13:15 Her gezeginde diwara urulmak | |
HER GEZEGINDE DIWARA URULMAK
Publisistika
Bu ýazgymda “düşünje zarýadkasyny-pikir maşkyny" edeýin. Çünki, ýurtdaky çekişmeler rutinanyñ daşyna çykanok. Çykyş gürrüñim - Ukraina-Russiýa urşy! Çekişmeleriñ merkezinde şu sorag bar: "Uruşa kim sebäp boldy?" Bu ýadadyjy gürrüñe gaýta-gaýta sizi sokmazlyk üçin Afrikadan mysal bereýin: Ruandada 1994-nji ýylda 800 müñ adamyñ genosode uçrap, öldürilmeginiñ sebäbi nämedi? - Belgiýanyñ we Fransiýanyñ kolonial syýasatlary... - Afrika çeşmeli milletparazçylyga esaslanýan teoriýalar... - Tutsi sebitiniñ bol hasylly ekerançylyk meýdanlary... - Hutu taýpasyndan bolan Ruandanyñ Prezidentiniñ öldürilmegi... - ABŞ-nyñ ýurtdan BMG-nyñ güýçlerini çykarmagy... Uzatmaýyn... Şeýle ýagdaýy Sudan, Yrak, Liwiýa, Siriýa, Owganystan ýaly näçe ýurt başdan geçirdi? Görşümiz ýaly: Ukraina-Russiýa urşy ýaly ähli netijeleri orta çykarýan "sebäp" soragy her kime görä birhili jogap tapýar. Eýsem, hakykat näme? Diñe jemgyýetçilik reallygy bolup bilermi? Reallyk diýenimizde diñe fiziki jisimi-maddany düşünmelimi ýa-da olam takdyr ýaly Hudaýyñ eradasymy? Ýa-da: Günbatar merkezli düşünje ulgamynyñ "süññünde" çüýrüklik bolup bilermi? Öwredilen "bilim programmasy" näderejede dogry? Her bir hadysa jogap berýän hökmany ýat tutma endigi dünýä meseleleriniñ garşysynda ýöwselleýärmi, ejizlik edýärmi? Metafizikany bir gyra zyñan üç ýüz ýyllyk Aýdyñlanma eýýamy (Renessans) beýgelişden we durgunlaýyşdan soñ çöküşe geçdimi? Çekişmeleriñ göýdük bolmagynyñ sebäbi şumy? • DÜÝBÜNI KIM TUTDY? Günbataryñ düşünje ulgamynyñ düýbüni XVII asyrda Nýutonyñ fizika kanunlary - determinizm tutdy. Dünýä mehaniki (awtomatiki ýagdaýda işleýän sagat ýaly) garaýan fizikanyñ kanunlary adamyñ äleme bolan garaýşyny we onuñ guran takdyrçylyk ýaly gatnaşyklaryny düýpgöter üýtgetdi. Dekart pelsepede, Nýuton fizikada binýady matematikadan tutulan akyly öñe çykardy. Bu ulgama "modern ylmy düşünje" diýildi. Ylmy-tejribe, akyl diñe laboratoriýada ýokdy. Ylmylygy öñe sürüp syýasat, ykdysadyýet, pelsepe, sosial ylymlar täzeden ele alyndy, guramalaşdyryldy. Bu düşünje sistematikasyna tankydy bellikler bolman durmady. Gaýtam fizikada şeýle bir üýtgeşmeler boldy welin, muña garamazdan häzirem Nýutonyñ täsir eden (mysal üçin kapitalizm) düşünje sistematikasy dünýäniñ boýnuna dakylýar! Bilimiñ hökmany şerti bolan sebäpçillik-determinizm fiziki ylymlarda bolşy ýaly gumanitar ylymlarda-da anyklyk bilen amal edilip bilinermi? Buýr-bulaşyk hadysalary "ýekeje formula" bilen düşündirip bolarmy? Gumanitar (sosial) ylymlarda meñzeş "sebäp" her gezeginde dünýäniñ çar künjünde meñzeş "netijäni" döredip bilermi? Galyberse-de... ýönekeý ýöntemleşdirme (“Putin aklyndan azaşypdyr” diýen ýaly) ýoly bilen sap adamyñ özüni alyp barşyna salgylanyp hadysalara düşündiriş berjek bolmak ýalñyşdyryp bilmezmi? Hawa, Nýutonyñ fizikasynyñ üstünde gurlan sosial ylymlary gaýtadan gözden geçirmegiñ müddeti gelip ýetmedimi? • DERÑEMEK HÖKMANY ŞERT Metafizika durgunlykdyr, özgerişi materializm öñe tutýar. Renessans eýýamynyñ tutalgasy "ösüş" düşünjesidi. Dowamly ösüşi üpjün edip biljek ýeke-täk güýç bolsa, maddany gönezlik edinen dünýewi-anyk ylymdy... Emma käbirleriniñ pikiriçe ylmy ösüş ewolýusion proses ýaly dowamly we üznüksiz bolup bilenok. Ylmyñ rasional we bitarap ugurdygy hakykaty añlatmaýar. Mysal üçin: Pol Feýarebendiñ pikiriçe, "ylymdan başga halas boluş ýa-da dogry ýol ýok" diýen söz ertekiden ybarat... Tomas Kunyñ pikiriçe, ylym paradigma-modele görä üýtgeýär, ylmy ugrukdyrýan esasy faktor alymlaryñ psihologiki we sosiologiki aýratynlyklarydyr... Žozef Nidemiñ pikiriçe, “hakykata diñe ylmy hakykatlar arkaly ýetip bolar" sözi "anglo-sakson" näsaglygyndan başga zat däl!" Adamyñ düşünmeýän, göz ýetirip ýa-da ölçerip bilmeýän her bir zady ret etmesi bilen ýöntemleşdiriji añyýet kemala getiripdiler! Marksist Frankfurt mekdebiniñ wekilleri (Ýurgen Habermas, Gerbert Markus, Žan Bodriýýar ýaly) hemme zadyñ esasyny mehanikleşdirme we ewolýusionlaşdyrma tagallalaryny, ýaşaýyşyñ tebigatyna-deñagramlylygyna garşy hereket hasaplady. Hem bu hereketiñ esasynda añsat dolandyryp bolýan gomogen-jynsdaş dünýä döretmek taslamasynyñ bardygyny öñe sürdüler... "Ukraina-Russiýa uruşynda kimiñki dogry" sowalyna berilen jogaplara şu nukdaýnazardanam seredip görüñ. 2022-nji ýyla geldik. Günbataryñ gelen ýeri nire? Günbatarda köpçüligiñ birmeñzeş pikirde bolmagynyñ düýbünde näme ýatyr? Maddy reallyklara goldanýan pozitiwist nukdaýnazar dogrumy, ýa bolmasa Günbatar aýdyñlanmasy çökýärmi? Günbatar bilen Gündogaryñ arasynda täzeden döräp barýan "Sowuk uruşyñ" düýbünde haýsy düşünjewi paradigma bar? Mesele diñe Ukraina-Russiýa urşy-da däl... COV-19 ýokanjy ABŞ-da 979 müñ adamyñ janyny alan wagty, ilaty 1.5 milliard bolan Hytaýda ölenleriñ sany nämïçin 5 müñ bilen çäklendi? Kapitalizmi-de döreden Günbatar düşünje tradisiýasyny derñemezden hiç bir sowala hakyky jogabyny berip bilmersiñiz! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |