HIRURGLARYÑ GURULTAÝY
Bu gezek hirurglaryñ halkara gurultaýy Lýublis şäherinde geçirildi. Onunjy gurultaý dünýäniñ iñ güýçli hirurglarynyñ ünsüni çekip, şeýle kän märekeli boldy. Ol adatdan daşary bolmasa-da, oña dünýäniñ çar tarapyndan habarçylar geldi.
Elbetde, bu gurultaýy futbol oýny, metbugat konferensiýasy, bugdaý reñk ýa-da çypar gyzyñ lybasyny güjeñleýşi bilen deñäp boljak däldi. Dünýäniñ ýigrimi üç milletiniñ wekilelrinden ybarat iñ tanymal hirurglary öz ylmy dokladlary bilen çykyş etmelidi. Olaryñ içinde şeýle bir ussatlar bardy welin, olar diri adamy duran ýerinde bölek-bölek edip, ýene täzeden direltmegi edil eşekden palan atança-da görmeýärdiler. Olar üçin adamy söküp-düzmek sagat ýa tüpeñ söküp düzençe-de ýokdy. Futbol oýunlarynyñ netijesi, suwdaky iýmitleriñ nusgalary, agyr jenaýatlar hakdaky habarlardan soñ gazetler şu gurultaýyñ gürrüñini berýärdiler.
Gurultaýyñ ilkinji güni dabaraly açylyşa bagyş edildi. Ertesi giñişleýin mejlis bolup, dokladlar diñlendi. Üçülenji güni şol dokladlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Amerikaly meşhur hirurg doktor K.Klazeman öz assistenti bilen tribuna çykdy. Telegraf agentlikleriniñ, gazetleriñ habarçylary kagyz galamlaryny taýýarlap, edil şikäre çykan awçy dek häzir bolup durdylar. Zaly dolduryp oturan hirurglar hem gulaga geýdirilýän radiolaryny dakynyp, ýeke söz dagam sypdyrman diñlemäge başladylar.
Çykyş edýänler Ýewropanyñ dört dilinden haýsam bolsa birini saýlap alyp, şol dilde geplemelidiler.
Doktor K.Klazeman şeýle başlady:
- Gadyrly kärdeşler! Men siz bilen 35 ýyllyk iş tejribämiñ dowamyndaky iñ täsin operasiýam barada pikir alyşmakçy bolýaryn. Mälim bolşy ýaly, şu çaka çenli barmagyñ hamynyñ şekilini üýtgetmek hiç kime başartmandy. Medisinanyñ taryhynda bu tejribe hakda hiç hili maglumat ýok, şol sebäplem ol okuw kitaplarynda-da beýan edilmedi. Barmaklaryń hamyny näçe gezek sypyrsañam, ol ýene öñki kaddyna gelýär. Şol sebäpdenem polisiýa ogry-jümrileri, kassa ýarýanlary, ganhorlary añsat ele salýar.
Soñky operasiýanyñ netijesinde maña barmagyñ keşbini üýtgetmek başartmady. Öñümizde duran adam Amerikanyñ meşhur biznesmeni ~ emeli tohumlandyryjylaryñ koroly mister Tomas. Onuñ lakamy "Än döwüji Jek". Ol Federal derñew býurosyndan hem hut şu at bilen geçýär. Amerikan polisiýasy on ýyllap onuñ yzyna düşdi, her hili ýol bilen ele saljak boldy. Emma öz kärine türgen bu ussady gapjamak olara başartmady. Sebäbi näme? Sebäbi men ony, "Äñ döwüji Jeki" her ogurlykdan soñ plastiki operasiýa edýän. Barmagyñ hamynyñ keşbini üýtgetmek, jenaplar, diñe bir iñ kyn operasiýa bolman, eýsem iñ düşewüntli operasiýadyr hem. Näme diýeniñde, ogrular hirurgyñ aklygyny ýetirýärler. Ähli ogurlan zatlaryny deñ-derman bölüşýärler, ýeri, şunuñ nämesi ýamanmyş.
Indi bolsa, jenaplar, men sizi kinolenta arkaly şu operasiýanyñ tilsimleri bilen tanyşdyrmakçy.
Zaldaky hirurglar, amerikaly kärdeşine hirurgiýa boýunça iñ güýçli spesialist diýip at berdiler.
Ýöne amerikanlaryñ yzyndan çykyp geplän iñlis hirurgy olary öz pikirlerinden dänmäge gaty tiz mejbur etdi. Mister B.Leýns kimdir biri bilen tribuna çykyp, şeýle diýdi:
- Mähriban kärdeşler! Men size medisinanyñ taryhynda iñ çylşyrymly operasiýa hakynda gürrüñ bermekçi. Şol sebäpdenem bu operasiýa ähli hirurglaryñ ünsüni özüne çekmelidir. Ine, şu ýanymda duran oglany görýäñizmi? Bu şo-ol gözsüz batyr diýilýän unter ~ Metýu. Ikinji jahan urşunda onuñ bir özi 16 duşmanyñ janyny jähenneme iberdi. Emma, näçeler gynansak-da, birehim duşman granaty bu gerçegiñ kellesini ardurja alyp gitdi... Öz ýasan ýagymy ulanyp, munuñ kellesini öñküje ýerinde oturtdym. Häzir Metýuñ kellesi öñküsindenem berk dur. Indi ony, uly söze toba welin, atom bombasam goparup bilmez! Geliñ, indi size şu operasiýanyñ syryny düşündireýin.
Gurultaýa gatnaşyjylar agyzlaryny açdy. Olar mundan kyn, mundan çylşyrymly operasiýa hiç bolup bilmez diýdiler. Ýöbe fransuz alymy olaryñ bu pikirinem üýtgetdi oturyberdi. Ol tribuna ýany bilen ýarym ýalañaç owadan çypar gyzy hem alyp çykdy. O gyzy gören gartaşan delegatlar gorsanyşyp başladylar.
- Gadyrly kärdeşler - diýip, fransuz hirurgy söze başlady:
- Men size üýtgeşik bir plastiki operasiýa hakynda gürrüñ bersem diýýän. Açyşyma mynasyp baha berersiñiz diýen umydym bar. Ine şu sizi tisgindiren çypar gyz meniñ 65 ýaşly gaýyn enem!
Şondan soñ ol käbor ahwalatlary jikme-jik gürrüñ bermäge başlady, ýagny onuñ aýaly aýagyny gyşyk basyp ugrapdyr. Hirurg muña gahar edip, gaýyn enesini ýaş gyza öwrüp, özüne oýnaş edinäýipdir. Fransuz alymy öz dokladyny ylmy esasda delillendirip tamamlady.
Oratorlar yzly-yzyna çykyp gepleýärdiler. Olaryñ her haýsam öz täsin açyşlary bilen diñleýjileri añk edýärdi.
- Adamyñ ölmegi bilen onuñ ähli organlary ölýär diýip hasap etmek bolmaz - diýip, nemes hirurgy söze başlady. - Infarktdan ölen adamyñ, elbetde, ýüregem ölýär. Emma onuñ beýleki organlary öñküsi ýaly işläp durandyr. Inçe keselliniñem diñe öýkeni ölýär. Meniñ pikirimçe, ýüregiñ ýa-da öýkeniñ işlemesi bes etse, adama öldi diýmek bolmaz... Merhumyñ abat organlaryny ýygnap, täze adam ýasamak maña başartdy. Ine şu öñüñizde duran oglany görýäñizmi? - diýip, ol her egninde bir adam oturybermeli syratly ýigidi görkezdi. - Ine, şunuñ aýagy kör içegeden ölen bendäñki, bili gangrenadan ölen pälwanyñky, kellesi igläp ölen jahylyñky, beýleki organlary hem...
Gurultaýa gatnaşyjylaryñ pikiri boýunça, bardy-geldi ertesi gün ýaponiýaly hirurg öz açyşy bilen adamlary täsin galdyrmadyk bolsa, ölüleriñ işläp duran organlaryndan täze adam ýasaýan germaniýaly doktor Gýunteriñ açyşy iñ beýik açyş diýlip yglan edilmelidi.
Ýöne ýaponiýaly ýigit Himi Şiýama-da kem oturmady. Ol bu ýere gelenleri hut añk etdi. Ol ýanynda duran adamy görkezip, şeýle diýdi:
- Öñüñizde duran ýapon ýigidi agsaklygy zerarly ikinji jahan urşunda goşun gullugyna çagyrylmady. Muñ namys edip, ol öz garnyny pyçaklady, netijede içegeleri daşyna çogdy...
Mejlisiñ iñ soñky güni geldi. Dokladçylar öz açyşlary bilen biri-birinden öñe geçjek bolýardylar. Ýöne diñe bir hirurg kärdeşleriniñ dokladlaryny piñine-de alman, ümsüm diñläp otyrdy.
Gurultaýa gatnaşyjylaryñ ählisi çykyp gepläpdi. Başlyk bolujy kelam agyz söz aýtmadyk delegata ýüzlenip:
- Jenap, ýeri siz öz operasiýañyz barada näme aýdyp biljek?.. - diýdi.
- Aý, bilmedim welin, meniñ operasiýamy geñ görmezmikäñiz diýýän.
Zaldakylar gygyryşyp başladylar:
- Hawwa, aýdyberiñ! Diñleýäs!
- Gurultaýda geplemedik wraç bolmaly däl!..
Ahyry ýalbaryp duranlaryndan soñ, ol münbere çykmaly boldy:
- Ýeri bolýar, diñlejek diýseñiz, aýtmaly bolýan-da. Men bogazdaky badam şekilli mäzleri aýyrmak boýunça siz bilen pikir alyşmakçy bolýan.
Zaldakylar ýene pakyrda berdiler:
- Päheý, ýagşam bir açyş edipdir-ow!
- Şondanam bir açyş bormy?!
Hirurgyñ öz üstünden gülýändiklerine gahary geldi, onda-da sypaýyçylygy elden bermedi:
- Jenaplar! Pespälligim üçin operasiýamy ýokary derejede goýmadym. Üstümden welin güldürtmen. Ynha ýany badam şekilli mäzler barada aýdanymda, hemmäñiz pakyrda berdiñiz...
Zaldaky gülki hasam güýçlendi.
- Biderek zat! Onyñdan operasiýa bolmaz!
- O tetelli operasiýalara el gatmagam gülki!
Goh-galmagal dokladçyny gahar atyna mündürdi:
- Eý, adamlar! Diñläñ ahyryn! Ýañky badam şekilli mäzi aýrylan adamyñ kimdigini bir bilýäñizmi? Şondan soñ gülşüñ-dä!
- Goý, ol, Birleşen Milletler Guramasynyñ baş sekretary bolsun-da! Heý onuñ operasiýa dahylly ýeri barmy ahyryn!
Dokladçy köz ýaly gyzaryp, ähli awusyny pürkdi:
- Operasiýa eden adamym žurnalistdi! Žurnalist!..
Gurultaýyñ delegatlary henizem içlerini tutup, gyzyl gyran gülşüp ýatyrdylar.
- Žurnalist, täjir, gullukçy, esger, wah, tapawudy näme?..
Dokladçy elini galdyrdy.
- Ýuwaş! Dogry, tapawudy ýoksa ýokduram welin, şol döwür metbugat hakynda kanun kabul edilipdi. Žurnalistiñ agzyny açmaga haky ýokdy. Şonuñ üçinem onuñ bogazyndaky badam şekilli mäzini görgüliñ syrt deşigine elimi sokup aýyrmaly boldum.
Delegatlaryñ gülkisiniñ üstüne suw sepildi. Dym-dyrslyk aralaşdy, münberdäki hirurga uly hatyra goýdular. Şowhunly el çarpyşmalar ýañlandy.
Hirurglaryñ onunjy halkara gurultaýynda badam şekilli mäzi aýyrmak medisina taryhynda iñ beýik operasiýa diýlip biragyzdan ykrar edildi.
Eziz NESIN.
Terjime eden: Kemal YKLYMOW.
Satiriki hekaýalar