11:57 Heýkeller ýylgyrmaýar | |
HEÝKELLER ÝYLGYRMAÝAR
Goşgular
Sygan bagşy hakdaky poemamy radio eltemde, «Orazgeldi Ylýasowyñ ölümine 20 ýyldan soñ aglamak gerekmikä?» diýen jümleni ýazmaga eli baran işgäre jogap Bir ömrüñ şerbedi näçe köp bolsa, Şonça ajy bolýar ölüm awusy. Näçe beýik boldugyça şahsyýet, Şonça uzak bolýar onuñ agysy. Menden gowy bilýäň bu zatlary sen, Menden köpem bilýäň. Ýok oňa dawam. Bir zady bileňok: Ikimiz gitsek, Adamlaň näçe wagt ýüregi awar? Näçe wagtlap agymyzy aglarlar? Üç günmi? Kyrk günmi? Ýigrimi ýylmy? (Adam galan däldir dodak çöwire, Görseň, hemme kişiň ýetendir ylmy!) ... Dessanyň iñ soňky şahasyn okap, Ýyldyz daga owsundyryp hyýaly, Göroglyň ölmüne aglamadyňmy, Göýä ol soňky jeň düýn bolan ýaly? Eýsem, indi türkmen iki asyrlap Aglanokmy Magtymgulyñ agysyn? Gaýdyp berip bilerismi ikimiz Bu halka, söýgüli Berdi agasyn? Indi: «Öldüm, eý waý, gelinler!» diýip, Kim gygyrsyn Sahy bagşyñ deregne? (Bak, Heýkeller gamgyn bolup durýandyr, Kellä guş gonýandyr, Alada — egne). Namart busar, Mert galar ör-boýuna. Şir özüni ýeke gezek awladar. «Güýz, güýz» diýip, Güýz gününde hoşlaşan Gurbannazar entek bizi agladar. ... Gowy görşi ýaly gelin-gyzlary Sekizinji martda hoşlaşan Halyl Ýatyr gapdalynda Gurbannazaryň Gygyryp: «Näm bold-ow, Oglanlar hany?» Hany Täşli? Hany Saýlaw? Italmaz? Kynmy bir-biriňi saklamak aýap? Her haýsy bir deräň şir-peleňidi, Doňdular, Öwrülip hersi bir gaýa. Näme beýle gysga biziň ömrümiz? Bizi öldürýen zat — Dostlaryň ölmi. Hazan ýeli kürsäp, girende baga, Soldurýar — Parhy ýok — Tikenmi, gülmi. Kemelende her gezek bir dostumyz, Bir salym ýuwaşap, Ümsümje gezýäs. Soňam sessiz aglap (Ne alaç başga!), Ýürekden bagyşlap Hem ýatlap ýazýas. Şäher Borjak. Öwezmyrat. Hanguly... Sana, Näçe sapar agzymyz bişdi? Haýsy biri gitdi gojalyp-garrap, Haýsy biri hasa tutup ýetişdi? Irräk gitmedimi Gara Seýitli? Kaýda mesgen tutdy gardaş Abdylla? Ussadyň yzynda galýan eserler Gör, kim üçin — kagyz, Kim üçin — tylla! Bizi ýene näçe ýyllap agladar Nury Halmämmediň jadygöý sazy? Näçe ýyllap ýürekleri elendir Annaberdi Atdanowyň owazy? Eýsem, Gurt Ýakubyň «Serwi agajy» Wagtyndan ir dökmedimi ýapragyn? Ynha indem Memmet Seýit bimahal Ýassanmaly boldy Durun topragyn. Aglap ýetişmänkäk onuñ agysyn, (Näm bolany köpimize näbelli!) Lowlap-lowlap ýanyp, Köräbem söndi Elli ýaşdan ýaňy geçen Ýa. Belli. Eýsem, indi bu merhumlaň agysyn Şeýdip ýuwaş-ýuwaş soňlaýarysmy? Ýa yzynda toplap eserlerini, Baýraga hödürläp oňaýarysmy? Şükür, Wezipe bar ikimizde-de, Ýöne, ol hakda däl meniň söhbetim. Kesgitlemek saňa, maňa galmandyr Uly ýitgä aglamagyň möhletin. Deýýuslaň gybaty, Golsuz arzasy Ýene näçe äriň başyna ýeter?! Şolardan goraly galanlarmyzy, Şeýtsek, Gidenlerem rahadrak ýatar. Men ýazýançam, Sen atanak çekýänçäň, Bir näkesiň gurdy gündiz uwlapdyr: Halkyň eziz görýän ogullarynyň Ýene biri keselhana ugrapdyr. Ýetişeli! Gopar syrtyň kürsüden! (Pikir etme, Sen hiç haçan ölmersiň!) Şeýdip, men-ä onça ýyllap aglaman, Senem meni diñdirmeli bolmarsyñ. Şiraly NURMYRADOW | |
|
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Täzeçe tuýuglar / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |