09:14 Haýle Selassiýe | |
Taryhyñ akymyny üýtgedenler
Taryhy şahslar
EFIOPIÝANYÑ IMPERATORYNYÑ ÖÑÜNDE ÜÇ GEZEK EGILMEK: HAÝLE SELASSIÝE Bir adama imperatorlygyñ diwanynda nejaşy bilen duşuşmak mümkinçiligi berilen bolsa, ol adam nejaşynyñ huzuryna çykýança üç gezek egilmeli bolýardy: Ilki bilen zalyñ agzynda, soñ ýoluñ ortasynda, iñ soñunda-da imperatoryñ öñünde duranda "Rim imperiýasynyñ yza tesişiniñ we çöküşiniñ taryhy" kitabynyñ awtory Edward Gibbon şeýle ýazýar: "Efiopiýalylar müñ ýyllap ukladylar we şonda özleri bilen birlikde dünýäni-de ýatdan çykardylar". 1954-nji ýylda Addis-Abeba giden bir fransuz ýazyjysy howa menzilinden şähere girip barýarka duýdansyz ýagdaýda öñüñden "Rolls Royce" awtoulagynyñ peýda bolandygyny, dowar sürüsiniñ haýdap bir gyra sürülendigini, eşekleriñ üstünde käbir adamlary görendigini we hemmeleriñ egilip durandygyny görendigi hakda aýdýar. Ýazyjynyñ aýtmagyna görä, bu ýöne bir öñe tarap egilmekden ybarat bolmandyr, hut adamyñ döşüniñ ýer bagyrtlaýan şekilde tagzym etmegidi. Efiopiýanyñ imperatoryna "nejaşylaryñ nejaşysy" ("patyşalaryñ patyşasy") diýlipdir. Bir adama imperatorlygyñ diwanynda nejaşy bilen duşuşmak mümkinçiligi berilen bolsa, ol adam nejaşynyñ huzuryna çykýança üç gezek egilmeli bolýardy: Ilki bilen zalyñ agzynda, soñ ýoluñ ortasynda, iñ soñunda-da imperatoryñ öñünde duranda. Haýle Selassiýe (Doly ady: Ras Tafari Makonnen) / Fotosurat: Wikipedia 1892-nji ýylda Hararda doglan imperator 1917-1974-nji ýyllarda ýurdunyñ iñ güýçli adamy boldy. Imperator bolanda oña Tafari Makonnen ady berildi. Kakasy imperator Menelik II-niñ baş geñeşdarydy. Gyzy Taitu 1917-nji ýylda imperatrisa bolanda Tafari Makonnenem wekil we mirasdüşer şazada boldy. Taitunyñ aradan çykmagynyñ yzyndan Haýle Selassiýe ady bilen täç gevdi. Mussolininiñ 1935-nji ýylda Efiopiýany basyp almagy bilen ýurtdan gaçyp gitdi. 1941-nji ýylda tagtyna dolanyp geldi we görlüp-eşdilmedik awtokratik hökümet gurdy. Şol bir wagtyñ özünde Efiopiýany Afrikanyñ iñ esasy ýerleriniñ birine öwürdi. Ol Efiopiýany öz köşgüni dolandyryşy ýaly dolandyrýardy. Aşpezler bilen baglaşylan şertnamalara we ilçileriñ sumkasyndaky habarnamalara çenli hemme zady hut özi gözegçilikde saklaýardy. Okuw jaýlaryna garaşylman durka baryp, olardan bir gün öñ haýsy sapaklaryñ geçilendigini we näme okandyklaryny sorardy. Haýle Selassiýäniñ agalygy belli bir sepgide çenli heýjan döredip biljek derejede üýtgeşikdi. Şol sanda Selassiýe Efiopiýany döwrebap eýýama ýetiren adamdy. Elmydama ýurdunyñ Bilim ministri bolup işlemegi arzuw etdi. Imperator Haýle Selassiýe 1974-nji ýylda polkownik Mengistu Haýle Mariamyñ ýolbaşçylygyndaky çepçi döwlet agdarylyşygy bilen tagtdan agdaryldy. Polkownik Mengistu Haýle Mariam Haýle Mariam bilen birlikde gelen "öñdebaryjylyk" netijesinde bir milliondan gowrak adamyñ ölen graždanlyk uruşy başlady. Gahatçylyk döwründe ýene bir million adam öldi. Sudan ýaly goñşy ýurtlar bilen gandöküşikli uruşlar bolup geçdi. Şol bir wagtyñ özünde has düýpli we täsirli beýleki bir waka bolsa, režime garşy alnyp barylan uruşyñ yzyndan Eritreýanyñ garaşsyzlygynh gazanmagydy. Mengistu Haýle Mariamyñ ömri Zimbabwede syýasy gaçgak bolup soñlandy. Onuñ ýurtdan gaçmagynyñ yzyndan Haýle Selassiýäni köşgünde öldürendigi ýüze çykdy. Imperatoryñ jesedi zalyñ polunda beton plitanyñ aşagyna gömülen eken. Az-owlak gara ýumora garyp aýtmaly bolsa, "bu gezek häkimiýet başyna dolanyp gelmek başartmady". Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 08.05.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |