04:02 Hatyra | |
HATYRA
Goşgular
...Gitdi Gurbannazar, Halyl, Italmaz, Onsoñ neneñ, ýeri, niçik ot almaz. Neçün ajal zehinlerden ar alýar, Dostlar gitdigiçe, dünýä daralýar. Ah, daralýar ýürekleriñ damary, Ajal ýagşyn alýar, goýup ýamany. Bilmek kyn durmuşyñ öwrüm-aýlawyn; Türkmenim aldyrdy birden Saýlawyn. Süýnüp gitdi edebiýat ýyldyzy, Epmändi ýüregni, epmändi dyzy. Iliniñ derdidi ýürek ýarasy, Beýikleriñ geler durar ýanasy. Ýana-ýana ýagtyldýarlar dünýäni, Etmekçi dünýäni olar gül ýaly. Il derdine ýanyp geçýär beýikler, Ömri bilen il göwnüni seýikläp, Ýazanna siñdirip göwün ýiligin, Saýlaw goýup gitdi Diriligin. Bu gün elli ýaşy Saýlaw Myradyñ, Türkmenim, köp bolsun şeýle zürýadyñ! ■ SYNAG Yşka düşen ýigidi, Gyzlaryñ näzi synar. Baglañ miwe berişin, Diýaryñ güýzi synar. Gül Watana söýgiñi Watanyñ duzy synar. Dosty synajak bolma, Durmuşyñ özi synar. * * * Biriniñ göwnüne degen pursadym, Öz göwnüme degýänime düşündim. Birini güldürsem, giñäp gursagym, Özümiñem gülýänime düşündim. Syrymy aýtsam mähek daş-daga, Syrymyñ syr bolýanyna düşündim. Ene deý garasam, ene topraga, Eneli-de bolýanyma düşündim. Dünýäde bir kişä etsem ýagşylyk, Özüme haýyr edýänime düşündim. Gansyz garynjany basmak - wagşylyk, Kalbyma gan öýýänine düşündim. Bu durmuşyñ gyş däldigne hemişe, Aglaba ýaz bolýanyna düşündim. Köp zatlara ýaşap, soñ düşünmäge, Bir ömrüñ az bolýanyna düşündim. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |