10:57 Hezreti Muhammetden öñki döwrüñ jahylyýetine düşmek | |
HEZRETI MUHAMMETDEN ÖÑKI DÖWRÜÑ JAHYLYÝETINE DÜŞMEK
Publisistika
Talibanyñ ideologik esaslary näme? - Onuñ näçerägini din-yslam düzýär? - Näçerägini puştun milleti düzýär? Owganystanyñ erkek awtoritarizmine-üstünligine (patriarhat) esaslanýan medeniýetini, düzgünini sap yslam düşündirişi bilen ýa-da feodalizme, tire-taýpa düzgünine daýanýan etnos bilen düşündirmek dogry bolmaz. Ne ol, ne-de bu, aslynda ikisi: Talibanyñ ideologiýasy - Deobandi esasly dini garaýşa esaslanýan şerigat hukugy formasyny puştun sosial-medeni kada-kanunlary bilen birleşdirýär. Şonuñ üçin Talibany dogry tanamak üçin sözümiziñ başyny "Deobandiden" başlalyñ: Deobandi - Hindistanyñ kiçijik Deoband posýologyndaky Darul-Ulum medresesinde XIX asyryñ ahyrlarynda dörän yslam-sünni taglymaty... 1857-nji ýylyñ 10-njy maýy. Iñlisler ýüze çykan ýagdaýy ýañsylamak üçin "Seboý topalañy" diýýär... Hindistanlylar "Birinji Hindistan Garaşsyzlyk urşy" diýýär... “Deobandi medresesi” gozgalañdan sekiz ýyl soñ guruldy. Medresäniñ düýbüni tutanlardan Muhammet Kasym Nanautawi (1832-1880) iñlis kolonializmine garşy göreşen käbir dini ulamalaryñ biridir. 1919-njy ýylyñ 23-nji noýabrynda Delide Deobandi hereketiniñ syýasy ganaty bolan Hindistanyñ musulman ulamalar jemgyýeti guruldy. Birleşen Garaşsyz Hindistany gurmak maksatly urdumşalyga-zorluga ýüz urmaýan (Gandiniñ Duz ýörişini goldamak ýaly) mitingleri geçirdiler. Iñlisleri musulmanlaryñ baş duşmany yglan eden "Deobandi medresesi" Abdylhamyt II-niñ döwründen başlap, Osmanly döwleti bilenem ýakyn gatnaşyklary saklady. Meselem, medresäniñ şeýhi Mahmyt Hasan Diýubendi (1851-1920) Trablusgarp söweşinde talyplaryny osmanlylara kömek etmäge çagyrdy. Birinji jahan urşunda Enwerdir Jemal paşa dagy bilen duşuşdy. Hyjazyñ üsti bilen osmanly goşunyna goşulmak islänem bolsa, Mekgäniñ emiri Şerif Hüseýin tarapyndan iñlislere berildi. Olaram 1920-nji ýylda ony Malta sürgün etdi... Talibanyñ pozisiýasy şumy? • ULY ÖWRÜLIŞIK Taliban sözi puştunça "okuwçylar", "talyplar" manysyny berýär. Bu sözüñ düýbi Deobandi mekdebinden gaýdýar: Sowet döwründe Owganystandan üç milliona golaý bosgun Päkistana geçdi. Olaryñ aýratynam ýaşlary ýaýgyn dini okuwdan geçirildi. Emma: Bu "dini okuw" kem-kemden Deobandi taglymatyndan tapawutlanmaga başlady. Saud Arabystanyndan Kuweýte çenli ýurtlar resmi ideologiýalaryny wagyz etmek üçin ummasyz pullary geçirip, wahhaby-selefi halkasynda ideologik okuw geçirilmegini üpjün etdi. Perdäniñ añyrsynda "uly abi" (ABŞ -t.b.) bardy: Mysal üçin, ABŞ-nyñ Halkara Ösüş Birleşen Döwletler agentligi (USAID) Päkistanyñ Owganystan bilen çäkleşýän ýerlerinde müñden gowrak medrese açylmagyna guramaçylyk etdi. Owganystana jihadyñ dowamlylygyny ýola goýup biljek adam güýjüni taýýarlamak üçin Nebraska uniwersitetine puştun dilinde propoganda kitaplaryny ýazdyrdy. Bulary owgan bosgunlarynyñ ýerleşdirilen lagerlerine we medreselere paýlatdy. Täze "Deobandi doktrinasyna" Okeanañyrsy goşant goşuldy! Birküç sanysyndan başga Deobandi medreseleriniñ barsy owgan emigrantlaryny okatmak üçin herekete geçirildi. Şeýlelikde: Urşuñ başky ýyllarynda Gulbeddin Hikmetýaryñ "Hizb-i İslami" toparynyñ we soñra "Owganystan mojahetleri" yslam birleşiginiñ hatarynda söweşen "talyplar" özleri ýaly wahhaby-selefi taglymat bilen ýetişdirilen Molla Muhammet Omar (garyp puştun daýhanynyñ ogly) tarapyndan gurulan "Talibana" birigip başladylar. Şol wagt 1994-nji ýyldy. Şondan bary-ýogy iki ýyl geçensoñ, Taliban 1996-njy ýylda Kabula girdi we Owganystan Yslam Emirligini gurdy. • TIRE-TAÝPAÇYLYGY ÖÑE TUTMAK Talibanyñ gysga wagtdaky "üstünliginde" ABŞ-nyñ MRU (CIA), Saud Arabystanynyñ GID, Päkistanyñ ISI gizlin gulluklary bilen gatnaşygynyñ goşandynyñ az-uçuk bolmandygyny ýatdan çykarmazlyk gerek. Emma gürrüñimiz Talibanyñ şu ugurdaky gatnaşyklary däl-de, onuñ ideologik esaslary... Ikilenç soramaly bolsa: Talibanyñ her eden işine dinden-yslamdan tutalga gözlemek näderejede dogry? Bärde puştun tradision taýpa-patriarhat düzgüniñem täsiri az däl: Talibanyñ aglaba köpçüligi puştunlardan... Arapça geplemeýän beýleki musulmanlar ýaly puştunlaram Kurany okaýar, emma mukaddes kitabyñ özünde bolan arap diline düşünenok. Ýagny... Taliban Kurany okaýar, ýöne añ ýetirip bilenok! Ynha!... Talibanyñ akyl-paýhasy ret edýän wahhaby-selefi sektasyna öwrülmeginde munuñ (we ABŞ kitaplarynyñ-iñlis terjimeleriniñ) uly täsiri boldy. Şeýle-de wahhaby şerigatyny añsatlyk bilen kabul etmeklerinde puştunlaryñ tradision-tireparazçylykly düşünjesiniñem rol oýnandygyny ýatdan çykaryp bolmaz. (Mysal üçin: Taliban-zenan gatnaşygy Günbatar metbugatynyñ ýygy-ýygydan ulanýan propoganda serişdesidir, emma Talibanyñ yslam hukugyna ýowuz formalarda düşündiriş bermeginiñ puştun feodal sistemasyndan gözbaş alýandygy bilgeşleýin görmezlige salynýar!) Hawa, agalyk sürmäge dalaşgär teoriýa sap dini hususlar bilen baglanşykly däl. Talibana diñe bir jihatçy topar däl-de, şol bir wagtyñ özünde Owganystandaky feodal düzgüniñ döreden puştun taýpalarynyñ dinamikalary bilenem baha bermek gerek. Talibanyñ "döwlet" düşünjesi şol sebäpli (saudlar ýaly) tire-taýpaçylykdyr! Şonuñ üçinem: “Talibana arka durmak” - jahylyýete garşy söweş yglan edip we arap taýpalaryny birleşdirip döwlet guran Hezreti Muhammetden (s.a.w) öñki döwrüñ jahylyýetine düşmekdir. Taryhy öñe äkiden tarapda ýer almak gerek... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |