11:17 "Her kim ýaşamaly ýaşyny ýaşar..." | |
"HER KIM ÝAŞAMALY ÝAŞYNY ÝAŞAR...“
Goşgular
Hakyň eradasy bilen dünýäde, Her kim ýaşamaly ýaşyny ýaşar. Jahyllar, gojalar, ýaňy inýän-de, Her kim ýaşamaly ýaşyny ýaşar. Öýlüsi, öýsüzi, garyby, baýy, Ýurt eýesi, agyr illi agaýy, Karuna gol ýapan, Hatamyň taýy... Her kim ýaşamaly ýaşyny ýaşar. "Bu dünýäniň wepasy ýok“ diýmäňler, Munuň üçin gazap donun geýmäňler, Bu dünýäni söýmedigi söýmäňler, Her kim ýaşamaly ýaşyny ýaşar. Däli ýaşar, doly ýaşar, gul ýaşar, Loly ýaşar, ala ýaşar, dul ýaşar. Halal ýaşar, haram ýaşar, pul ýaşar, Her kim ýaşar ýaşamaly ýaşyny. Gysylma, gysganma ýeriň ýüzüni, Aç göwnüňi, aç göwsüň, aç ýüzüňi. Baky- diýip bilme –ýeriň ýüzüni, Her kim ýaşamaly ýaşyny ýaşar... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |