14:18 Haýsy halyflyk | |
HAÝSY HALYFLYK
Publisistika
Şu günler ýurduñ üns merkezine "halyfat isleýäris" sözi sokuldy! Marjinal toparlaryñ imperial nostalgiýa bilen edýän bular ýaly tamalary wagtal-wagtal agzalyp durýar. Aslynda üstünde duranyña degýän mesele-de däl. Emma "režim gorkusyny" düşünjesiniñ merkezine oturdan "biziñ syrgynymyz" bular ýaly çapraz talaplara köp üns berýär! Halyflyk Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) döwründen soñ başlan bir müñ dört ýüz ýyllyk jedel. Halyfy-Resulallanyñ ýerini alaýmak añsatmy? Emewileriñ syýasy agalygy kesgitli ýagdaýa getirmek üçin soltanlyklaryny halyflyga öwürmeleri jedeli hasam ulaltdy: Gurhanyñ ikinji we otuz ýedinji aýatyna görä, halyflyk Hezreti Adam ata we Hezreti Dawut pygamberlere (a.s) degişli bolupdyr. Hadyslarda halyflygyñ ömrüniñ otuz ýyldygy aýdylýar. Ýagny, Hezreti Aly (r.a) bilen halyflygam soñlanýar. Soñlugy bilen bu ady abbasylar ulanypdyr: "Hulafaýy-Raşidin"... Anadolyda diñe Osmanly däl, Aýdyñogullary türkmen begliginden Isa beg 1380-nji ýylda seljuklaryñam almaga het edip bilmedik “halifetü Resulillah Fil-mümin” ("Pygamberiñ möminleriñ arasyndaky halyfy") ünwanyny aldy. Diýarbekiriñ Uly metjidiniñ gapysyndaky seljukly ýazgysynda seljuk hökümdarynyñ özüni "Allanyñ halyfynyñ kömekçisi" ("mu’in-i halifetullah) hasaplaýandygy aýdylýar. Anadolydaky tasawwuf toparlanmalarynyñ üstünde agalyk sürmek islän Osmanly halyf adalgasyny "Allanyñ ýer ýüzündäki wekili" (halifetullah) görnüşinde ulanypdyr. Şeýle-de... Halyfat üçin kureýş neberesinden bolup-bolmazlyk meselesi hemişe jedelleşip gelindi. Musulmanlaryñ hemmetaraplaýyn öñbaşçysy kim bolmaly çekişmesi hiç gutarmady... * * * Ýazjak bolýan zadym halyflygyñ taryhy däl: Ibn Teýmiýeden Gazala çenli halyflygyñ syýasy gural hökmünde ulanylmagy... Ýurdumyzdaky bisowatlar topary "halyflyk isleýäris" talabynyñ ilkinji nobatda selefi-saudlar bilen birlikde birgiden topary we ýurdy Türkiýäniñ garşysyna möçükdirjekdigine düşünmeýär! Özem Riýad konfliktinden soñ "halyflyk isleýäris" diýip gygyrmak, şowhun turuzmak akla-huşa sygjak zat däl. Çünki: Halyfat merkezli din-häkimiýet gatnaşygy özeninde ylahyýetiñ däl-de, syýasatyñ meselesidir! Osmanlyda halyf ünwany XVIII asyrdan soñ bu ýerleriñ musulmanlaryna howandardygyny ýatlatmak üçin Orsyýete garşy göreşde has köp öñe saýlandy. Ors ýaýylmalaryna garşy ilkinji gezek halyflyk galkan edildi. Özem: Imperialistler ýurtlary bölüşip bilmän özara uruşmaga başlanlarynda, halyflygy syýasy manyda ulanmagy ýörgünleşdiren iñlisler boldy: Osmanly halyfyndan Hindistandaky we Owganystandaky gozgalañlary basyp ýatyrmak üçin kömek sorady. Şeýle ýagdaýda ABŞ-da Filippin adalary üçin haýyş etdi... Soltan Abdylhamyt II halyflygy syýasy pozisiýa oturdan ilkinji patyşa boldy: panislamizm... Şu günüñ jahylyýeti-de gutaraýarly däl: Osmanly modernistleri we ittihatçylary bu pragmatist syýasaty oñlady. * * * Osmanlynyñ nemes täsirine girmegi iñlisleri bu gezek başga ugra gönükdirdi: Osmanly halyflygyna garşy arap halyflygyny goldamaga başlady. Bu strategiýa arap nasionalizmine garşy din merkezli arap kimligini kemala getirmekde-de ýardam edipdi... Angliýanyñ Propoganda ministrligi jedeli gaýtadan gyzdyrdy: "- Halyf hökman kureýş neberesinden bolmaly!" "Hürriyet we Itilaf" hereketinden "Iñlisleriñ dosty" ("İngiliz Muhipleri") jemgyýetine çenli Stambuldaky iñlisparaz toparlar bu gara propogandalaryñ oýnatgylaryna öwrüldi. Meselem, "dinsiz mason ittihatçylar" we ş.m... Birinji jahan urşy "nemesçi osmanly" bilen "iñlisçi arap" halyflygyny garşyma-garşy getirdi. Araplar iñlisleriñ "yslamyñ duşmany Osmanla garşy söweşmek jaýyzdyr" propogandasyna güp ynandy... Häzir... "Halyflyk isleýäris" diýip gygyrylmagyny Erdoganyñ "Saudlar bilen dostlugymyzy hiç kimse bozup bilmez" sözleri bilen bile analiz etmeli. Tötänlikmi? Serediñ: Din bilen döwletiñ iki dogan bolmagyny Gurhanam aýdanok, real hakykatyñ düşündirişi-de beýle däl. Halyflyk aslyýetinde gumanitar taryhy organdan başga hiç zat däl. Yslam çeşmeleri halyflygy Allanyñ ýer ýüzündäki düzgün-nyzamynyñ kepillendiriji hökmünde görenok. Jahylyýet bilen hurafa jana-jan dogandyr. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |