15:11 Haýyr / hekaýa | |
HAÝYR
Hekaýalar
Jimirsewük ýagyş siňňitli çisňeýär. Mydama ýetişiksiz gara günde. Kireýara gaýdyşyn, müşderi milletini düşürerine mähetdel, “atbaşyny” oba burdy. Namaza az galdy. Hernä täretli. Ýogsa şoňa-da eglenmeli bolsa, metjide gijä galjagy ikuçsyz. Güzeran hemaýatkäri – “Haýs”-yny (Toyota Hiace) gyssaman, endigan maýkyldadyp gelýär. Bi garran ýollaň ýagdaýy şeýle. Öňem-ä köpi geçip azy galan “Haýs” janaweri, bejidräk ýortduryberseň, yzky mosuň (mostuň) gopup, deňäňden ozup geçjek. Köçä ugurdaş dükançaň deňesinden ötüberende, oň öňünde iki ýaňa yraň atyp, ýaýkanjyrap duran serhoşa gözi kaklyşdy. Tanady. Aňy jaslady. ...Görgüsi ýaman agasy pahyryň çagalyk ülpedi. Ot ýaly jahyldylar. Başga-da iküç sany özi ýalylar bilen küren oba ot ýakdyrmazdylar. Bezzatlykda-da. Edermenlikde-de. Barypýatan agzybirdi özlerem. Biriniň duran ýerinde beýlekileri şoň bilen bile bolmaly bolsa, hassalyk-bendilig-ä baýak weli, ölerine-de yrza ýalydy. Soňam... Sähel salymyň içinde hemmesi birden süpük boldy. Onsoň ölen-ä öldi. Muň görgüsi ýaman agasy ýaly... Galanam galdy. Ine şuň ýaly... “Äkideýin-laý şuny...” diýen pikiri belli-külli oýlanmaga-da ýetişmänkä, nämüçin beýdýändigine özem düşünmän, ulagyny togtatdy. Soňam sagada göz aýlady. “Ýigrimmind-ä bar. Ýetişýän-le.”. -Agam! Ýö, öýe düşüreýin?!-diýibem gapdalgapyň ýarymaçyk penjiresinden, gelesläp durana habar gatdy. -Öze?-diýip ol, bulançak gözleri bilen onuň ýüzüni agtardy. Şo pursat gammaryň keşbi: “Bi ne asmandan oslagsyz inen haýyr-yhsan? Hikmeti nemiş bü bediüzzamanyň?!” diýip, geňirgenýäne meňzedi. -Howwo, öýe agam. -Zö. Serhoş patanaklap basketden geçdi. Diýen etmeýän aýagyny zoraýakdan köçäň beton jähegine goýdy. Eli bilen sermeleşdirip gapyň tutawajyny tapdy. Ony “şyrkyldadyp” gysybam, dyzap özüne çekende-de, öz zarbyna çiňarkan gaýtdy. -Äý zeňemmiz bazyňy bazalaýynyň-aý azamzy! Sürüjiň zähresi ýaryldy. “Allajanlarym, ýeňsesi betona degip, çüwdesi çogaýmadyk bolsa-da ýagşydyr...”. Ol düşüp, ýykylany görmek üçin gapyny açdy. Onýança palçyga bulaşan el, ulagyň açyk işiginiň içtutaryndan ýapyşdy. -Ä-ý-ý wazyňam bizi-i-i! Nä mozza (molla), çüffediňm-aý mezi?! Jiň azkan sezip äpbezziň-ä-hou, duzanja ýezimde!-diýip serhoş, wazzy-wuzzy etdi. Üsti-başynyň wes-weýranlygyny jinnekçe-de piňine alman, müňedekläp kürsä ýarmaşdy. “Ine-dä! Kime ýagşylyk etjegiňi bilmeseň alaýjak taňryýalkasynyňdyr şü!” diýip sürüji, kineli oýlandy. Ýaňyja-da tämiz kürsüniň reýgan edilişine dözmänem uludan demini aldy: “Ejem pahyryň: “Doýranyň sakgalyna” diýýän ýeri, ine şü taýy bolmaly”. Onýança serhoş oýkanjyraý-oýkanjyraý, oturgyja üsti-başynyň hapa-hupasyny çyrşaý-çyrşaý, ahbetin ynjalykly ornaşdy. Özem özüniň lül-dilinde özüne aýan, özgä güman nämedir bir birzatlary peltekleşdirmesini dem salymlygam bes etmeýär. Sürüji seňrigini ýygyrsa-da, sesini çykarmady. Ugradylar. *** Asfalty asyra ýaşdaş köçäň büdürem göwnejaý, südürem. Ulagbaşyny pessaý tutup barýanam bolsa, “Haýs” janawer her löňküldewügi “süňňi” bilen sanaýar. -Mozza, zöňküzzetmän, huwwazaýan ýaly edip süzsene-hou maşşynyňy! Öň nä jan baz bi azamlarda! “Wah günüňe ýanaýyn! Sen enesi ýalap atasy ysgamadygy, ejeň-kakaň bir ibaly huwwalanmydyr, gel-gel indi men seni bi “Haýs”-ymda huwwalap äkider ýaly?” diýip ol, ýaňsyly oýlansa-da, kelam agyz geplemedi. Gammary mündürenine içinden puşeýmanlar eýlemäge ýetişse-de, oňa tarap diňe gözüni alartmak bilen çäklendi. Şol pursadam çatryga ýeten ulag, gatyrak silkindi welin, otyrka-da dik duran dek pasyrdamaga taýýar ýelkenleýän pyýada, göwresine erk edip bilmän, öňlügine kellelin sümüläýdi. Özem nädip, nähili beýle boldy? Hudaý bilsin. Serhoşyň oturan ýeri näçe daram bolsa, onuň kellesi ýüzüniň ugruna aýaklarynyň arasyna girdi-de, o gähi derdinäk, çykyp bilmän hyklap-çoklap dyzamaga başlady. Şo bolşuna dilem dek durmaýar: -Äý bazyňammyr ýawy kowalasynyň çagas-aý! Nämmozz-aý maňa? Mozzo! Çek-ou ýeňzeden! Ýohha-da häziň maşşynyňa gusup äpbezýän! Ö-ö-ö... Oň ilk-ä: “gusýan” sözüni, soňam ögeýşini eşiden sürüji ziňkildedi. Çep eli bilen ulagyň destini (ruluny) saklap barşyna, sagy bilen serhoşyň petekesinden penjeledi. Bar güýji bilen bir dartanda-da ony sogrup arkan dikeltdi. Şol pille-de ýoluň gyrasyndan tekeriniň aşagyna zymdyrylan çagasypat gara, onuň heýýatyny uçurdy. Bada-badam gözüniň öňünde ýalpyldap gitdi. Töwella. Sud. Türme... Gopdy-y-y!!! “Ýa Ýaradan özüň gutar!”. Depe saçy syh-syh bolan sürüji, serhoşdan beýlekiden ellibizar, iki aýagy bilenem birden tormuza mündi. Öňem haýal gelýän ulag sakga doňdy. Onýança-da ol, ulagyň öňünden okkesdirme geçip giden garamtyl itiň assaja waňkyryp, köçäň o tarapyndan gaýralygyna ýazzyny berendigini saýgardy. Çaga kakandyryn öýdüp jany kekirdegine gelen sürüji, bir demde goram-gowşak bolaýdy. Ýagyrnysyny şagga der basdy. Ol ilk-ä on-onbäş sekunt doňňara-daş bolup, hiç zat görmeýän nazaryny çat maňlaýyna dikdi oturdy. Soňam ýuwdunmakçy bolanda bogazynyň gurap tüýdüge dönendigini syzdy. Ysgynsyz titreýän ellerine zordan erk edip, henizem işläp duran ulagyny köçäň gyrasyna sowjagam bolman, gapyny açdy. Oňa gysdyrylgy düpbäni aldy-da, gapagyny towlady. Oturan ýerinden eglip, agzyny çaýkady. Soň ýüzüni ýuwuşdyrdy. -Zonyňdan maňa-da bezsene! Izeýin-le! Zohha zapzym zuşnýak-laý. Ol dikeldi-de, gapdalynda göýä hiç zat bolmadyk ýaly ap-arkaýyn oturan serhoşa awuly nazar oklady. Emma, diliniň ujuna nijeme setirlik paýyş sözler münderlenenem bolsa, bu saparam saklanmagyň hötdesinden geldi. Jyňkyny çykarman, diňe düpbäni pykyrdadyp uzatdy. Serhoş bokurdagynyň ýumrusyny aşak-ýokaryk ýöredip, gulkudyp suw içdi. Düpbäni taňkyratmaň bäri ýanyna eltip, yzyna berdi. Soňam eliniň ýeňsesi bilen agzyny syldy-da, bigam sorady: -Mozzo, nämzüýn du:s-aý?! Girre gahary gelen sürüjiň gazapdan ýaňa gözüne gan öýdi. Şol çylgym-çylgym gan zolaklarynyň arasyndanam ol, edil hakykatdaky deý aýdyň-anyk gördi. Ine ol iki aýagynam sogrup, ýokaryk çykarýar. Bir el-ä ulagyň destinden pugta ýapyşýar. Beýlekisem oturgyjyň depeliginden tutýar. Edil wuruşly kinolardaky ýalam, birdenkä tutuş göwresini ýokarylygyna zyňýar-da, iki aýagy bilen birbada, hiç zatdan habarsyz gammary depip goýberýär. Oň depgisiniň zarbyna ulagyň gapysy jarkyldap serpilýär. Serhoş “pökläp” aňyrlygyna gaçýar. Bu-da munuň bilenem kanagatlanman, öz tarapyndanam düşmeýär. Ala-hasyrdy bolup, şypbygy-sypbygy bilen oturgyçlary depeläp, serhoşyň ýykylan gapysyndan zomap çykýar. Derrewem ýerde bulam-delem helemek bolup ýatan yşarady, dünýäsygmaz lezzet bilen, aýagaldygyna basgylap başlaýar... Uff! Sürüji, misli gözüniň öňünde hellewläp duran bu çypbakaý-çyndanam beter dury şekili, bozup aýyrjak bolýan dek, aýalaryny ýüzüne sürteledi. Soňam düpbäni ýerine gysdyrdy-da, gapyny ýapdy. -Gideli, byratok!-diýip destine ýapyşdy. Içindenem hümürdedi: “Sen Hudaýuranda näme günä bar-aý, agam?! Şeýle dämi?!”. *** Ýöne bir çatryk geçip-geçmänkäler, serhoş ýene bimazalyk tapdy. Ilk-ä sähel salym gözüni nijema gün bäri içi gatanyňky deý petredip oturdy. Birdenem iki eli bilenem agzyny tutdy-da, howsalalydan boguksy seslendi: -Mozzo! Sakga maşşyny! Bü-ýä zapsym kekizdege dykyzdy... Emma sürüji, ulagy saklamag-a beýlede dursun, nämäň nämedigini aňşyrmaga-da ýetişmedi. -Wö-ö-ö-ö...-etdi-de, serhoş göni öňüne pagladyp gaýtardy. Dessine-de ulagyň içini aşgazanda ajan, garym-gatym iýmitiň, aragyň, garyn suwuklygynyň aňryňy bäriňe getirýän porsy, turşumtyk ysy tutdy. Bu ysa beýnisi çaýkanan sürüji, ögemän zordan saklanyp, ulagyny çete sowdy-da, öçürdi. Onýança-da demsellemde birki öwran gusmaga ýetişen serhoş, şo oturşyna-da boýnuny gaňryp, oňa tarap müýnli nazar aýlady. Agzy-burny çyr-çyrşak, myňňyldady: -Mozzo, zen zemetme, bozýamy? Men häziň aýzyp, zuwup bezjek...guzup bozaýyn...wö-ö-ö... -Aý agam, duramsoňwyr, indiwir gapyny açyp daşyna gusaýa-how! Sürüjiň jany dagy ýanaýdy. “Bi ne melamat bold-aý, men sammygyň başyna!” diýip eşidiler-eşidilmez hümürdän ol, gapdallygyna omzuklady-da, serhoşyň üstaşyr eglip, oňa gapyny açyp bermekçi boldy. Emma gozganjyrap dikelen serhoş, oňa beýtmäge mümkinçilik bermedi: -Dur mozzo, häziň özüm açynýan gapyny...wö-ö-ö... -Aý nätdiň-aý-ow, myny, agamjan! Meň bi janawerimi görhana öwürdiň-ä-how! Indi birküç günläp ysy gidýänçä munyma item münmez-ä-how, jan doganjan! -Zo, zo, mozzo, zen wapze gahazlanma bomy? Mez häziň asazzalap bezýän-ow maşşynyňy! Eddiljek bar-a şekeladdanam betez gülpäpe ezip bezýän, häziň... Serhoş, megerem gaýtaryp bolandyr-da, agzyny eli bilen sylyşdyryp çala gobsundy. Birdenem aýagynyň aşagynda çaýkanyp ýatan gusugy goşawujy bilen susup aldy. Soňam gapyň ýapykdygyny aňşyrdy. Birbada nämetjegini bilmän goşawujy dolulygyna durdy. Emma dessine-de çykalga tapdy. Gapyň ýarymaçyk penjiresinden goşawujyny daşaryk somlady. Ebeteýsizligi sebäplimi nämemi, goşawujy bütewi sygmady. Sürüji: -Dur, dur, agam, beýtme, häzir gapyny açaýy...-diýýänçä-de, “Äý waz-eý, zenem-aý, mozzo, aýtdym-a häziň zekelad edýän di:p!” diýdi-de, aýasyndakyny aşaklygyna eňterdi. Elindäki suwuk şepbik, gapyň aýnasynam, özünem boýa-boý boýady. Bu sürüjiň çydam käsesine daman iň soňky damja boldy. -Wö-ö-ö... Ol zordan gapysyny açyp, egilmäge ýetişdi. Gyzylödegini agzyndan çykaraýjak bolup, bögürip, gaýtarmaga başlady. *** Birneme nepesi durlanansoň agzyny çaýkan sürüji: -Aý senem-a wara, dädeňi geçä münüp kowalaýynyň-aý adams-y-y-y! Nädäýdiň-ow bi negözel maşyny?! Ejesini himjisga padarka edäýmeli etdiň-ä-how, myny, byratok!-diýip gargynjyrady. Serhoşyň bolsa haýy gitdimi nämemi, onuň sögünjine-de, igenjine-de pitiwa etmän, bir gyrada irkiljiräp otyr. Sürüji gargyna-gargyna, ýaňlanyp ugran azan sesine-de üns bermän, esgisini, plastmas bedrejigini çykardy. Dagy nätsin? Indi ymykly öýüne baryp, täzeden päklenip, namazynyň kazasyny alaýmasa, alajy ne? “Haý, diýmäýin diýse, günüňe ýanaýanyň-aý mollasy! Gel-gel, göre giräýmese düzelmejek bir, entäp ýören lül-gammar işigaýdana, “haýyr etjek” diýip, parz borjuňdan, iman yhsanyňdan galyp, bi bolup ýörşüňe ne diýip ne aýtjag-a seniň?!”. Sürüji ýoluň gyrasyndaky howlyň gädiginde duran krandan suw alyp geldi. Öz-özüne hüňürdeý-hüňürdeý ýagşyň aşagynda ulagynyň daş-içini ýuwup ugrady. Özüniň ýuwýanam, berkiňe tutansyrap gammara ýuwdursaň-a, ýene-de pohuny böregine garyp, seni iki işli etjek. Ýuwup bolansoň, oturan ýerinden ymyzganan serhoşy şu taýda taşlap gidiberesi geldi. Ýene agasy neresse hakydasyna geldi. Yralap oýardy-da, oňa elini-ýüzüni ýuwar ýaly galanja suwuny akytdy. Soň ony ulagyna mündürdi. Ugradylar... *** Eliň aýasy ýaly aralykda özüne güzap baryny görkezen ýolagçysyny gädiginde düşüribem, oň bazzy-buzzysyna dynnym ýalyjagam ähmiýet bermän, ulagyny hyrra yzyna aýlady. Içem ot. Özem serhoşdan beter özüne jany ýanýar. Öýüne ýetýänçä ýolboýy öz-özüne käýinip gelşine-de, mundan öň çarkandakly-çarkandaksyz ýolda hiç gyssaman, aýap-apalap sürýän janawer ulagyna hemişekisinden has dözümliräk daraýanynam aňşyrmaýar. Ulagyny howlusyna sowan badyna-da, ony öçürerine mähetdel ilki hammamyň agzyndan kündügini aldy-da, aýakýoluna ugrady. Ýogsa namaz wagty häli geçip gitdi. Barybir kazasyny aljak bolsaň indi gyssandyň nä, gyssanmadyň nä-de weli, onda-da... “Gahar gazap” diýleni. Tamdan aýratyn gurlan aşhanaň açyk işiginiň deňesinden ötjek bolanda-da, aýaly kellesini uzatdy: -Wiý, oglan, eýýäm metjitden geläýdiňmi? “Äý seňki näm-aý, şumat!” diýýän dek geplemän, elini gaharly silkdi-de, aýaguja ýegdegini ýygjamlatdy... *** ...Yzyna dolanyp gelýärkä-dä köşeşerli däldi. Birdenem... Gabat-garşydaky goňşyň ýerden ýeke garyş saýlanan üç-dört ýaşlyja agtyjagy, meger öýlerindäkileň gözüne güýdüşendir-dä, çyplaňja çykypdyr-da, öz gädiklerindäki kir suwy akdyrylýan çukury basyrylan çalamydar şiferiň üstünde aýagaldygyna böküp dur-a. Ol tisginip gitdi. “Häzir o köne şypyram döwläýs...” diýip oýlanyp tüketmäge-de ýetişmänkä, birdenkä keýpihon bökjekleýän bezzatjygy ýer hopana döndi. Özi özüne haýran, oň kellesi ýaman çalt işledi. Ýeke demem säginmän, kündügini taşlady-da, eňdi goňşyň gädigine garşy. Nä, ellä alkymlan ýaşda ýelaýak ýelsepit bilen keýpine ýaryşylýan gögeligiň küjedigem öz-özünden düşnükli – bäş-on ädim geçip-geçmänkä, daljygyp, öýkeni agzyndan çykyp barýana dönäýdi. Kellede, gursakda, göwünde-de ýekeje mynajat: “Ýa Ýaradanym, senden medet! Ýetişdireweri! Beýtme! Gaýrat et!”. Kir çukur bilen özi aralykdaky ýüz-ýüz elli nädip geçenini özem aňşyrmady. Demi-demine ýetmän haşlap barşyna, gözüniň öňi garaňkyrap dursa-da çukura egildi. Çaga görünmeýär. Diňe zeýli, porsy suwuň ýüzünde köpürjik. Olam gark bolup barýan çagaňkymy ýa-da zeňläp, azýan suwuň öz köpügimi – Hudaý bilsin. -Gyý-ýuw nämmolly-y-y?!-diýip, onuň ýempikläp ylgap deňesinden geçenini görmäge ýetişen hatyny, aşhanadan çykyşyna gygyrýar. -Çagyr-ow ogullaň hemmesini!-diýdi-de ol, özüni çukura urdy. Pagşyldap suwa düşendenem, süýgeşip duran porsy suwuň agzyndandygyna üns bermän elleri bilen sermeläp, çagany gözläp ugrady. “Rebbim! Beýtme! Gaýrat et! Gaýrat et! Gaýrat et...”. Bir sekunt. Iki. Üç. Bäş... Henizem demini dürsäp bilmeýär. Gözüniň öňünde otluja uçgunjyklar kebelekleýär. Nirde? Nirde, kellejigi? “Beýtme! Gaýrat et!”. Birdenem, eli saçlyja kellä degen ýaly boldy. Penjeledi-de, agyrtjagyny beýlekisini huşuna-da getirmän, özüniň çaşyp barýandygyna jinnekçe-de ähmiýet bermän, zomap, bar güýji bilen ýokarylygyna dartdy. Läbikdir, depesinden joralanyp akýan hapa suwdan ýaňa ýüzi-gözi saýgarar ýaly bolmadyk oglanjygy sogrup gujagyna alanda-da, aýaklary diýen etmän, tas diňarkan çomýardy. Diňe gujagyndaky çagaň ýene-de gark boljakdygy hakyndaky pikir oňa eýdip-beýdibem bolsa aýak üstünde saklanmaga gaýrat berdi. Şol pursadam çukuryň erňeginden oglunyň kellesi jyklady: -Kaka?! -Al şuny-da, derrew dikbaşaşak tut. Agzyndan suw akaram welin, ýerde ýatyr-da, emaý bilen döşüne basyp, agzyna dem üfle...kinodaky ýaly...bol, bahym...özüňem ämertligiňi edip döşüni döwäýme...-diýip zordan hyýgyldady... *** Kän wagt geçmänkä, aýalynyň gohy bilen millet hümer boldy. Ogullary, goňşular, oglanjygyň hossarlary... Onam çukurdan çykardylar. “Tiz kömege-de” jaň etdiler. Goňşulaň Hudaý diýen ýeri, oglanjygyňam sanalgysy dolman ekeni – azsalymdan soň dem alyp ugrady. Bu-da aýalynyň egnine oklan köne güpbüsine, bolşuna görä çolanyp, alnyndaky erew-de-berewligi synlap durşuna özüniň haýranynyň hekgerýändigini äşgär duýdy. “Seň gudratyňa men gurbanam ýa Rebbim! Gör-ä muny, bi bolýan zatlary...”... | |
|
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |