gidibermedi. Göwresinde çaga galanyna dört aý bolanda maşgala lukmany oña biliniñ gowşaklygyny, sähel hereket etse garnyndaky düwünçegiñ aşak süýşýändigini aýdyp, oña şäheriñ pylan ýerinde ýaşaýan bir tebip aýala bilini dañdyrmagy maslahat berdi. Maral aýdylyşy ýaly hem etdi. Muña garamazdan bilini dañdyranyndan soñam sanjysy tutmasyny goýmady. Şondan iki aý geçende garnynyñ sanjysy hasam güýjedi. Gije ýarymdan soñ ykgy-çokgusy artyp başlan gelniniñ buruljyrap ýatanyna aljyran ýigit birbada näme etjegini bilmedi. Demsalymdan özüni dürsäp ýetişen Nazar "Tiz kömege" jañ etdi. Haýal etmän gelen lukman Maralyñ ýagdaýynyñ öwerlikli däldigini görüp, ony özleri bilen alyp gitdi. Gelnejelerini ýeke goýbermejek bolup, Nazaryñ bir gyz jigisi-de "Tiz kömege" münüp gitdi. Ýene birki sagatdan iş smenasyny tabşyryp gelmeli bolansoñ, kakasyna jañ edip durmady. Nazar öýde galan jigilerine ony-muny tabşyryşdyrdy-da, özem hassahana tarap eñdi. Näsagyñ adamsy bolanynamy nämemi, hassahananyñ içinde hiç kim ony saklamady. Maraly entek palata geçirmän ekenler. Nazar iki aýagyny galdyryp, urnup ýatan gelnine gynanç bilen göz aýlady. Dogrusyny dogry aýtmaly, lukmanlar gelniñ daşynda hozanakdy. Onýança erkek ginekologlaryñ biri eline rezin elligini geýip, iññildäp ýatan gelne golaýlaşdy. Ozalam eli-aýagy saññyldap duran Nazaryñ gany depesine urdy. Ol bat bilen barşyna elini gelniniñ açyk buduna golaýladan lukmanyñ elinden tutdy. Bat bilen her ýüzüne bir şarpyk çaldy. - Edýäniñ näme, haramzada?! Zarply degen taýly şarpyga gözlerinden ot çykyp giden lukman aljyramady. Gaýtam Nazaryñ özüne azgyryldy: - Näme aklyñdan azaşdyñmy? Men etmeli işimi, öz borjumy ýerine ýetirýärin. - Ol Nazara gygyrany bilenem oñmady. Ýanyndaky aljyraşyp duran şepagat uýalaryna jabjynyp başlady: - Näme üçin agyr ýagdaýdaky näsagyñ ýanyna adam goýberýärsiñiz? Şepagat uýalary çykalga gözledi: - Tuwak Mämmedowiç, ol näsagyñ adamsy ahyryn... - Bolup geçsin! Gel-eýý, ýigit, geý elligi, özüñ halas et aýalyñy. Lukman Nazary köşeşdirmekden geçen, gaýtam onuñ özüni alarladyp barýardy. Hernä Nazar lukmanyñ öñünde ýöwsellemedi. - Eý, götden bolan! Şu giñ şäheriñ içinde, şu uly hassahanada aýal ginekolog gyryldymy indi? Bar, gabyr bol şu taýdan, eneñden dogmadyk ýaly edýän ýogsa! Näsaglar bilen, olaryñ hossarlary bilen şeýle gürleşýärsiñizmi? Ertiriñ özünde üstüñden prokuratura arz edip ýoguñy tapdyraryn seniñ!! Öñe dyzan Nazary zordan sakladylar. Arz ederin diýen sözi eşiden lukmanyñ öñki dyzmaçlygyndan nam-nyşan galmady. Ol Nazara golaýlaşdy-da: - Gahar kapyr diýipdirler. Hany, köşeş! - diýip, ony stulda oturtdy. Soñra şepagat uýalarynyñ birine ýüzlendi: - Hany bir stakan suw äber. Hödürlenen suwy başyna çeken Nazaryñ gahary köşeşen ýaly bolsa-da, özi bir ýerde durup karar tapmady. Aýalynyñ zaryn iññildisi janyñy alyp gelýärdi. Iññildi ýuwaş-ýuwaşdan galyşdy. Onýança ýañky lukmanyñ ýerini çalşan zenan ginekolog sellofan haltajyga dolanan bir ýumşak zady getirip, Nazaryñ eline tutdurdy: - Ýoldaş Amanow! - Şeýle dälmi diýen manyda özüne dikanlan Nazaryñ baş atmasyndan soñ ol sözüne dowam etdi: - Çuññur gynanjymy bildirmäge rugsat ediñ. Düwünçek ýigrimi dört hepdelik Dogulmak mümkinçiligi ýok. Onuñ hereketden galyp ejesiniñ göwresine ýapyşyp galanyna eýýäm sekiz hepde bolupdyr. Düwünçege entek jan girmänkä biliñi dañdyrmak bilini dañdyran üçinem, onuñ icindäki çaga üçinem howpludyr. Galyberse-de, aýalyñyzyñ ýatgysyndan gerpes taýajyklary tapyldy. Aýalyñyzyñ asylly maşgaladygy görnüp dur. Siziñ özüñiz "saga-çepe" giden wagtlaryñyz bolupmydy?! "Onda-da nähili gidipdim..." diýip, daşyna çykarmadygam bolsa, içinden pikir öwren Nazar uludan demini aldy. Ýigidiñ bolşuna düşünen lukman oña soñky sözüni aýtdy: - Näsag on bäş-ýigrimi günden aýaga galar. Ýöne alty-ýedi aý çydajak bol, ýanyna baryjy bolaýma. Ýatgy diwarynyñ ýüzünde tüýjagaz şekilli ösüntgiler bolýar. Şol ösüntgiler hem tohumlugy saklaýar. Häzir ösüntgileriñ gyrylandygyna görä, çaga galmak mümkinçiligi ýok. Maslahatymyzy alman aýalyña ýanaşsañ, gury ony kösäniñ galar. Senem, olam bejergi almaly bolar. Gerpes taýajyklary doly ýok bolup gidýän wirus däldir. Hernäme-de bolsa, aljak bejergiñiz onuñ prosentini aşakladar. Dagy-duwara-da şol işi ediji bolaýma! Gözlerini ýaşa dolduryp çykyp barýan ýigidi erkek ginekolog ugratdy: - Giñ bol, inibatyr. Entek başyñyz ýaş. Nesip bolsa, çagañyzam boluberer. Nazar oña sag bol diýmedigem bolsa, awtoulagynyñ aýnasyndan elini galgatdy. Ol eline tutdurylan sellofan pakedi öñki oturgyjyñ üstünde goýdy. Ýola düşensonam ýaşly gözlerini pakede biygtyýar aýlady... Ol gapyny kakanda kakasy garşylady. Eýýam bar bolup geçen zatlardan habarly Aman aga ogluna göwünlik bermäge synanyşdy. Özem edil Nazary ugradan lukman bilen dilleşen ýaly, onuñ aýdanlaryny gaýtalady: - Giñ bol, Nazarym. Entek başyñyz ýaş. Nesip bolsa, çagañyzam boluberer. Nazar bu gezek kakasyny diñlemek islemedi. Ömrüne birinji gezek kakasynyñ üstüne gygyrdy: - Ýok, kaka, ýok. Belki, bolar, belki-de bolmaz. Oña şekim ýok. Ýöne seret, ynha şu paketdäki ganly düwünçege seret. Ol meniñ bagrymdan önen perzendim. Ol seniñ zürýadyñdan bolan zürýat. Oña heniz jan girmänkä enesiniñ garnynda ölüp gidipdir. Heniz düwmäge ýetişmedik pyntykka garaköýük bolup gidipdir.. - Nätjek, ogul. Bulam bolmalysydyr-da... - Ýok, bolmalysy däl. Muny özümiz etdik, men etdim, sen etdiñ. Hawa, sen etdiñ kaka. Eger birwagtlar tenini bäş şaýa satyp ýören jelepleriñ golaýyna baraýmagyn diýen bolsadyñ, bu sellofan haltajykdaky ýatan häzir gana bulaşyp öñümizde ýatmazdy. Alla berse ýene üç aýdan jägildäp bosagamyzdan girerdi... Sellofan pakedi eline alan Aman aga onuñ içine seretdi. Birwagt hereketden galansoñ ýygrylyp, gyzyletene guşuñ çagajygy ýaly naşyja hemem bigünä bäbejigi göreniñde, ýüregiñ gyýylmaz ýaly däldi. Oglundan beter bozulan Aman aga häzir nirä başyny urjagyny bilmedi. Uludan dem aldy. Gapynyñ agzynda seteran durup, kakasynyñ we erkek doganynyñ halyna gyýylşyp duran gyzlar ylgap gelip, Aman aganyñ gujagyna doldular. Elýaglygyny zordan jübüsinden çykaryp, ýüzüniñ derini sylan ýaşuly mundan soñ çydam edip bilmedi. Öz eden säwliginiñ, beren terbiýesiniñ, eden ýekeje ýeñles pendiniñ gelip-gelip nirelerden urup çykyşyna añk bolup galan Aman aga horkuldap aglamaga başlady... ◆ ◆ ◆ Nazar özüne ýassanyp dem salym ymyzganan aýalyny oýarmaga dözmedi. Ol aýalynyñ saçlaryny sypalap birsellem durdy. Maral birdenkä tisginip oýandy. - Ýör, men seni palataña salyp gaýdaýyn -diýip, ol aýalynyñ egninden galdyrdy we bileje tirkeşip hassahananyñ arka tarapdaky gapysyndan ätledi... © Has TÜRKMEN. | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |