18:51 Hezreti Äşäniñ ýaşy | |
HEZRETI ÄŞÄNIÑ ÝAŞY
Publisistika
Alty ýaşly gyz çagajygyñ äre berilmegi barypýatan pedofiliýa jenaýaty. Jenaýat we jezanyñ indiwidualdygyna şek-şübhe ýok. Ýogsa-da... Türkiýede kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryñ başyny çatmak birinji gezek duş gelýärmi? Nämä esaslanyp şeýdilýär? Düýp mesele progressiw yslamyñ "obaly ynanja" berilmeginden gelip çykýar. Az düşünýänler ýalñyş düşündirmegi dowam etdirýär... Bu gezek dogry ýoldan azaşylansoñ hakykatlary ýerbe-ýer etmek kynlaşýar. Onsoñam... Syýasy durmuşda "ynanç peýdakeşligi" artansoñ, "obaly ynanjyñ" täsir ediş meýdany mazaly ulalýar. Dini işler ministrliginden başlap syýasatçylara çenli barsy medeniýet dini yslamyñ öldürilişine tomaşa edýär! Ýogsam bolmasa bu erbetligiñ - jemgyýetçilik nogsanlygynyñ sakasyny guratmaly ahyryn! Munuñ üçin turuwbaşdan çynlakaýlyk, aýdyñlanmaga ymtylyş bolmaly... Çünki alty ýaşly çagajygyñ durmuşa çykarylmagynyñ sakasy hurafada: * * * Yslam taryhynda Hezreti Äşe ýaly çekişmeleriñ jümmüşinde bolan başga sahaba ýok. Hezreti Muhammede näçe ýaşynda durmuşa çykandygy bulardan biri. Kimsine görä 6, kimsine görä 9, kimsine görä 18, kimsine görä-de 20... Haýsysy dogry? Ilki bilen şuny bilmeli: Adamyñ 1400 ýyl mundan öñki biologiki ýaşyny anyk bilmek mümkin däl. Ýaş düşünjesi Renessans we senagatlaşmak bilen birlikde taryh sahnasyna çykan buržuaziýa bilen birküç asyr öñ döredi. Kim aýdyp biljek Hezreti How enemiziñ almany näçe ýaşynda dişländigini ýa Hezreti Merýemiñ Hezreti Isany näçe ýaşynda dogurandygyny? Sowalyñ jogabyna geler bolsak: Mekgäniñ iñ uly kureýş taýpasynyñ birnäçe şahasy bardy. Bularyñ biri-de teým tiresidi. Teým tiresi jahylyýet döwründe (uruşlarda ýesir alnyp, gyrnak edilmegi ýaly masgaraçylygyñ öñüni almak üçin) gyz çagajyklaryny diriligine ýere gömen, suwa oklap gark eden, guýa oklan tireleriñ biridir… Hezreti Ebu Bekir hem şol tiredendi. Ol gyzy Hezreti Äşäni däbe eýerip, garyndaşy Mutim ogly Jübeýre berdi. Hezreti Äşe näçe ýaşyndady? * * * Aýbaşysy (menstruasiýa) gelip başlmagy gyzlaryñ kämillik ýaşyna gadam basandygyny añladýardy. Diñe yslam däl, ähli ynançlarda maşgala gurmagyñ ýaşy aýbaşy bilen başlapdyr. Butparaz Jübeýr Hezreti Ebu Bekiriñ musulman bolanyna gahary gelip, nikasyny bozdy. Eger şeýle bolýan bolsa: Hezreti Ebu Bekir 38 ýaşynda - 611-nji ýylda musulman boldy. Diýmek ol gyzyny 611-nji ýyldan öñ durmuşa çykarypdyr. Ýogsam bolmasa, Jübeýr musulman bolan Hezreti Ebu Bekiriñ gyzyna öýlenermidi? Hezreti Äşäniñ resmi taýdan kesgitlenilen 614-nji ýylda doglandygy hiç bir babatda tasa gelenok! Şeýle-de: Hezreti Muhammet (s.a.w) Hezreti Äşe bilen 622-nji ýylyñ ahyrynda ýa-da 623-nji ýylyñ başynda Medinede goş birikdirdi. Käbirleri munuñ 624-nji ýylda bolup geçenini aýdýar... O nädip onsoñ Hezreti Muhammede durmuşa çykanda Hezreti Äşäniñ ýaşy 6 ýa-da 9 bolýarmyş? Özem, Äşäniñ gyzy Hezreti Patma bilen ýaşytdaşlygy aýdylýar, eger şeýle bolýan bolsa ol durmuşa çykanda Hezreti Äşe azyndan 20 ýaşynda dagy bolmaly... we ş.m. we ş.m. * * * Gürrüñimizi delillendirmek üçin goşmaça maglumatlary bersem gowy bolar: Aýalyñ äriniñ öýünden kowulmagy şol döwür iñ uly masgaraçylyk hasaplanýardy. Aýal-gyzlary jahylyýet döwrüniñ yzagalaklyklaryndan halas etmek islän Hezreti Muhammet (s.a.w) özüniñ görüm-göreldelik durmuşy bilen jemgyýete nusga boldy. Onuñ Hezreti Äşä öýlenmeginiñ sebäbi-de şudy. Galyberse-de: Hezreti Muhammet (s.a.w) adamsy aradan çykansoñ ýeke galan we garyndaşlarynyñ musulmanlykdan dänse öýlerine kabul ediljekdigi aýdylan 54 ýaşly Sewde bint Zemi-de şonuñ üçin nikasyna salypdy... Uruş zerarly dul galan aýallar - 60 ýaşly Zeýnep bint Huzeýme, 45 ýaşly Ümmi Seleme, 44 ýaşly Reýhana bint Zeýd bilenem şu sebäpli nikalaşypdy... Hezreti Muhammet jemgyýeti hemmetaraplaýyn ösüşe ataran hakyky rewolýusionerdi, muña 14 asyrdan soñ häzirem düşünilmezligi nähili gynançly! Köp adamyñ düşünjek bolma ukyby ýok, hemmesi peýdakeş! Bu ýurtda hurafa dinden güýçli... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |