10:17 Haýsy MHP | |
HAÝSY MHP
Publisistika
Kemal Kylyçdarogly soñky wagtlar nasionalizme aýratyn üns berýär. Nasionalistler bilen ýygnanşyk geçirýär. Nasionalist geñeşçi alýar... Geñ görer ýaly zat ýok, 1927-nji ýyldan bäri JHP-niñ emblemasyndaky oklaryndan biri nasionalizm... Emma, nasionalist (milliýetçi) düşünjesi hemişe jedelli boldy. Modern nasionalist düşünjesi Beýik Fransuz rewolýusiýasynyñ (1789) ideýalaryndan döredi. Ilkinji nasionalist hereketler Napoleonyñ golastyndaky (1804-1815) Prussiýada (Germaniýa) ýüze çykdy. Osmanla garşy 1821-nji ýylda gozgalañ turzan grek nasionalistleri bu düşünjäniñ Ýewropada ýaýylmagyna sebäp boldy. Ýöne... "nasionalizm" düşünjesinde mesele ýüze çykdy. Nasionalizmi fransuz we nemes nasionalizmine böldüler. Fransuz nasionalizmi medenidi. Degişli halkynyñ barlygyny, bitewiligini, ösüşini öñe tutýan syýasy düşünje sistemasydy. Rewolýusiýa arkaly häkimiýete şärikdeş bolan buržuaziýanyñ öz bazaryny daşarky täsirlere garşy goramagydy. Nemes nasionalizmi bolsa, dogluş bilen, milletdir gan bilen baglanyşyklydy... A Osmanlyda? Kosmopolitik Selanik merkezli ittihatçylar fransuz mekdebinden çykan medeni nasionalizmiñ tarapdarydy. Beýleki bir ýandan: Akýigitzada, Akçura, Maksudy, Agaogly ýaly Orsyýetden göçüp gelen emigrantlaryñ Orta Aziýa köklerine goldanýan nasionalizmi nemes mekdebine ýakyndy. Elden gidirlen ýerler, kebzeden urlan "hanjar" Osmanlydaky nasionalizmi militanlaşdyrdy... A respublika? Nasionalizm tezisleri Selanikdäki birinji döwürde medeni garaýyşlara gaýdyp gelip, kwalifikasiýalaşdy. Milletine seretmesizden hukuk manysynda "Türkiýe halkyna türk" diýildi. Durkheýmiñ pozisiýasyndaky Ziýa Gökalpyñ türkçülik garaýşy şular ýalydy... Atatürk bu garaýşa, özüne garşydaş gören ýerler Turançy "Türk merkezlerini" ("Türk ojaklary") ýerlerdäki 264 bölümi bilen bile ýapdyrdy. ABŞ-da başlan maliýe krizisi 30-njy ýyllarda Türkiýede nasionalizm düşünjesini "Orta Aziýa köklerine" dolap getirdi. Diñe antropologiýa ugrunda galynyp, jynsy nasionalizme ýönelinmedi. JHP 1931-nji ýylda programmasyna şuny goşdy: "Halk biri-birine dil, medeni, ideal taýdan bitewilik bilen baglanan raýatlaryñ emele getiren syýasy-jemgyýetçilik toparydyr". Nasistler häkimiýet başyna gelenden soñ nemes nasionalizmi Türkiýede özüne tarapdar tapmaga başlady. Bir žurnalyñ redaksiýasynda işleýän sagçy-çepçi nasionalistleriñ ýoly kesişdi, iki ýakyn dost Nihal Atsyz bilen Sabahatdin Alynyñ dawasy muña mysaldyr. Soñra… Nihal Atsyzyñ jynsy binýatly nasionalist hereketinde-de bölünşik bolup geçdi. 1969-njy ýylda Alparslan Türkeş ondan ýoluny aýyrdy. "Tañry türki gorasyn!" şygarynyñ ýerine "Ganymyz aksa-da ýeñiş yslamyñkydyr!" şygary girizildi. "Bozgurt" nyşanynyñ ýerine "Üç ýarymaý" goýuldy. Türkeşiñ mistisizm temaly nasionalizmi antikommunistik göreşiñ derejesine çenli pese düşürlip, eden-etdiçilikli hereketlere ýöneldi. Döwletiñ berýän maglumatnamasyna görä, ýurduñ çar künjündäki kommando lagerleri nasistlerden nusga alnyp gurlupdy. Munuñ özi, ilkibaşda ABŞ-dyr Günbataryñ Ýakyn Gündogardaky çepçi röwüşli "BAAS" ýaly garaşsyzlykçy nasionalistleriñ garşysyna syýasy yslamy çykarma strategiýasyna laýyk gelýärdi… 90-njy ýyllar... Sowet Soýuzynhñ dargamagy, global neoliberalizmiñ dünýäni ýesir almagy we Türkeşiñ aradan çykmagy bilen MHP señseleme döwrüne girdi. Hut şoñ üçin döwlet bazarynyñ goragynda durmaly partiýa ýurduñ ykdysadyýetiniñ kesekileriñ golastyna geçmegine sesini çykarmady. Günbataryñ global eksplutasiýasyna laýyk hususylaşdyrmalaryñ tarapynda durdy. Kemal Derwişiñ syýasatyna boýun egdi. MHP häzir haýsy nasionalizmiñ pozisiýasynda dur? Indi... käbir nasionalistleriñ taryhyñ dürli döwründe duşmançylyk eden Orsyýetiniñ tarapynda durup NATO guramasyna garşy çykýan, çepçileriñ antiimperialistik amerikan 6-njy flotiliýa garşylygyndan öwgi bilen söz açýan, hususylaşdyrmagyñ däl-de önümçiligiñ arkasynda durýan, doly garaşsyz Türkiýe ideýasyny tekrarlaýan, "elipbiýe garşy" Mahir Ünala berk garşylyk görkezen Döwlet Bahçeli partiýasynyñ nasionalizm düşünjesini Atatürküñ pozisiýasyna getirenokmy? Kylyçdaroglundan Bahçelä jemgyýetçilik bitewileşdiriji "kebşir" syýasy yslamdan Atatürk nasionalizmine tarap taýýarmy? Erdoğanyñ "Türkiýe asyry" ("Türkiye Yüzyılı") tezislerine şu nukdaýnazardanam seretmeli bolmaýarmy? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |