15:57 Hatyra goşgusy | |
HATYRA GOŞGUSY
Goşgular
S.Gurbanowa Birden-birden ýürek düşýär howsala; Tanyşlar gidipdir, dostlar gidipdir, Ýalanlar gidipdir, rastlar gidipdir... «Gel, obamyň lälesini» joş alyp, Aýdan gyzyň gulagymda owazy. Birehim bolsa-da wagt diýeniň, Ýüzümi ýelpedi ýaşlyk howasy. Men ajy habary eşidip munda, Misli bir düşekde ýatan hassadym. Wagt hem birehim, hem rehimdardy, Neneň-niçik egsip bolar hasratyň?! Ýöne gulaklardan gitmez owazy, Ondan bäri ýarym asyr geçipdir. Çünki ýaşlygymyz ýatyr aýdymda, (Ýaşlyk weli bizi taşlap gaçypdyr). Göz öňümde aýdym aýdan pursaty, Gussa gaplap aldy birden gursagy... «Gel, obamyň lälesini» aýdanlar Bir ýa iki däldi, olar agdykdy. Annaberdi Atdan, Güljan, Aýdogdy... Ony ilki aýdan Myrat Sadykdy. Sogrulyp-sogrulyp gitdiler olar, Indem Sonagülüň nobaty eken. «Obamyň lälesi» ýetim galypdyr, Olary ýatladym ýekänme-ýekän, Hoş, alçak gyz, hoş, bälçik gyz, hoş, uýam. Uçduň bakylyga bagt guş, uýam!.. | |
|
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |