23:57 Haýsy waksina? | |
HAÝSY WAKSINA?
Medisina
"Pfizer" & "BioNTech"-iñ şärikdeşliginde çykarylan kowid-19-a garşy mRNA waksinasy sintetik RNA molekulalarynyñ adam öýjüklerine goýberilýän waksinanyñ täze görnüşi... Angliýanyñ derman önümçiligine we lukmançylyk enjamlaryna gözegçilik edarasy (MHRA) bu waksina üçin "adatdan daşary ygtyýarlyk" berip, 2020-nji ýylyñ 2-nji dekabrynda mRNA waksinasyny makullaýan taryhyñ ilkinji derman önümçilik işine serenjam berijisi boldy. Iñlis jemgyýetçiligi “munuñ goşmaça täsirleriniñ bolmaýandygyna kepil geçip bilýärsiñizmi?” diýip sorady. Şeýle jogap berildi: “Berýän peýdasy döräp biläýjek haýsydyr bir howpdan agdyk bolar!” Heniz "haýsydyr bir howpuñ" anyk jogaby ýok. Munuñ adamda geçirilýän FAZ 3 synaglary 2023-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar… Serediñ: mRNA waksinalary hemişeki waksinalardan tapawutly täsir edýär. Işjeñ immun goragy üçin ulanylýan waksinalaryñ iñ könesi we iñ esasysy saýylýan hemişeki waksinalar - peseldilen (atenüe - затухание) janly, inaktiw (öli) we inaktiw toksin (toksoid) waksinalardyr. Mysal üçin... peseldilen janly waksinalar hassalygyñ faktory janly mikro organizmleriñ laboratoriýa şertlerinde peseldilmegi arkaly alynýar. Tuborklýoza (inçekesele) garşy BGG waksinasy ýa-da gyzamyga, hapgyrtma we garamyga (rubella) garşy MMR waksinalary peseldilen janly waksinalardyr… Adamzat sintetiki taýdan emele getirilen we öýjüklere transfeksirlenen mRNA waksinasyny ilkinji gezek ulanýar… “Bu waksina öýjügiñ içindäki organizmiñ kosmiki otagy bolan DNK-a täsir edip bilermi ýa bilmez?” Bugün dünýä jemgyýetçiliginde onlarça sowal bar. Bolaýmalysy hem şeýle. Mysal üçin: adamlarda synag edip görmek üçin hiç bir mRNA tehnologiki platformasyna (derman ýa-da waksina) 2020-nji ýyldan öñ idin berilmändi! Şindi kowid-19 sebäpli “rugsat” berilýär! ■ IKIRJIÑLENMELER BAR Piter Jeý Hotez… Waksina boýunça dünýäniñ iñ meşhur amerikaly professory. SARS we MERS ýaly wiruslara garşy waksinalaryñ üstünde işlän ylmy-barlag toparyna başlyklyk edýär. Kowid-19 boýunça-da iş alyp barýar. Ol “Orta çykan mRNA waksinasy babatda, onuñ praktikada täzelik getirip-getirmejeginden aladalanýaryn” dedi. Şeýle-de, mRNA waksinasynyñ wagta bellän çäklerine garşy oýardy we konserwatiw wagt çäginde gyssanmaçlyk etmegiñ birgiden agsamalary döredip biljekdigini ýañzytdy. Ysraýylyñ Hadassah medisina merkezinde mRNA boýunça geçirilýän synaglara ýolbaşçylyk edýän professor Ýossi Karko bu waksinalar boýunça häzire çenli berlen görkezijilerde çäklendirmeleriñ bolandygyny we bu çäräniñ gysga wagty öz içine gurşap alýndygy barada bir aý mundan öñ aýdypdy. (Men muny ýazanymda şahsyma nämeleri ýazypdylar, bu jahyllar taýpasy…) Hawa, näme boldu-da, birdenkä birden çaltlandy duruberdi mRNA waksinasynyñ makullama işi? Ýagdaý şeýle... Barha ýygjamlaşýan aragatnaşyk serişdeleri bilen birlikss mRNA waksinalaryna almaly ilkinji ygtyýarnamasy-da çekişmelere sebäp boldy. Şuña meñzeş tutaryklar bilen professor Mihal Linial “sanjymy derrew etdirmekçi däl” diýdi. Bular ýaly diýýänler başga-da kän... "Washington Post" gazeti ABŞ-daky saglygy goraýyş işgärleriniñ arasynda mRNA waksinalary boýunça ikirjiñlenmeleriniñ bardygyny ýazdy: “Käbirleri birinji tapgyrda sanjym etdiresi gelenok, goşmaça täsirleriniñ nähili bolýanyny görüp, soñ ýagdaýa görä hereket etmek isleýärler.” mRNA waksinasynyñ formulasy "Pfizer" we "BioNTech" şereketleri tarapyndan gizlin saklanýandygy üçinem çekişmeler barha gyzyşýar... "British Medical Journal"-yñ baş redaktory Piter Doşi ýaly hünärmenler bolsa metbugat habarlarynyñ daşyndaky maglumat boşlugyna ünsi çekýär. Meseläniñ düýp özenini bilýänleri mediýanyñ boş lakgyldylary kanagatlandyryp bilenok. ■ HANY, GÜRRÜÑINI ETMEK BOLANOKDY-LA? Global derman önümçilik şereketi "Pfizer"-iñ öñbaşçylygyndaky waksina lobbisi şu günlerde näme edýändir öýdýärsiñiz? Hemişeki waksinalar “erbet”, mRNA waksinalary “gowy” diýmäge çytraşýar! Şeýle diýýärler: mRNA waksinasynyñ hemişeki protein waksinalaryna garanda käbir aýratyn artykmaçlygy barmyş! Meselem, mRNA waksinalary aktiw ýa-da inaktiw edilen patogenden-wirusdan we ş.m-lerden ýasalmandygy üçin ýokançlygyny ýitirýärmiş! Tersine, hemişeki sanjymlar güýçli depginde urulsa, artyş nokadynda wirus ýokanjynyñ howpuny ýokarlandyryp bilýärmiş! mRNA waksinalaryny has çalt, has arzan we has standart ýagdaýda, ýagny, öndürijilikde iñ pes ýalñyşlyk derejesinde öndürip bolýarmyş we bulam howply köpçülikleýin ýokançlary togtadyp bilýärmiş! Näler... näler... Hany, waksina meselesiniñ gürrüñini etmek bolanokdy-la?!. Hany, Soner Ýalçyn munuñ gürrüñini edýär diýip, ony waksinanyñ duşmany hasaplapdyñyz-la?!. Akyl-huşlaryny kapitalizme kärendesine berenler "Gara guty" (“Kara Kutu”) kitabymy näletläpdi! Işiñ arasyna pul-kapitalizm girdi welin, waksinanyñ üstünde turýan çekişmäni görýäñizmi indi? Günümize goýuñ, goý, gaýtam, bizem ýazalyñ şu zatlar barada... Diñe ABŞ-da waksinadan jebir çeken maşgalalara (2019-njy ýylyñ oktýabr aýyna çenli) tölenen öweztölegi 4.2 milliard dollardan geçýär. Diñe aklawjylara tölenen pul 2 milliard dollara barabar. Özem şol 6.2 milliard dollara şikaýatnamalar üçin çykarylan çykdajylar girenok… Halkyñ hakykatlary öwrenmäge haky bardyr. Monopoliýa düzgüni awtoritardyr. Monopoliýa düzgüni gorkyny ulaldýar. Monopoliýa düzgüni adamy peseldýär, monopoliýa düzgüni adamy mal edip taşlaýar! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.12.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |