23:08 Haýsy kelle | |
HAÝSY KELLE
Publisistika
Soñky döwürde pensiýadaky ilçileriñ kitaplaryny okadym: – Müfit Özdeş "Diplomatyñ ýandepderçesi" (“Harici Bir Hariciyecinin Not Defteri”); – Ömer Önhon "Ilçiniñ gözünden Siriýa" (“Büyükelçinin Gözünden Suriye"); - Ilçi Ender Aratyñ koordinatorlygynda taýýarlanan "Ýazylmadyk ýatlamalar. Ýigrimi diplomat gürrüñ berýär" (“Kayıt Dışı Anılar-20 Diplomat Anlatıyor"). Geñ galdyryjy maglumatlary edindim bu kitaplardan. Ýeri gelende ýazaryn. Häzir ýazjaklarym başga! Ýigrimi pensioner ilçiden biri Bozkurt Aran "diplomat" adalgasyny ýumor gatyşykly şeýle düşündirýär: "Iñlis diplomaty Wottonyñ 1604-nji ýylda diplomatlary "ýurdunyñ peýdasyna ýalan sözlemek üçin daşary ýurda ugradylan dürs adamlar" diýendigini bilýändirler". "Fransuz döwlet işgäri Taleýran XIX asyryñ ahyrynda diplomatiþany "ýalan sözlemek we ony inkär etmek" diýip düşündiripdir. "Sowuk uruş" döwri hakda ýazan kitaplary bilen uly meşhurlyga eýe bolan Tom Klensi ýalan meselesine goşmaça düşündiriş berip "Ynandyryjy görnüşde ýalan sözlemek üçin hakykata degişli bir zatlary bilmegiñ zerurdygyny" aýdypdyr..." Klensiniñ bu kesgitlemesi maña Dostoýewskiniñ şu sözüni ýatlatdy: "Hakykat hiç wagtam hakykata meñzemeýär, bilýäñiz dälmi? Ony hakykata meñzeş şekile getirmek getirmek üçin içine hökman bir ýalan goşmak gerek..." Iñ köp şu kesgitlemäni haladym: • RHP-niñ DEPUTATY Iñlis syýasatçysy Uinston Çerçiliñ pikiriçe diplomatiýa "hakykatlary beýleki tarapda ynjalyksyzlyk döretmezden aýdyp bilmek sungatydy"... Ýeri... ýetmiş ýaşly tejribeli pensioner türk diplomatyñ her çykyşynyñ jemgyýetçilikde zol uly nägilelik bilen garşylanmagyny nähili düşündirmek gerek? Üstesine… ol diñe pensioner diplomatam däl, esasy oppozision partiýa RHP-niñ halk deputaty... Onuñ aýdýan sözleri agzalyk edýän partiýasynda-da nägilelik döredýär. Şonuñ üçinem başlygyñ sanawyndadygyna garamazdan partiýanyñ mejlisine saýlanmady! RHP-niñ başlygynyñ daşarky gatnaşyklardan jogapkär kömekçisi wezipesine bellenmedi. Emma... Bu ýagdaýa şeýle çykalga tapyldy: "Başlygyñ daşarky gatnaşyklardan jogapkär baş geñeşçisi" edilip bellendi we bu boýunça başlygyñ kömekçisi wezipesi boş goýuldy! Kimiñ gürrüñini edýändigimi çak edensiñiz: Ünal Çeviköz! Çeviköziñ çekişmelere, nägileliklere sebäp bolan sözlerinden birküç sanysyny ýatladaýyn: "Gynansak-da, Türkiýe Azerbaýjana ýarag kömegini edýär!" "Türkiýe Liwiýada hetden aşdy!" "Türkiýe S-40-lerden el çekmeli bolar!" "Türkiýe Gündogar Ortaýer deñzinde dartgynlylygy güýçlendirýän tarap!" "Türkiýäniñ Siriýada goşun bölümlerinu saklamagy dogry däl!" "Türkiýäniñ Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda ýapyk Maraşy açmakçy bolmagyby goldamaýarys!" Uzatmaýyn. Soñky gezek Türkiýäniñ Şwesiýadyr Finlandiýanyñ NATO agzalygyny weto etjekdigi baradaky çykyşyny tankyt etmegi ýene yzly-yzyna garşylyklaýyn gowur turuzdy. Çerçiliñ söz sözleme sungatyny ýatlamaly bolýaryn... Hem şuny soramaga mejbur bolýaryn: Çewiköz özünden geçip diýen ýaly zol nägilelige sebäp bolýan zoñtar çykyşlaryny nämüçin dowam etdirýär? • ŞEJERESI Bu ýazgynyñ gürrüñi pensioner diplomat Ünal Çewiközüñ beýanatlary däl. Şu: Çewiközüñ syýasy identiçnosty. Çewiközüñ RHP-niñ metbugat wekilidigi. Çewiközüñ başlygyñ geñeşçisidigi. Ýagny, Çewiközüñ ähli beýanatlary pensioner diplomatyñ aýtjak sözleri däl, onuñ çykyşlary RHP-ni baglanyşdyrýar, RHP-ä garşy nägilelikleriñ döremegine sebäp bolýar. Partiýasyny-da garşysyna alan Çewiközüñ özüni şeýle arkaýyn duýmagy nireden gelip çykýar? Serediñ: Nişseden Mişel Fukä çenli sosial ylymlarda ulanylan taryhy usul bilen hereket edip soramaly bolýarys: "Çewiközüñ şejeresi (gelip çykyşy)" nähili? Gürrüñsiz, bu ýerde onuñ ýedi arkasynyñ gelip çykyşy däl-de, hakydasyny, añyýetini kemala getiren programma nirden gelip çykýar? Haýsy kişiler ýa edaralar tarapyndan taslanan kesgitlemeler, referanslar boýunça syýasy üýtgeşmelere baha berýär? Onuñ nägilelik döreden sözlerine seredip, şony sorap bileris: RHP-li Çewiköz nämüçin "NATO-nyñ nökeri" kimin beýanatlar berýär? Meñzetmäniñ şeýleräk manysy bar: Ol "Sowuk uruş" ýyllarynda SSSR-de (1980-1986) boldy. Merkeze gelende Gündogar Ýewropa uprawleniýesiniñ bölüm müdiri bolup işledi. Soñra Türkiýäniñ Bolgariýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniñ orunbasary wezipesine bellendi. 1989-njy ýylda bolsa Daşary işler ministrliginden çykyp, NATO-da ilki Ykdysadyýet-maliýe direksiýasynda, yzyndan Syýasy direksiýada sekiz ýyllap işledi. "Sowuk uruşyñ" gutarmagy bilen 1994-nji ýylda NATO-nyñ Moskwa boýunça informasiýa býurosyny, yzyndan üç ýyllap NATO-Russiýa gurujy aktyny taýýarlamaga gatnaşdy. (Şertbama aslyýetinde Moskwany "ýesir alyp" Gündogara ýaýylmagy maksat edinýärdi!) Abdylla Gülüñ toparyndandy. Gülüñ prezidentlik müddeti gutardy welin, Çewiköz daşary işler ministrliginden çykdy. "Radikal", "Hürriyet" gazetlerinde kolonkalar (köşe yazısı) bilen çykyş etdi. Häzirem... Merkezi Londonda direktorlygyny Angliýanyñ NATO-daky öñki hemişelik wekili ser Adam Tomsonyñ ýöredýän Ýewropa Liderlik seti (ELN) ýaly pan-Ýewropanyñ howpsuzlygyna gönükdirilen edarada işleýär we ş.m. Sözümi jemlär bolsam: Çewiközüñ NATO-nyñ nökeri kimin berýän beýanatlaryna geñ galyp oturmagyñ geregi barmy? Eýsem soramalyñmy: RHP delegatlarynyñ üstüni çyzan Ünal Çewiközi kim, näme maksat bilen goraýar? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 31.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |