13:15 Hezreti Muhammet we futbol | |
HEZRETI MUHAMMET WE FUTBOL
Sport we turizm
Orta asyrlar diniñ bozulan döwrüdir... Orta asyrlar akyl-paýhasdan jyda düşülen döwürdir... AKP (we "jemagat") dini bozdular. Seretseñizläñ... Erdogany Hezreti Musa pygamber (a.s) tipikleşdiren "Hürriyet" gazetiniñ žurnalisti Akif Beki YŞYD-yñ "sünni öwrülşigini" getirendigini ýazýar! AKP-niñ "öwrülşikçi" (ynkylapçy) diýýän YŞYD terrorçylary kesen kelleleri bilen futbol oýnaýar. Bularyñ bolşy Ýezidiñ "döli" Sinan ibn Enes En-Nehaýynyñ Pygamberimiziñ (s.a.w) agtygy Hezreti Hüseýiniñ (r.a) başyny kesip we Kufä getirip futbol pökgüsi deýin oýnaýşyna yşarat edýär! Dünýä jemgyýetçiligi bir aýlap Braziliýadaky dünýä kubogyny almak ugrundaky futbol çempionatyna tomaşa etdi, jahylyýetiñ poh-püsülleri bolsa YŞYD-yñ "kelle oýnuna" tomaşa etdi. "Bularyñ haýsy yslam?" sowalyny bermegimiz gerek dälmi? Bilenoklar ahyryn. Salgylanýan çeşmeleri-de Ymam Hatyp liseýleriniñ okuw maksatnamasynyñ çäginden geçenok... Ynha, futbol... Ýurdumyzda häzirem futbol oýnamagyñ günädigine ynanýanlar bar. Internetde müñlerçe kişi bu barada soraýar. Geñ galaýmaly! Gelip ýeten derejämize aglabermeli - çalasowatlyk. Hiç zat bilenoklar. Mysal üçin, Hezreti Muhammet (s.a.w) futbol oýnadymy? Hezreti Muhammet (s.a.w) futbol oýnuna tomaşa etdimi? Professor Muhammet Hamidulla (1908-2002) diýip eşdipmidiñiz? Ol dünýäde kitaplaryna iñ köp salgylanylýan alymlaryñ biri. Ene dili urdu dilinde bolsa-da, pars, arap, fransuz, iñlis, nemes, rus, ýapon, türk we Hezreti Muhammediñ (s.a.w) döwrüniñ arap dillerini suwara bilýärdi. Hindistandaky Osmaniýa uniwersitetiniñ üsti bilen dünýäniñ iñ abraýly ýokary okuw jaýlaryna gitdi - Bonndan Sorbonna çenli. Onuñ hünärmenlik ugry yslam hukugy, halkara hukuk, Kuran tefsiri we hadysşynaslykdy. 1954-nji ýyldan başlap ýigrimi bäş ýyllap Türkiýede işlän we uniwersitetlerde okadan professor Hamidullanyñ dilimize terjime edilen "Yslam pygamberi" kitabynda sowallarymyza jogap bar. (Professor Hamidulla din adamy däl-de, yslam alymydy we onuñ üstüne Türkiýedäki ýobazlaryñ tankydy oklarynyñ gezelendigini-de sözüme goşmak isleýärin.) Geleliñ, professor Hamidullanyñ "Sagadat asyry" (Pygamberimiziñ we sahabalaryñ ýaşan döwri -t.b.) oýnalan futbol barada ýazanlaryna... • Kurrek… Professor Hamidulla “Yslam pygamberi” kitabynda şeýle ýazdy… Hezreti Muhammediñ (s.a.w) döwründe-de, ondan öñki döwürde-de Arabystan ýarymadasynda futbol oýny oýnalýan elen. Adyna-da “kurrek” diýlipdir we bu “aýak topy” manysyny beripdir. Ýel berip çişirilen guzy derisinden ýasalan top bilen oýnapýan bu "aýak topuna" mekgeliler “kurrek” diýipdir. Kurrek oýnuny oýnamak üçin Mekgäniñ her raýonynda meýdançalar bolupdyr we şol meýdançalara oýna tomaşa etmek üçin adamlar kowçum-kowçum bolup gelipdir. Şeýle hem Medinede-de kurrek oýnalypdyr. Çeşmelerde bu oýnuñ görnüşi we oýnalyş usuly barada jikme-jik maglumatlar ýok. Emma... Hezreti Muhammediñ (s.a.w) kurrek oýnandygynt ýa-da tomaşa etmäge gidendigini habar berýän çeşmelerem ýok. Bir mälim zat, olam Hezreti Muhammediñ döwründe-de kurrek oýnalmaga dowam edilipdir, ýagny ony gadagan etmek barada hiç hili teklip orta atylmandyr. Bäş ýyl mundan öñ aradan çykan futbol eminlerimizden Nejdet Weli Aryg birnäçe gazete beren interwýusynda Hezreti Muhammediñ (s.a.w) "futbol janköýeridigini" we onuñ oýunlara tomaşa etmäge gidendigini aýdypdy. Emma çeşmesini soran bolmandygy üçin, Arygyñ bu maglumatyny nämä esaslanyp aýdandygyny bilmeýärin. Aryg şeýle diýýärdi. “Arabystanda futbol (Kureb) oýnalýardy we Arabystanda türkleriñ guran Mamlýuk döwleti bardy. Bu döwleti Aýbek diýen türkmen gurupdy we döwlet Müsüri-de, häzirki Yragyñ, Iordaniýanyñ çäklerini-de öz içine alýardy. Ümmülmez çäklere eýelik edýärdiler. Aýbek Türkmeniñ ölüminden soñ onuñ ýerine geçen El-Mälik sportsmendi we her üç aýdan bir gezek Olimpiada derejesinde sport ýaryşlaryny gurnaýardy. Ýaryşlara tomaşa etmek hökmany bolandygy üçin ýaryş wagty işler wagtlaýynça ýatyrylýardy. Aýratynam futbol duşuşyklaryna tomaşa etmek üçin köp sanly tomaşaçy stadiona gelerdiler. Şol samda Arabystan ýarymadasynda futbolyñ esasy tomaşaçylarynyñ biri-de Hezreti Pygamber ependimizdi (s.a.w)." (Seret: "Milliyet" gazeti, 13.10.2008 ý.) • Futbolçy şortileri 1972-nji ýylyñ 17-nji awgusty. 500 müñ liralyk býužeti bolan “Yeni Neşriyat A.Ş”-nyñ sekiz ýüz sany şärikdeşiniñ arasynda Nejmetdin Erbakan, Hasan Aksaý, Oguzhan Asiltürk, Fehmi Jumalyogly dagylar hem bardy. Şereket 1973-nji ýylyñ 12-nji ýanwarynda Stambulyñ Jagalogly raýonyndaky kireýne oturýan binasynda “Milli Gazete” ady bilen gazet çykarmaga başlady. Gazet 1972-nji ýylyñ 11-nji oktýabrynda gurlan Milli Salamat partiýasynyñ (MSP) metbugat organydy. "Milli Gazete" garaşylan tamany ödemedi, tiražy-da pesdi. Üstesine gazetiñ redaksiýasyna nägileçilikli hatlar ýagýardy. Bularyñ aglabasy sport sahypasy baradady: “ - Futbolyñ günädigini bilmeýärsiñizmi?” “ - Dinimizde erkekleriñ şortileriniñ dyzdan aşakda bolmagy gerek. Siz bolsa erkekleriñ mährem ýerlerini görkezýärsiñiz.” “Milli Gazete”-niñ sport sahypasyndan jogapkär işgäri Safa Ýakynogly wezipesinden boşadyldy we gazetiñ sport sahypasyny çykarmak bes edildi! "Orta asyrlar" diýip şuña diýilýär. Jahylyýet döwri diýip şuña diýilýär. Progressiw yslamy "gardroba" düşürdiler. Hezreti Muhammediñ (s.a.w) haýsy eşikde göreş tutandygyny bilýärlermi? Hezreti Muhammediñ (s.a.w) haýsy eşikde suwda ýüzendigini bilýärlermi? "Nur" süresinde şeýle diýilýär: “Mömin erkeklere aýt: Gözlerini (harama bakmakdan) saklasynlar we namyslaryny gorasynlar.” (30-njy aýat). Bolany. Mundan beýlesi hurafa! Aslynda ähli mesele kalp tämizligi bilen baglanyşykly, garşyñda duranyñ bolşudyr geýnişi bilen däl, saña gyzykly däl. Ýagny, baş obýekt señ özüñ! Diýmeýän zatlary ýok, agyzlaryna geleni samraýarlar... At çapyşyklara garşy çykýarlar, ýogsa Hezreti Muhammet (s.a.w) at çapyşyklara tomaş edipdir, ýaryşda ozanlara baýragam beripdir. Üstesine özüniñ "Abda" diýen düýesini-de ýaryşdyrypdy. Hezreti Muhammet (s.a.w) sport oýunlarynyñ hiç birine-de garşy çykmady, diñe humarly oýunlaryñ oýnalmagyna garşydy. Çagalara sporta gyzykdyrmagy ündedi: "Çagalaryñyza ok atmagy, ata münmegi we ýüzmegi öwrediñ." Eýse yslam geografiýasynda näme üçin dünýä derejesindäki türgenler (sportsmenler) çykanok? Çünki... gojaman yslam geografiýasy rasional düşünjeden goparylyp, dogry maglumatlary indemeýän, agtarmaýan we ýüzleý düşündirişler bilen çäklenip, diýdimzor galyplara boýun sunan, jahylyýet döwrüniñ yñdarmalyklaryny dowam etdiren ýobazlaryñ elinde galdy. Akyl-paýhasa, düşünjä, ylym-bilime duşman jahyllar we olara penakär häkimiýetler sebäpli yslam feodalizmiñ batgalygyna batyp galdy. "Orta asyrlar" diýýänim şudur… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.07.2014 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||