14:52 Hezreti Muhammet türkçe ybadata garşy çykarmydy? | |
HEZRETI MUHAMMET TÜRKÇE YBADATA GARŞY ÇYKARMYDY?
Publisistika
Çorumyñ Ymam Hatyp mekdebi professor Haýretdin Karaman, professor Süleýman Uludag ýaly giñ düşünjeli, okumyş ylahyýetçileri ýetişdirmegi bilen giñden tanalýar. Süleýman Uludagyñ "Yslam nukdaýnazaryndan aýdym-saz we sema" atly ajaýyp ylmy işi bar. "Aýdym-saz harammy ýa däl?" soragyna kanagatlandyryjy jogaplary berýär. Gürrüñsiz, käbir dinparaz fanatlaryñ tersine aýdym-sazyñ haram däldigini aýatlara, hadyslara goldanyp düşündirýär. Ýöne meniñ ýazjak bolýanym bu barada däl. Gurhanyñ haýsy saz diline ýanap okalyp bilinjekdigi barada ýazanlaryny siziñ bilen paýlaşasym gelýär. Çünki şundan sözbaşydaky soragyñ jogabyna geçeris: "Gurhan arap dilinde inipdir. Şonuñ üçin ony arap diliniñ sazy (lühunü’l Arap) bilen okamak esasdyr. Bu ýerde arap diliniñ sazy (labyz) bilen okamakdan maksat - araplaryñ uzyn okaýan bogunlaryny uzyn, gysga okaýanlaryny gysga, galyñ okaýanlaryny galyñ, inçe (süýndürip) okaýanlaryny inçe okamak ses we bogunlaryñ bölünip aýdylyş esaslaryna eýerýär. Arap dilindäki tekstiñ okalmagynda şol diliñ fonetikasynyñ esas alynmagyndan dogry zat bolup bilmez. Emma bu ýagdaý türki we pars halklary ýaly arap däl halklaryñ Gurhany öz dil sazlary, hanjara edilen we milli sesleri bilen okap bilmejekdiklerini, arap çekimine we hapyzlaryna öýkünmäge mejburdyklaryny añlatmaýar. Her halkyñ Gurhany öz milli sesi bilen okamagy onuñ täsirini artdyrýar we telkin güýjüni kuwwatlandyrýar. (...) Türkler öñden bäri öz bokurdak, ses, dil sazyna utgaşykly deklamasiýa eýe. Stambul deklamasiýasy diýilýän okaýyş stili munyñ tipiki mysalydyr. Bu stile "arap labzy bilen deklamasiýa (lühunü’l-Arab) frazasyna garşylyklaýyn "Türk labzy bilen okamak" (lühunü’l-etrak) diýip bileris. Şeýlelikde, lühunül’etrak bilen Gurhan okalmagyna garşy çykýan hadysyñ arap milletçileri ýa-da fanatlary tarapyndan toslanandygyna göz ýetirilenden soñ, sahyh hadyslara goldanyp, türk labzy bilen Gurhan okamagyñ bolýandygyny aýdyp bileris". Professor Süleýman Uludag bu babatda Hezreti Muhammetden-de bir mysala ýüzlenýär: "Buhary, Müslim, Tirmizi, Ebu Dawut, Nesaýy, Ibn Maje ýaly hadys alymlary tarapyndan rowaýat edilen bir hadysda Hezreti Omaryñ bir gün Hişam ibn Hakimiñ namazdaka "Furkan" süresini Resulallanyñ özüne okadan terzinden doly başgaça görnüşde okaýandygyny görüp gahary gelipdie we namazyñ gutarmagyna zordan garaşypdyr. Ol namazyny gutaran badyna Hişamyñ ýakasyna ýapyşyp: "Saña bu deklamasiýany kim öwretdi?’ diýip sorapdyr. Hişam "Resulalla öwretdi" diýse-de, "Ýalan sözleme. Çünki Resulalla bu süräni maña seniñ okaýşyñdan başgarak görnüşde okady" diýipdir. Sonra Hişamyñ elinden tutup pygamberimiziñ huzuryna getiripdir we ýagdaýy aýdyp beripdir. Resulalla ilki Hişama: "Oka, ýa Hişam" diýipdir. Hişamyñ öñki okaýşy ýaly "Furkan" süresini okamagyndan soñ, Resulalla: "Dogry, ine! Gurhan şular ýaly indi" diýipdir. Soñra şol süräni Hezreti Omara okadypdyr, olam şol süräni öz bilşi ýaly we Hişamdan tapawutly görnüşde okapdyr. Resulalla oña-da: "Bulam dogry, Gurhan şular ýalam indi" diýip, soñam: - Gürrüñsiz, Gurhan ýedi harp boýunça indi. Añsat düşenini we isläniñizi okañ - diýipdir. Iñ ygtybarly çeşmeler tarapyndan habar berilen bu hadysdan hem görnüşi ýaly, Hezreti Pygamber (s.a.w) musulmanlaryñ Gurhany dürli-dürli görnüşlerde okamaklaryny ündäpdir. Ikisi-de hakyky arap bolan adamlaryñ dürli hili okamalaryna oñyn göz bilen sereden Hezreti Pygamber (s.a.w) has oñlanmaly ýagdaý bolan milli sesleriñ arasyndaky çaprazlyga oñyn garşylap, gidermesi mümkin däl bu tapawutlyklaryñ aradan aýrylmagyny talap etmezdi". Şular ýaly maglumatlardan soñ sözbaşymyzdaky soraga geçip bileris: "Muhammet pygamber (s.a.w) her hakkyñ Gurhany öz dilinde okap düşünmegine, täsirlenmegine garşy çykarmydy? Türk dilinde ybadat edilmegine "ýok" diýermidi? Şeýle-de... Alla dil saýlap bilermi? Alla öz ýaradan adamzadynyñ ähli dillerini bilmez öýdýärsiñizmi? Eger şeýle bolmasa, buýruklaryny ähli ilçilerine düşünýän dilinden ugradarmydy? Hiç kimsäniñ agzyndan "pygamber" sözi düşenok. Ýöne olaryñ birem munuñ pars sözüdigini, hatda Gurhanda hem beýle sözüñ ýokdugyny bilenoklar. Arap dilinde pygambere "Resul" diýlipdir! Özeniniñ ýitirilip, şekiliñ agalyk sürýän hala getirilmesine jahylyýet diýilýär. Jahylyýete garşy göreş bir ýarym müñ ýyla golaý wagt bäri dowam edýär. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |