19:05 Hezil aganyň kerpiç guýuşy / satiriki hekaýa | |
HEZIL AGANYÑ KERPIÇ GUÝUŞY
Satiriki hekaýalar
― Oglanlaň enesi, men-ä garaž ediner ýaly birneme kerpiç guýjak ― diýip, Hezil aga çaýynyň soňuny käsä guýdy. ― Wah-eý, sendenem bir kerpiç guýan bolarmy. Ile masgara bolanyň galar-da. Ynha, üýşerler ýanyňa, senem başlarsyň lakgyldap, baý kerpiç guýarsyň-a. ― Näme, indi il ýanyma geler diýip, gol gowşuryp oturybermeli bolarmy? Mahlasy, Hezil aga galyp tapdy, laý taýynlady, uly ýoluň gyrasyndan ýer gyrçady. Şeýdibem işe başlady. Ol laý üýşmegi bilen gyrçalan ýeriň arasynda ýaňy ýedi gatnapdy. Ýigrimi sekiz sany kerpiç owadan hatar emele getirip ýatyrdy. Gelim-gidim başlandy. Ilki bilen Annasähet aga geldi. ― Essalawmaleýkim, sakaldaş ― diýip, ol eşeginiň başyny çekdi. ― Waleýkimessalam Annasähet. ― Ýeri, Hezil, kerpiji azaldýaňmy? ― Ýok, köpeldýän. ― Hany, onda bir nas ber. ― Nasly çüýşe honha, penjegiň jübüsindedir. Hezil aga bilen Annasähet aganyň gürrüňi on-on bäş minuta çekdi. Şondan soň esli salym hiç kim gelmedi. Birdenem Nurmyrat poçtalýon tigriniň jylawyny bärik öwürdi. ― O-haw, Hezil aga, armaweri. ― Bo-o, Nurmyrat, bar bolaweri. Şondan soň gelim-gidim barha ýygjamlaşdy. Kim nas dilese, käbiri çilim soraýardy. Sorag üstüne sorag ýagyp ugrady. ― Her gün näçe guýýaň? ― Laýyň gowy çykdymy? ― Bize-de guýup bersene. Gepiň tümmek ýeri Hezil aganyň uzakly gün guýan kerpiji zordan üç ýüze ýetdi. Ertesi Hezil aga bir uly faneranyň ýüzüne iri-iri hatlar ýazdy. Fanerany bolsa taýaga berkitdi. Şeýdibem ony kerpiç guýýan ýerinde kakyp goýdy. Adamlar ýene-de gelmäge başladylar. Biri gelip salawmaleýkim diýse, Hezil aga fanera tarap elini uzadyp, işi bilen boluberdi. Indi gelenler faneranyň ýüzündäki sözleri okap gidibermän, gaýtam ýoldan geçýänleri-de çagyrýardylar. Märeke ýygnandy. Adamlar içlerini tutuşyp gülüşýärdiler. Faneranyň ýüzünde bolsa şeýle sözler ýazylgydy: 1. Waleýkimessalam. 2. Şükür. 3. Bar boluň. 4. Nas gutardy. 5. Çilim çekemok. 6. Gaýrat etsem-ä müň bäş ýüz kerpiç guýýan, päsgel berýän köp boluberse-de müñüni guýýan. 7. Ile guýup bermäge gurbatym ýok. 8. Laý gowy çykdy, çäge gatyşykly toýun. 9. Bäş müň guýjak. 10. Garaž gurunjak. 11. Sizem sag boluň. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||