23:44 Haýsy respublika? | |
HAÝSY RESPUBLIKA?
Publisistika
Dünýäniñ 206 döwletiniñ 159-y resmi adynyñ bir parçasy hökmünde respublika sözüni ulanýar! “Jumhuriýet” (respublika) sözüniñ taryhymyzdaky ýeri iki ýüz ýyllyk geçmişe eýe. Arapça kökden bolan bu söz XVIII asyrda döredi. "Jumhur" sözi "bir ýere jemlenme, köpçüligi emele getirme" manysyny añladýar. Mundan dörän "jumhur" sözi "jemgyýet, jemagat, jemende" manysynda ulanyldy… Günbatarda bolsa grekçe “Politeia” sözüni rimli Siseron latyn diline "jemgyýetçi" manysynda “Res Publica” diýip terjime etdi. Söz Renessans arkaly “Republique” (respublika) sözüne öwrüldi. Gürrüñsiz, bu Günbatar merkezli taryh düşünjesi! Respublika düşünjesi b.e.öñ VI asyrda Hindistanda “Gana sangha” ady bilen bardy (Gana - taýpa, sangha - mejlis manysynda). Hindistanyñ Şakýalar, Koliýas, Mallas, Liçawi welaýatlary respublikan häsiýetlidi. “Men merkezçi” Günbatar taryh düşünjesinde Gündogaryñ ýeri ýok.… Eýse, yslam taryhynda respublika haçandan bäri bardy? Bugün özi teokratik döwlet bolsa-da, adyna we unwanyna respublika dakan dört ýurt bar: Eýran, Owganystan, Päkistan, Mawritaniýa… Päkistan öz Konstitusiýasyna "yslam respublikasy" jümlesini 1956-njy ýylda girizdi. Iñ soñky bolup Owganystan bolsa, 2004-nji ýylda "Taliban" hökümetiniñ gyrakladylmagyndan soñra... (Her iki ýurdyñ konstitusiýasyna ABŞ-nyñ goşandynyñ bolandygyny aýratyn belläp geçmek gerek! Çepçi we nasionalist hereketlere garşy MRU-nyñ (CIA) yslamy akymlary, yslamy hereketleri we hökümetleri goldandygy indi gizlin syr däl...) Yslam kanunlary tarapyndan dolandyrylýan, emna "yslam respublikasy" adyny götermeýän respublikalar hem bar: Yrak, Ýemen, Sudan, Alžir, Maldiwlern Bangladeş... Yslam taryhyna respublika ilki söz hökmünde däl-de, "düşünje" manysynda girdi: ■ MÜÑ ÝYLLYK TAPAWUT Syýasat pelsepesi... Döwlet, hökümet, mülkiýet, demokratiýa, azatlyk, hukuk ýaly düşünjeleri öwrenýär. “Hökümeti näme kanunylaşdyrýar? Döwlet hak-hukuklary-azatlyklary näme üçin goramaga borçly?” diýen ýaly soraglary filosofiýadan peýdalanyp öwrenýän sosial ylym pudagydyr… Yslam pelsepesiniñ esaslandyryjysy Farabynyñ (872-950) ideal döwlet taglymynda hemmeler deñ hukuga eýedi. Munuñ düýp şertlerinden biri-de "saýlamaga bolan özygtyýarlylykdy". Şonuñ üçinem... Ol absolýut monarhiýa garşy çykdy. Hökümdarlary şura-diwanyñ üsti bilen saýlamak möhüm doktrinady. Ilkinji halyflar saýlanan hökümdaryñ deñlikçi adalat prinsiplerinden gyşarnyksyz ýöränem bolsalar, has soñrakky döwürlerde bu saýlaw aýratynlygy ýok edildi we "harby diktatorlygyñ" döremegine sebäp boldy! Farabynyñ pikiriçe gaýratly jemgyýet - hakykatyñ binýadynda gurulan rasional döwletinden ýa-da bilimli jemgyýetinden ybaratdy. Gaýratly jemgyýet bolsa, diñe akyl-paýhasy ýörelge edinen - kanun esasynda saýlananlar - döwlet dolandyryş formasy bilen orta çykardy... Faraby döwlet dolandyryşyny şeýle añlatdy. Müñ ýyl geçensoñ... respublikaçy osmanly intelligensiýasy bar güýjüni "yslam bilen respublikanyn biri-birine garşy gelmeýändigini" düşündirmäge sarp etdi! Farabi, yönetidm anlayışını böyle ifade etti. Bugün teokratik döwletlerem "yslam respublikasy" adyny ulanýan bolsalar, täze çekişme açmaly bolýarys: Bularyñ haýsysy respublika? ■ DIÑE “SES” DÄL Hytaýda-da "respublika" bar. Germaniýada-da "respublika" bar. Eýranda-da "respublika" bar. Madagaskarda-da "respublika" bar. Her iki - Günorta we Demirgazyk Koreýada-da "respublika" bar. Aslynda welin... respublika haýsydyr bir ideologiýa däl-de, halk saýlawyna esaslanýan döwlet dolandyryş formasydyr. Meselem, agalyk - häkimiýet manysyna gelip direýär. Halk häkimiýetiñ çägi nämede? Şahs pikirleniş çäginden çykan ýagdaýynda garşysyna nähili päsgelçilikler çykarylýar? Ýagny, mesele - häkimiýetiñ eýesi bolan halkyñ döwlet dolandyryşyna nähili eýeçilik etjekdiginiñ, häkimiýeti nähili ulanjakdygynyñ üstünde işlenýär. Adamlaryñ özüni döwletiñ ýa-da häkimiýetiñ eýesi hasaplamagynyñ öñüniñ alnan režimi hakyky respublika bolup bilermi? Bular ýaly sowallaryñ jogaby "demokratik ölçegler" bilen berilýär. Meselem... häkimiýetiñem esasy meselesi bolan suduñ garaşsyzlygy ýaly hukuk düzgünini ýola goýmaly. Başgaça ýagdaýda demokratik döwlet dolandyryşyndan söz açmak mümkin däl. Içi köwülen kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we sud edaralarynyñ diñe kagyz ýüzünde ýöredilýän ýurdunyñ "respublika" bolşy öz-özüñi aldamak we gözboýagçylykdyr. Galyberse-de: Kanunylyk häkimiýetiñ gymmatyny artdyrýandyr. "Hasap bermegiñ" aradan aýrylan, "men etdim, boldy" düşünjesindäki "meñ eden işimi barlamaga, seljermäge hakyñ ýok" diýýän häkimiýetiñ oturan ýurdunda "respublika" ady gury sözden başga zat däldir. Respublikany diñe "saýlawçynyñ sesinden" ybaratdyr öýtmäñ... Atatürk maşgala soltanlygyny-halyflygy ýykyp, halk häkimiýetini-respublikany syýasatyñ baş gymmatlygyna öwürdi. Bu taglymy halkçylyk-dünýewi prinsipleri bilen, garaşsyz kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, sud edaralary bilen ykjam binýada oturtdy... A bugün? Hamana, hemişe "soñky sözi" aýdýan halk häkimiýetinden söz açyp bolarmy? Türkiýäniñ döwlet dolandyryşynda maşgala gegemoniýasy barmy, ýokmy? Hawa, "haýsy respublika?" çekişmesini etmelidiris. Biziñ çykalga ýolumyz Farabydan bäri belli: Häkimiýet - gep-gürrüñsiz we şertsiz halkyñkydyr! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 29.10.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |