22:28 Dünýäm | |
DÜNÝÄM
Goşgular
«Gözleň kä ataş, käte Jennet boldy-la, dünýäm!». K.Rejebow Ot bolup basyldy ýyldyz gözleriň, Ýüregimi erbet gysdy-la, dünýäm! Seniň maňa garşy gezän kirpikleň, Çykypdyr janymyň kastyna, dünýäm! Sensiz gözel dünýäm görünýär solgun, Sen gelip dünýäme Gün bolup gonduň, Birje bakyşyňdan elendi kalbym, Şindem gelip bilmän essime, dünýäm! Her günüm bir ýyla, ömre deňeçer, Sütem etmek diňe saňa gelişer, Juda çökder boldy jebir berişiň, Şonda-da seň mähriň yssy-la, dünýäm! Sensiz dünýäň galmaz görki-gelşigem, Seniň gujagyňda jennet görmüşem, Ah, näz bilen bir eýjejik gülşüňem, Durşy bilen şygyr kyssa-la, dünýäm! Gijeden howlugyp sabaly daňa, Men saňa ýetmäge howlugýan diňe, «Söýýän» sözümi-de diýerin, ine, Sen meni gyssama, gyssama dünýäm! Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||