22:26 Hatarymyz belli | |
HATARYMYZ BELLI
Publisistika
Nemesler Birinji jahan urşundan ýeñlip çykdy. Ýeñiji güýçler (ABŞ, Angliýa, Fransiýa we beýleki soýuzdaş döwletler) 1919-njy ýylda Wersal şertnamasy esasynda Germaniýa 132 milliard mark agyr kontribusiýa salyp, ykdysady taýdan ýumrujy şertleri boýnuna dakdy. Senagat önümçilik sebitleri Millerler Ligasynyñ garamagyna berildi. Ýerleriniñ 13 göterimi elinden alyndy, goşuny demobilizlendi, suwasty gämilerini we uçar öndürmek gadagan edildi, garamagyndaky gämileriñ barsy alyndy we ş.m. 1933-nji ýylyñ nasistik diktaturasyna barýan ýoluñ öñüni Wersal şertnamasy açdy. Gitler bu şertnamasyny ýyrtyp zyñjakdygyny aýdyp, Germaniýada faşizmi gurdy. Aýdyşy ýalam etdi: 1939-njy ýylyñ 1-nji sentýabrynda Wersal şertnamasy esasynda elden gideren ýerlerini yzyna almak üçin Polşa girdi. Ýeri... bir soragym bar: Gitleri anti imperialist hasaplap bolarmy? Hawa, hawa: ol imperialist boýunturyga garşy garaşsyzlyk göreşini alyp bardymy? Hawa! Hawa-la: ol döwletleriñ tebigy baýlyklaryny sümürip alýan daşary ýurt kapitalyna garşy göreşdimi? Göreşdi! Bular size absurd ýaly bolubam görnüp biler. Dogry. Emma "anti imperialist" kesgitlemesi biziñ günlerimizde sahylyk bilen her öñýeten syýasy herekete mynasyp görülmeýärmi näme? Ne ideologiýa gözlenýär, ne-de syýasy pozisiýa! Meselem: Taliban anti-imperialistmi? Sowalymyñ dogry jogabyny almak üçin käbir maglumatlary orta dökeliñ: • TALIBAN GENOSIDI Owganystany 1996-2001-nji ýyllar arasynda dolandyran Taliban näme işleri etdi? Taliban Owganystanda ýaşaýan hindi ilatyna (Faşistik Germaniýanyñ jöhitlere edişi ýaly) tapawutlandyryjy nyşan (znaçok) dakmak düzgünini girizdi. Şeýle-de, Taliban musulman däl ilatyñ ýaşaýan jaýlarynyñ üçegine sary matadan tapawutlandyryjy ýörite bellik goýmagy buýurdy. Musulmanlaryñ aralygy saklamagy üçin musulman däl aýal-gyzlaryñ ýörite alamatly sary eşik geýmelerini mejbury şert edip goýdy. Musulman däl halka ybadathana gurmagy, musulman dälleriñ musulmanlary tankyt etmegini gadagan etdi. Ýurtlaryndaky iñ soñky jöhitler bolan Zablon Simintow we Isaak Lewi özleri hakyndaky çykarylan karara nägilelik bildirendikleri üçin Taliban tarapyndan türmä atyldy. Çünki Talibanyñ kararlary gürrüñsiz ýerine ýetirläýmelidi! Musulmanlara-da şuña meñzeş zorlukly düzgünler girizildi: Mysal üçin, şaýylary tekfir etmekde (yslam hukugynda bir musulmanyñ başga bir musulmanly kapyrlykda aýyplamagy -t.b.) - kapyrlykda aýyplady. 1998-nji ýylyñ awgust aýynda Mazary-Şerifde aglabasy şaýy hazareýlerden sekiz müñ adamy öldürdi. Etniki saplaýyş geçirmek maksady bilen adamlary konteýnerlere dykyp demikdirip öldürdiler. BMG-nyñ 55 sahypalyk habarnamasynda berilýän bir maglumatda Taliban 1996-2001-nji ýyllarda Owganystanyñ demirgazyk-günbatar sebitlerinde gözegçiligini berkitjek bolup, ýönekeý raýatlara garşy "15 sistematik gyrgynçylyk" amala aşyrdy. Haýsy eden-etdiliklerini sanajak... Taliban haýyr-sahawat guramalarynda işleýän daşary ýurtlylary "Owganystanda hristianlygy wagyz edýärler" bahanasyna duwlanyp, sud etmän öldürdi. Täjik, özbek, hazareý döwlet işgärlerini esasly ýa esassyz bolsun, tapawudy ýok - wezipelerinden çetleşdirip, ýerini puştunlardan doldurdy. A medeni ugurda eden ýykgynçylyklary näme? Taliban owgan halkynyñ taryhy we medeni mirasyny ýok edip, medeni genosidi-de amala aşyrdy. Mysal üçin: Owganystanyñ Döwlet muzeýine hüjüm etdi, muzeýde saklanýan ýüz müñ eseriñ 70 müñüni ýok etdi. Puli Khumri halk kitaphanasynda saklanýan 50 müñden gowrak gadymy golýazmalary ýakyp, külüni göge sowurdy. Bamýan jülgesindäki taryhy gymmaty bolan Budda heýkelleri ýaly ýurtdaky ähli heýkeleri dinamit bilen ýaryp, asmana uçurdy we ş.m... • HAÝSYSY HAS ÝABANY Partiýa gurmak, saýlawlar geçirmek beýlede dursun, Talibanam gitlerçi faşizm ýaly "ýabany hasaplaýanlaryny" ýakdy-ýok etdi, gadagançylyk girizdi: Aýdym-sazy gadagan etdi. Köp sanly kompozitora, sazandalara hüjüm etdi, öldürdi. Medeni çäreleriñ geçirilmegine, konsertleriñ berilmegine ýol bermedi... Surat çekmegi, fotosurata düşürmegi, futbol oýnamagy, batbörek uçurmagy, küşt oýnamagy, telewizory, kinomatografiýany, interneti gadagan etdi... Kepderi we beýleki eldeki haýwanlary saklamagy gadagan etdi... Erkekleriñ sakallaryny syrmagy gadagan etdi: selle oranmak talap edildi. Aýal-gyzlaryñ işlemegi gadagan edildi. (Talibandan öñ mugallymlaryñ aglaba köpçüligini zenanlaryñ düzýändigi üçin bu gadagançylyk mekdepleriñ köpçülikleýin ýagdaýda ýatyrylmagyna getirdi.) Ýanynda erkek hossary bolmazdan aýal-gyzlaryñ köçä çykmagy gadagan edildi. Beýleki bir tarapdan: Puştun bolmadyk toparlardan aýal-gyzlary (jynsy maksatly hem) gyrnak hökmünde ulanmak üçin zorlukly alnyp gaçylmagyna-bazarlarda satylmagyna göz ýumdy? Diñe şularmy? Taliban narkotiki serişdeleriñ söwdasyny "ýabany" saýmady. Owganystanyñ haşhaş ekilen meýdanlarynyñ 96 göterimine gözegçilik etdi. Göknary iñ uly girdeji çeşmesine öwürdi. Çünki göknar "eksportyna" salynýan salgytlar Talibanyñ uruş ykdysadyýetiniñ düýp daýanjy boldy. Narkotiki serişdeler babatda pikirleri kesgitlidi: kapyrlara zyýan edýändigi üçin neşe söwdasyny etse bolar! Päkistanyñ bazarlaryny agaç önümleri bilen üpjün etmek üçin millionlarça gektar arça we kedr tokaýlarynyñ ýok edilendigini-de bellemän geçmek bolmaz. Netijede: Taryhy yza serpilen hatarda bolup, ösüşiñ tarapdary bolan progressiwligi undalyñmy? Ösüş - adamzadyñ özgerişidir, kämilleşmegidir! Şonuñ üçinem her dürli yzagalaklyga garşy çykmalydyr... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |