HEMMELERIÑ HEMME ZADY BILÝÄN ÝURDY
Žurnalistikanyñ altmyş ýyl bäri güýjüni ýitirmän gelýän kanuny: "Bir it kimdir birini dişlese, bolup biläýjek zatdygy üçin munuñ žurnalistikada hiç hili gymmaty ýok. Habaryñ gazetde çykmagy üçin it adamy däl-de, adam iti dişlemeli."
Ýurduñ iñ uly tiražly gazetiniñ redaksiýasynyñ gapysyndan bir it kürsäp girdi. Gazetiñ işgärleri ony gazetde işleýänleriñ biriniñ itidir öýtdüler. Emma selkildäp ýören bir itiñ redaksiýa girmegi öñ gören-eşden zatlary bolmansoñ, onuñ yzyndan ylgadylar. Ele salnyp, daşary zyñyljagyny bilen it adam dilinde:
- Birje minut saklanyñ, jenaplar! - diýende, doñup galdylar. Adam dilinde gürlemäge başlan ite it ýaly çemeleşmelimi, ýa-da hormat görkezmelimi? It gazetiñ ýazuw işleri boýunça redaktory görjekdigini aýtdy.
- Ol häzir ýygnakda... - diýip, jogap berdiler.
- Oñ ýaly bolsa gazetiñ hojaýyny bilen görüşeýin...
- Olam ýygnakda.
- Gazete jogapkär haýsam bolsa biriñiz bilen?..
Hemmesi şo gün gazetiñ meseleleri boýunça ertirki ýygnaga gidipdi. It aýak diräp, iññän möhüm habarynyñ bardygyny aýdyp, dessine ýygnak gidýän zala salmaklary üçin towakga etdi.
Gazetiñ işgärlerinden biri gapyny kakyp, ýygnak bolup duran zala girdi. Uzyn stolda oturan on dört kişiniñ arasyndaky gazetiñ baş redaktoryna:
- Başlyk, bir it siziñ bilen görüşmek isleýär - diýdi.
Aşa agras ýüzli adam bolan gazetiñ eýesi:
- It? O nähili it? - diýip gygyryp sorady.
Işgär hormat bilen:
- Jynsyny bilemok, buýra-buýra tüýli owadan it. Köçeki ite-hä meñzemeýär. Boýnunda bukaw barlygyna seretseñ-ä, eýesi bara meñzeýär. Ganjyk...
Oturanlar gülüşdiler. Gazetiñ eýesi agraslygyny bozman:
- Göreñokmy, häzir ýygnak geçirip durus, garaşsyn... - diýdi.
- Aýtdyk, başlyk. Emma diñlemedi. Möhüm habarym bar diýip, siziñ bilen görüşjekdigini aýdýar.
- Gelsin, olar ýaly bolsa...
Işgär iki açylýan gapynyñ bir tarapyny açyp, iti içerik saldy. It:
- Bagyşlañ, başlyk - diýdi. - Iññän möhüm bir habary dykgatyñyza ýetirmek üçin gyzyldan gymmatly wagtyñyzy alýaryn.
"Möhüm habar" sözüni eşdenden, zaldaky asyl käri žurnalistlik bolan bölüm redaktorlary nädip bir itiñ adam ýaly we adam dilinde gepläp bilýändigine haýran galmagy hem undup, "möhüm habaryñ" nämedigi bilen gyzyklandylar.
Gazetiñ ýazuw işleri boýunça redaktory:
- Bu habary öñ başga gazete beren dälsiñ-ä? - diýdi.
It:
- Ýok, başlyk - diýdi. - Birinji size geldim. Çünki hojaýynym her gün siziñ gazetiñizi alyp okaýar.
Diýseñ medeniýetli gepleýän it:
- Başlyk! - diýdi. - Bir adam meni dişledi.
Bu gezek beýlekilere goşulyp, gazetiñ baş redaktory-da güldi:
- Görýän welin sen diñe adam dilinde gürlemegi däl, žurnalistligi-de öwrenipsiñ.
It:
- Men size bolan wakany gürrüñ berýärin - diýip, stolda oturanlara syrtyny öwrüp, çep budundaly adam dişiniñ salan agyr ýarasyny görkezdi.
Gazetiñ ýazuw işleri boýunça redaktory:
- Indi muny altmyş ýyl bäri hemmeler öwrendi, bilmeýän ýok... - diýdi.
- Nämäni bilmeýän ýok, başlyk? - diýip, it sorady.
- Žurnalistlikde itiñ adamy däl-de, adamyñ iti dişlemesiniñ möhümdigini...
Baş redaktor itiñ geplemegine maý bermän:
- Bu oýnuña hiç kimem ynanmaz - diýdi. - At gazanmak üçin gazete habar boljak bolýanyñ belli. Özüñçe gazetde adym tutular, hatda suratlarym hem çykar diýip arzuw edýänsiñ. Emma biderek azara galypsyñ, gyzym...
"Gyzym" diýen badyna baş redaktoryñ ýüzi çym-gyzyl boldy. Ol gazetde işleýän zenanlara hemişe gyzym diýip öwrenşendigi üçin urkaçy ite-de birdenkä "gyzym" diýäýipdi. Emma haýsydyr bir ite başgalaryñ ýanynda "gyzym" diýmegiñ ýerliksizdigini derhal ýadyna salyp, birküç hezek ardynjyrady-da, sözüne dowam etdi:
- Ýagny... şeýle... Seni bir adamyñ dişländigini habar hökmünde gazetde berib-ä bilmeris. Emma hökman berilsin diýip aýak diräp durjak bolsañ, puluny tölärsiñ, reklama hökmünde çykaraýarys.
It:
- Başlyk! - diýdi. - Men siziñ tanaýan itleriñizden däl. Haýyş edýärin, maña ynanyñ, bir adam hakykatdanam meni dişledi. Özüme reklama bolsun diýip, sensassiýa döretjek bolamok.
Oturanlaryñ biri:
- Onda näme üçin? - diýip sorady.
- Meni dişlän adamyñ guduzlama ähtimallygy bar, şoñ üçin. Başga itleri-de dişläp biler. Gazetde meni dişländigi barada habar çyksa, her kim özüni gorap biler. Hatda kän wagt geçmedik bolsa, meni dişlän adamy barlagdan geçirip, onuñ guduz bolup-bolmandygyny hem anyklap bolar.
- Seni dişlän adamy nädip taparlar öýdýäñ?
- Tanaýaryn men ony, başlyk, ol meniñ hojaýynym.
- Öz hojaýynyñ seni dişledimi? - diýip, gazetiñ baş redaktory geñ galyp sorady.
- Hawa, başlyk aga.
- Ýeri, ýeri, jypdyrjak bolma, bizi beýdip aldap bilmersiñ.
- Aldajak bolamok, başlyk. Ynanmasañyz sorap-idäp göräýiñ.
- Kim bilýär, näme işleri gaýyryp, görgüliniñ gaharyny getirip, oña özüñi dişlemäge mejbur edensiñ.
- Dine meni däl-how - diýip, it janykdy. - Aýalynam dişledi.
Baş redaktor:
- Bir äriñ aýalyny dişlemegi üçin guduz bolmalymy hökman... Bir erkegiñ aýalyny ýa-da aýalynyñ deregne goýan zenany dişlemäge haky bar. Şeýle dälmi, kärdeşler? - diýip, oturanlardan sorady.
Içlerinden biri:
- Hawa, bolman näme, är-aýalyñ arasyndan bular ýaly zatlar bolup biler... - diýdi.
Ýene biri:
- Aýaly ýatyrka dişledimi? - diýip sorady.
- Ýok, başlyk - diýdi it. - Aýaly hajathanadan çykyp barýarka dişledi.
Baş redaktor:
- Bu işiñ wagty-sagady bolmaz - diýdi.
- Dogrudyr welin, bu görnetin guduzlamanyñ alamatyny berýär...
Baş redaktor:
- Guduzlan ýalymy? Topuljagyny hiç bir erkek şobada bilip bilmez...
It:
- Emma başlyk - diýdi. - Agzyndan hyllygy-da akyp durdy.
Ýazuw işleri boýunça redaktor:
- Olar ýaly wagtlarda adamyñ köplenç hyllygam akar, başga zadam...
Baş redaktor ite şeýle diýdi:
- Seniñ bu bize oýnamakçy bolýan oýnuñy häzir dünýäde bilmeýän ýok. Ýagny bir adam bir iti dişlese, munuñ gazete habar bolup düşjegini hemmeler bilýär, şonuñ üçin muña hiç kim ynanmaz, toslap tapýarlar diýerler.
It salyhatlylygy elden bermän, hormat bilen gepledi:
- Adaty ýagdaýda itleriñ adamlary dişleýändigine, bir adamyñ iti dişlese, munuñ diñe gazete habar bolup düşjegine, muny-da bireýýämden bäri hemmeleriñ bilýändigine we adamlaryñ maglumatlaryñ iñ anygyna ynanýandyklaryna düşünmän duramok. Emma ýüzden biri, müñden biri, hatda milliondan biri munuñ tersine bolup bilmezmi?
- Meselem nähili? - diýip, baş redaktor sorady.
- Meselem, bir adamyñ guduzlap, bir iti hakykatdanam dişländigi...
Baş redaktor bolşundan beter çişip we ýañsylaýjy gülümsiräp:
- Bizi aldajak bolmañy bes et! - diýdi.
Ýazuw işleri boýunça redaktor:
- Ýagny seni dişlän eýäñ guduzlandyr öýdüp gorkýarsyñmy?
- Özüm üçin gorkamok. Çünki iññän gowy adam bolan hojaýynym wagtynda maña guduza garşy sanjym etdirendigi üçin meni näçe dişlese-de guduzlamajagymy bilýärin. Meniñ gorkym özüm üçin däl, beýleki itler üçin. Bir adamyñ guduz bolup, bir iti dişläp biljekdigine siziñ kimin başgalary-da ynanmasa we siziñ kimiñ hemmeler hemme zady anyk bilýändirin öýtse, ahyrynda bar boljak zat ýene biz itlere bolar. Guduz howpunyñ öñüni almak üçin guduzlanlary ýygnap aýyrmagyñ deregne, hemişe edilşi ýaly biziñ töweregimizdäki ähli itleri öldürerler.
It näçe janyksa-da, guduzlama ähtimallygy bolan eýesiniñ özüni dişländigi baradaky habary gazetde berdirip bilmedi. Ahyrsoñy baş redaktor iti kowdy.
Köçede gözüni açan it birinji baran gazetinden has az tiražly, emma gowy gazetleriñ biri saýylýan başga bir gazetiñ redaksiýasyna bardy. Ol ýerde-de oña düşünen bolmady.
It ähli gazet-žurnallaryñ redaksiýalaryna aýlandy. Ýöne olaryñ hiç birine-de guduzlama ähtimallygy bolan eýesiniñ özüni dişländigini hiç kime ynandyryp bilmedi. Bu wakany gazete çykaryp, tanymal boljak bolýandyr öýtdüler. Öwrenip, ynanýan zatlaryndan dynnym ýalja şübhe duýmadylar.
Habar beriş serişdelerinden umydyny üzensoñ, töweregindäki guduza ýolukmadyk görgüli itleri ýok edilmekden saklamak islän it radiostudiýa gidip, hakykaty oña aýtmaga synandy. Radiostudiýanyñ başlygy-da birnäçe ýyl bäri hemmeleriñ bilýän "Bir it bir adamy dişlese, diñe gazet habary bolup biler" diýen kadanyñ indi hiç kime gyzykly däldigini aýdyp, iti kowdy. It guduzlama ähtimallygy bolan adamyñ öz itini dişländigi baradaky habary radiodan berilse, degişli işgärleriñ gerekli öñüni alyş çärelerini geçirip, guduzyñ ýaýramagynyñ öñüni alyp boljakdygyny sözi ýer tutmasa-da, aýtmaga synanyşdy. Radiostudiýanyñ başlygy:
- Tölegini töläp, reklama etdirip bilersiñ... - diýdi.
It:
- Habara ynanmaýan diñleýjiler bu wakany reklama edip bereñde ynanarlarmy özi? - diýip sorady.
Radistudiýanyñ başlygy reklamalaryñ ynandyrmak üçin däl-de, aldamak üçin berilýändigini, muny diñleýjileriñem bilýändigini, emma adamlaryñ ynanmak bilen deñ derejede aldanmaga-da döwtalapdygyny aýtdy.
Radiostudiýadanam kowlan it iñ soñky umydyny jemläp telewideniýä gitdi. Telewideniýäniñ başlygy-da öñküleriñ sözüni gaýtalady. It adamy dişlese - mundan habar bolmaz, emma adam iti dişlese - onda bu waka gazet habary bolmaga mynasypdyr. Emma munuñam şeýledigini eýýäm bilmeýän ýok. Şonuñ üçin adamyñ iti dişländigine hiç kim ynanmaz, hemmeler muny toslama habardyr öýder.
It gaharlanmajak bolup gepledi:
- Siz adamlar bilýändiris öýdýän zadyñyzdan hiç şübheleneñzokmy? Müñden bir gezek tötänlik bilen ýalñyşyp biljegiñizi hiç oýuñyza getireñzokmy? Bilýändiris öýdýän zadyñyzyñ dogrudygyny-däldigini ýekeje gezegem bolsa barlap görjek bolañzokmy?
Telewideniýäniñ başlygy:
- Bir zadyñ dogrudygyny bilip durkak, näme üçin şübheleneliñ? Näme üçin ony dörjeläp biderek wagtymyzy gidereliñ?
Ýarasynyñ yzasyndan ýaña agsap zordan ýöreýän it ýolda indi nirä barsamka diýip pikirlendi. Ahyrynda Saglygy goraýyş ministrligine bardy we ministriñ ýanyna giril başardy. It bolmadyk bolanlygynda we adam dilinde gürleşip bilmese onuñ ministriñ ýanyna girip bilmegi mümkin däldi. Ýönekeý adamlar ministriñ garşysyna çykyp bilenok. Emma bu it bir itiñ adam dilinde geplemesiniñ döreden haýranlygyndan peýdalanyp, ministr bilen duşuşma mümkinçiligini gazandy. Ol ministre bolup geçenleri jikme-jik gürrüñ berensoñ, iññän seresaply öñüni alyş işleri geçirilmese guduzyñ ýaýrajakdygyny, ýene hemişeki bolşy ýaly bu gezegem muña hiç hili dahyly ýok itleriñ günäkärlenip ýok ediljekdigini, hiç hili alñasaman, salyhatlylyk bilen düşündirdi.
Ministr ýañsylaýjy gülümsiräp:
- Sen it halyña adamyñ iti dişlemeginiñ täsin waka boljakdygyny öwrenipsiñ - diýdi. - Bir itiñ bilýänini adamlar bilýän däldir öýdýäñmi?
Birdenkä gaşlaryny bürüşdiren ministr gygyrmaga başlady:
- Ýit! Ýit ýok bol-a, gözüme görünme! Ýit!
Guýrugyny ýamzyna gysyp özüni zordan köçä atan it jynsdaşlary bolan itleri guduzlamadygam bolsalar, öldürilmekden halas etmek üçin näme edip biljekdigini serine aýlady. Haýwan meseleleri bilen gyzyklanjagyny umyt edip Ekerançylyk we maldarçylyk ministriniñ ýanyna gitdi, ol ýerdenem oñyn jogap almansoñ, weterinariýa gullugyna, soñra haýwan hassahanasyna, iñ soñunda-da guduz hassahanasyn gidip, degişli işgärlere, ýolbaşçylara ýüz tutdy. Hemmesinden-de birmeñzeş jogap aldy:
- Bu hemmeleriñ bilýän zady... Muña hiç kim ynanmaz!
Bar zatdan ötri olaryñ özleri-de ynanmaýardy.
Bütin umydyny üzen it öýüne dolanyp geldi. Şol wagtyñ içinde öýüniñ ýerleşýän sebitinde guduz eýýäm ýaýrajagyny ýaýrapdy. Adamlaryñ itlerimi, itleriñ adamlarymy, ýogsa-da hemmesi biri-birinimi - kimiñ kimi dişleýändigi belli däldi. Bu ýaramaz ýagdaýa garşy degişli gulluklar işe girişip, guduzlan adamlary aýyrmaga, guduzlamadyklara waksinasiýa geçirmäge, guduz bolsun ýa bolmasyn - tapawudy ýok, itleriñ barsyny öldürmäge başlapdylar.
Boýny bukawly we bukawynda belligi bolan itler, ýagny eýeli itler guduza garşy sanjym edilendikleri bellige alynsa, öldürilmekden halas bolýardy.
Adam dilinde gepleýän itiñ bukawy we bukawynda-da onuñ guduz garşy sanjym alandygy barada belligi bardy. Emma adamlara gep düşündirmek nähili kyn, hatda munuñ indi mümkin däldigine düşünipdi. Bukawyny görkezmäge, bukawynda-da belliginiñ bardygyny aýtmaga ýetişmänkä özüni häkimligiñ it atýançylary öldürer öýdüp gorkýardy. Hiç kime görünmejek bolup ylgaý-ylgaý şäherden çykdy. Şäheriñ gyra çetindäki ýollarynyñ biriniñ gyra-bujaklarynda bir ýerde gizlin sümelge bardy. Bu sümelgede uzak ýaşan bir dana ýaşuly ýaşaýardy. Bu ýaşulynyñ özi ýaly garry iti bardy. Garry it bütin ömrüni ýaşulynyñ ýanynda geçirendigi üçin olam itler baradaky ähli maglumatlary bilip, danalyga ýetipdi. Sümelgäniñ ýokarky gatyndaky penjireden uzaklary synlap duran garry we dana it gözünden uzaklaşyp ylgap barýan ite gözi düşdi. Ol bar güýjüni jemläp, ony çagyrdy.
It yzyna dolandy, sümelgä geldi. Dana it onuñ nirä ylgap barýandygyny sorady.
It:
- Pasport almaga barýaryn... - diýdi.
- Bärden gitmekçimi?
- Hawa.
- Ýurduñy söýeñokmy?
- Ýurdumy şeýle bir söýýärin welin, oñ ugrunda şirin janymy-da gaýgyrmaryn. Emma bir akmaklyk zerarly boş ýere ölesim gelenok.
- Guduz keseli sebäpli ähli itleri öldürýärler diýip, bu ýurtdan gaçyp barýarsyñ. Biraz wagt geçensoñ, bu jenaýatlaram togtar. Senem şol wagta çenli öz öýüñde ýa-da bärde ýatyp garaş!
- Öldürilmekden gorkup bärden gitjek bolamok...
- Onda näme üçin gitjek bolýarsyñ?
- Çünki bu ýurtda hemmeler hemme zady bilýändirin öýdýär.
- Bu ýurtda hemmeler hemme zady bilýändirin öýtse, ýeke söz bilen ol ýurtda hiç kimiñ hiç zady bilmeýändigini añladýar. - Dana it säginen ýaly edip, ol itden sorady: - Ýeri, nirä gitmekçi bolýarsyñ?
- Heniz anyk nirä gitjegim-ä bilemok, ýöne hemmeleriñ hemme zady bilýändigine ynanmaýan, adamlaryñ anyk maglumatlardanam yzygiderli, iñ bolmanda käwagt şübhelenýän haýsam bolsa bir ýurduna gitjek.
Dana it:
- Ýeri bolýar - diýdi. - Ýaşym ötüşen bolmasady, güýç-kuwwatym bolsady, menem seniñ bilen bile haýsam bolsa bir ýurt diýýän ýurduña giderdum. Bilşiñ ýaly hojaýynymyñ kän-kän kitaply uly kitaphanasy bar. Señ bilen şol kitaphana gideli. Ol ýerde kartalara, ensiklopediýalara seredeli. Syýahatnamalary, geografiýa kitaplaryny okaly. Ilki hemmeleriñ hemme zady bilýändiris öýtmeýän ýurduñ nirededigini bir tapaly.
Olar tirkeşip, sümelgedäki kitaphana bardylar. Dana it atlaslary, ensiklopediýalary, kartalary, kitaplary çykardy, ýaýdy, serdi.
- Ynha! - diýdi.
Seretdiler, gözlediler, okadylar, emma dünýäde hemmeleriñ hemme zadt bilýändiris öýtmeýän ýurduny tapmadylar.
Dana it:
- Görýäñ dälmi? - diýdi. - Dünýäde gidip biläýjek başga ýerimiz ýok...
- Beýle bolsa indi näme ederkäk? - diýip, adam dilinde geplän it sorady.
- Iñ gowsy, adamlaryñ bilýänlerine ynanman, bilýän zatlaryndan şübhelenjek günüñ geljegine umyt edip, dogduk depämizde galyp garaşmak.
- Şo wagta çenli ýaşarysmyka özi bir...
Iki it dişleri bilen biri-biriniñ boýnundaky bukawy goparyp aýyrdylar. Kitaphanadan we sümelgeden çykdylar. Şähere tarap ýörediler. Olar ýok edilmek üçin toplanan itleriñ arasyna goşulmaga gitdiler.
Eziz NESIN.
Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Satiriki hekaýalar