06:56 Her ýeten batyr, emma jemgyýet gorkak | |
HER ÝETEN BATYR, EMMA JEMGYÝET GORKAK
Publisistika
Batyrgaýlyk sözi köp gaýtalananda, men-ä nämüçindir gorkaklygyñ pikirini has köp edýärin. Syýasy liderler bu sözi diýseñ gowy görýär Käte bir seredýäñ, töweregiñde görýän adamlaryñ köpüsi dawalaşmaga taýýar duran ýaly: ýüzler asyk, gaşlar çytyk, ýörişler gaharly... Her ýeten özbaşyna batyr. Ýeke özi bolanda gepleýşi bilenem, özüni alyp baryşy bilenem hiç zatdan gorkmaýan adamlar bir ýere üýşüp, ullakan halky emele getirenlerinde ýagdaý şobada üýtgäp duruberýär. Häkimiýet "daşarky güýçler", "ykdysadyýet", pylan-pysmydan diýende, şobada hemme zat, bu gözsüz batyr adamlardan emele gelen halka islänini edýär. Jogap? Jogap ýok. Dyñkyny çykaranyñ mañlaýy garyşlanmaga taýýar. Ýekeleýin alanda islendik adamyñ batyr saýylýan jemgyýetiniñ gorkak bolmagy juda täsin. * * * Batyrgaýlyk sözi köp gaýtalananda, men-ä nämüçindir gorkaklygyñ pikirini has köp edýärin. Syýasy liderler bu sözi diýseñ gowy görýär. Häkimiýet problemalara, duşmanlara, terrorizme, daşarky güýçlere, lobbilere we beýlekilere garşy batyrgaýlyk bilen söweşýändigini ýanjap aýtmagy gowy görýär. Oppozisiýa hem boş durjakmy? Olam hemme meselede batyrgaýlygyñ tarapdary, elbetde. Üstesine, olam häkimiýete garşy batyrgaýlyk görkezýändigini yglan edýär. Her dürli syýasy ugurdan, ideologiýadan, dini ynançdan we dürli sosial gatlaklardan bolanlar biri-birine garşy "batyrgaý" pozalary berýär. Gorkusyny aç-açan boýun alyp biljek derejede açyk sözli, we dogry-dürs adamy tapmak mümkin däl diýen ýaly. Napoleonyñ meşhur sözüni ýatlamazlyk mümkinmi: "Dünýäde öýkünip bolmajak ýeke-täk zat batyrgaýlykdyr". Şilleriñ sözi bilenem gürrüñimizi berkideliñ: "Batyrgaýlyk ömri hiç zat hasaplaýar, wyždany däl". Nedir bu işiñ syry? Gorkaklyk nirede gutarýar? Batyrgaýlyk nirede başlanýar? Batyrgaýlyga çagyrýan her öñýeten öz-özünden "batyr" sypatyna mynasypmy beri? Çagyryş edilýänler gorkakmy näme? * * * Nedir bu "her derdiñ dowasy" batyrgaýlyk? Syýasy garşydaşlaryny ýok etmäge dyrjaşmakmy batyrgaýlygyñ alamaty? Ýa bolmasa olar bilen bir ýerde, emma olardan has gowy bolmaga güýç sarp etmekmi? Iñ köp başgalary bilen göreşýänmi has batyr? Ýa özüne garşy göreşip bilýänmi? Batyrgaýlyk adamyñ beren sözünden we ýöreýän ýolundan asla dönmezligimi? Ýa-da ösüşi we özgerişi başaryp bilmegimi? Agdarylyşyk ýa-da rewolýusiýa geçirip ýöräp duran düzgüni üýtgeden batyr dälmi? Ýa agdarylyşyga we rewolýusiýa garşy goranan? Ähli meselelere we kynçylyklara garşy "jogapkärçilik" duýgusyna goldanyp häkimiýetde galmak batyrlykmydyr? Ýa bolmasa wagty-sagadynyñ gelendigini görüp, öz islegiñ bilen işden gitmekmi? Başgalardan üýtgeşik geýinmek, hereket etmek, gepleşmek, pikir etmek batyrgaýlykmy? Batyrgaýlyk biziñki ýaly ýurtda syrtfyruş bolup, syrtfyruşlygyñy aç-açan aýdyp bilmekmi? Hudaýsyzlygyñy aýdyp bilmekdemi batyrgaýlyk? Ýa bolmasa, Hudaýdan başga hiç zatdan gorkmaýanlaryñ imanlaryndamy? Düşünmesi kyn sungat eserini döreden batyr saýylmalymy? * * * Täp-täze şähere, hatda ýurda gidip, şol ýerde ýaşamagy netiñr düwmekmi batyrgaýlyk? Ýa-da, meselem, kyrkyñdan soñ düýbünden başgaça käre baş goşmakmy? Täze dostluk açmaga girişmek, ýüregiñi täze adama açmak batyrgaý hereketmidir? Elmydama bagyşlap bilmekmi batyrgaýlyk? Ýa bolmasa çüýrän gatnaşyga neşteri urup bilmekmi? Batyrgaýlyk ýakynlaryña garşy her dürli özüñe ynamlylygy görkezip bilmekmi? Ýa öz durmuşyñy mynasyp ýaşamaga synanyşmakmy? Olam batyrgaýlyk dälmikä? Iñ kyn pursatlarynda-da özünde gülmäge güýç tapýan adama batyrgaý diýmelimi? Ýa bolmasa aglamakdan utanmaýana? Garañkylykdan gorkmaýan islendik kişi batyrgaýmydyr? Howp-hataryñ her dürlüsi batyrgaýlygyñ alamatymydyr? Ogrular we ganhorlar batyr adamlarmy? Maşgalasyna, çagalaryna, daş-töweregine duýulýan jogapkärçilik we sabyr-kanagat bilen, içi bireýýäm garalyp giden maşgalany dowam etdirmekmi batyrgaýlyk? Ýa-da gapyny depip gitmekmi? Soñky haty ýazmak batyrgaýlykmy? Ýa-da ony açyp okamak? Durmuşyñ ähli sürünmelerine garşy ýaşamak üçin göreşe aldym-berdimli dowam edip bilen has batyrmy? Ýa bolmasa iñ gymmatly zadyndanam el çekmekden çekinmezden öz janyna kast etmegi saýlan alan? Hakan AKSAÝ. "T24" internet gazeti, 10.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |