07:00 Haýsy yslam, haýsy bürenjek? | |
HAÝSY YSLAM, HAÝSY BÜRENJEK?
Publisistika
Möwlana Jelaleddin Rumy körleriñ pile baha berşini "Mesnewisinde" aýdyp beripdir: "Pil bir bitewi jandardyr, ýöne kör adamlara "bu näme?" diýip soranyñyzda, biri aýagyny elläp "agaç" diýýär, biri holtumyny elläp, "suwly tulum" diýýär, ýene biri gulagyny elläp "ýelpewaç" diýýär. Olaryñ biri-de bir bitewilikde häsiýetlendirip, "bu pil" diýip bilmeýär..." Ýene orta atylan bürenjek meselesi ýurdumyzda pile baha berjek bolnuşyna meñzeýär. Erdogan, Bahçeli, Kylyçdarogly we beýleki syýasatçylar bürenjek hakda gürleýärler, bürenjege "konstitusion kepillik" girizmek isleýärler. Emma hiç kim hakykatyñ üstünde durjak bolmaýar. Çünki din pelsepesinden teologiýa-ylahyýet üstün tutuldy! Şonuñ üçinem: "Gurhan mendirin" diýen Hezreti Aly häziriñ Türkiýesinde ýaşan bolsa, zyndana atylardy. "Allanyñ Resuly ýöreýän Gurhandy" diýen Hezreti Äşe tussag edilerdi. Hezreti Muhammediñ (s.a.w) "Adam we Gurhan ekiz dogandyr" hadysy nämäni añladýar? Yslam näme diýýär: “Men arefe nefsehû fekad arefe rabbehû” - "Özüñi bilseñ, Rebbiñi-de bilmeli borsuñ!". Aslynda bu, "Gözleýänim sendedir, Kuddusda, Mekgede, hajda däl" diýen Ýunus Emräniñ ýoludyr. Şeýle: Allanyñ gatynda bir ýeke-täk din bardyr. Gurhan - kitap halyndaky şekiline berilen at bilen "Mushaf" aýatlaryñ bolan mukaddes simwolydyr. Käbiri okaýan aýatlaryny düşündirip, hakykata ýetendirin öýdýär... Käbiri okaýan aýatlarynyñ "menden içeri girip maña düşün" diýýän ruhy ýolagçylygyna çykyp, ynsan kämilligine gowuşýar... Hezreti Muhammet hadysynda "Gurhanyñ ýedi tarapy bar" diýipdir. Ýagny: Dinleriñ bir-ä daşardan (zahyr) görünişi bar. Dinleriñ birem içki esasy (batyny) bolşy bar. Esasysy-da içerde ýatan mañyzy (mertebeýi hezreti Kurany) añlap bilmekdir. Hemme göz ony görüp bilmeýär... Hemme adam oña ýetip bilmeýär... Muny sa:p Gurhan grammatikasy bilen edip bolmaýar, ýogsam bolmasa arap dilini bilýän her kes muny oñarardy. Grammatika tekstiñ iñ daşarky (zahyry) gabygydyr. Şeýle maddy nukdaýnazar bilen garamak mañzy añlamak üçin ýeterlik bolmaýar. Baş many gatlaklary içerdedir-batynydyr... Şonuñ üçin "Gurhan Mushafyñ, tekstiñ üstündedir" sözi munuñ özenidir. Galyberse-de, "Furkan" bar, "Ümmül-Kitap" bar, kitaplaryñ enesi "Löwh-i Mahfuz" bar. "Gönderen kitabymyzy size, kitabyñ içine salyp ugratdyk" sözüniñ çuñ manysy şudur... Many-mañzyna ýetmek üçin daşardan içerä tarap ymtylmak gerek: Seýr-i ilallah... Dinleriñ esasy daşarda görünýäni tertipleşdirmekden zyýat adamy içerde çuñluga ýetirmekdir. Emma biziñ günlerimizde "içeri" gözden salnyp, dolulygyna "daşara" ýöneliş bar. Mysal üçin: Syýasy güýç gatlaklary daşarda durana el urmagy "din" diýip görkezýår. Diñe syýasatçylaram däl: Alla nilen magnawy baglanyşygynyñ bardygyny bildirýän gymmaty özüne ýetik, pes işleriñ yşkyndaky din söwdagärleri aýatlary özleriçe düşündirip, maddy dünýämize-gündelik durmuşymyza degişli akyla-huşa sygmajak sözleri aýdýar! Interpretasiýa, şerh mertebesi biziñ günlerimizde, gynansak-da, käbir samsyklaçlyklara uçradylýar. Käbirleri-de "yslam inkwizisiýasyny" gurmagyñ hyýalynda... Hudaýa din öwredýärler! Bular aslynda aýatlaryñ ruhuny bogdy, hakykaty bozdy, yslamy we adamy ýadatdy. Gynansak-da, biziñ günlerimizde yslam garaýşy daşky görnüşiñ (zahyryñ) añyrsynda geçip bilmez ýaly hala getirildi. Ten mefhumy, ýagny "eýle geýin, beýle geýinme" ýaly talaplar dine öwrüldi! Bürenjegem mundan nesibini aldy. Magnawy älemlere aralaşan kalp gözi bilen görmegiñ nämedigi unutdyryldy... "Körleriñ pile baha berjek" bolşy ýaly, aýatlary ýüzleý düşündirýänler zahyry dindir öýdüp, bürenjegi dynuwsyz dile düşürýär. Şübhesiz, syýasatçylaryñ biri-birleri bilen ýaryşmaklarynyñ sebäbi bar: Magnawy sowudy, galkany bolmadyk ejiz adamlary diniñ üsti bilen aldamak! Saýlawyñyz, sandygyñyz, sesiñiz başyñyzy iýsin! (09.12.2022-nji ýyldaky makalam). Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |