21:23 Höregini agzalalykdan alýan häkimiýet | |
HÖREGINI AGZALALYKDAN ALÝAN HÄKIMIÝET
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, haýsy tarapdan alsañyz alyñ, geñ-tañsy ýurtlaryñ birine öwrüldik. Bir ýanda güzeran gaýgysy we gysyşlar artýar, ykdysadyýet çök düşdi, adamlar gan aglaýar, bir ýanda bolsa häkimiýetiñ taslaýan gözboýagçylykly mowzuklary bilen başagaý bolup geçmäge mejbur bolýarys. Ynha, size şol gözboýagçylykly emeli mowzuklardan birnäçe mysal: - "Iş" bankynyñ meselesi. Bu läheñ bankda JHP-nyñ aksiýalarynyñ bardygy üçin ýapjak bolup edilen adalatsyzlyklar we hukuksyzlyklar; - Sosial mediýa goşulyp, ony doly gözegçilik astyna almak üçin edýän tagallalary; - Adyna "Kanal İstanbul" diýilýän täze pul soýujy gapy; - Aklawjylar kollegiýalaryny bölme wakasy; - Iñ soñky bolubam Aýasofýa gipnozy. Islendik häkimiýetiñ ilkinji etmeli işi (dünýäniñ haýsy ýurdunda bolsa bolsun, tapawudy ýok) ýurdundaky gapma-garşylyklary we kynçylyklary iñ minimal derejä düşürmek hem-de halkyñ agzybir, asuda, jebis ýaşamagyny üpjün etmekdir. Bizde bolsa tersine. Gapma-garşylyklary we kynçylyklary AKP häkimiýetiniñ özi döredýär… Özem muny göz-görtele edýärler. Olar çöregini jemgyýetiñ agzyny alartmakdan iýýär. Ýurduñ öñdenem ýetik tükenmez kynçylyklarynyñ üstüne her gün we taýýarja ýerden täze problemalar goşulýar. Edýän işleri döredýän emeli bökdençlikleri bilen ýurdy her gün öñküsinden biraz yza tesdirmek!.. Ýogsam bolmasa demokratiýa bilen dolandyrylýan ýurtlarda gapma-garşylyklary başgalar, mysal üçin oppozisiýa çykarmaga çytraşýar, häkimiýetler bolsa jemgyýeti sypañ-sermeñ edip, köpçüligi höre-köşe etmek üçin jan edýär. Türkiýedäki AKP häkimiýeti bolsa mundan biraz üýtgeşik!.. Öz emeli mowzuklaryndan haýsydyr bit meseläni iññän oýlanşykly hasaplar bilen orta oklaýar we şol emeli mowzukiñ yzynda islesek-islemesek hemmämiz, jemgyýet bolup selpemäge mejbur bolýarys. Beýiklik kompleksine özlerini aldyrdylar! “Isleýişleriçe gygyrsynlar-garşy çyksynlar, iñ beýik bizdiris, başga beýik ýok” diýen jümläni dillerinden düşürenoklar. Gün gelýär, orta "Kanal İstanbul" taslamasyny oklaýarlar. Gün gelýär, mowzuk nobatyny ondan alýarlar-da, aklawjylar kollegiýasynyñ bölünmegine berýärler. Soñ gezek Aýasofýa gelýär. Bütin dünýäde häkimiýetleriñ ýeke-täk maksady, ýeke-täk borjy bar: Jemgyýetiñ agzyny alartmakdan gaça durmak… Hem mümkin boldugyça agzybirligi we asudalygy saklamak. Biziñkiler munuñ tersine. Üns beriñ, olar özlerine gerek höregi dowamly ýagdaýda gapma-garşylyklardan alýarlar. Alypdyrlar ýanlaryna MHP-ni, hiç kimi bardyr öýtmän, hiç bir tankydy bellige üns bermän, gelýän ähli ýerlikli garşylyklara gulaklaryny ýapyp öz isleýişleri ýaly hereket edýärler. MHP şolar ýaly derejede häkimiýetiñ ýarany bolupdyr welin, dünýäniñ islendik häkimiýetine “Darysy biziñem başymyza, şeýle ýarana janymyz gurban” diýdirip biljek tüýsden! Näme diýseñiz diýiñ, näme etseñiz ediñ, isledigiñizçe gowy niýetde bolup, hakykatlary aýdyñ, bildirýän ýeri ýok! Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ agramly bölegi öz ellerinde… Birküç gazet bilen birküç teleýaýlymdyr internet habar saýtlaryndan başga ähli metbugat serişdeleri dolulygyna olaryñ emrinde we hyzmatynda. Muny siziñ özüñizem görüp ýörsüñiz… Emma, näçe çyrpynsalar-da gazetleri okalanok, teleýaýlymlaryna tomaşa edýänlerem az. Elbetde, olar muny bilmän duranoklar we uly howatyrlanmany başdan geçirýärler, emma çäre tapyp bilmeleri mümkin däl. Sözümiñ başynda size ýakyn günlere degişli bäş sany emeli mowzuk sanadym. Munuñ ýene nijemelerini sanamak mümkin. Haýyş edýärin, ýene bir gezek üns beriñ we şu soraga öz añyñyzda jogap tapyñ: Türkiýäni bular ýaly ýene nijeme emeli mowzuklar bilen, bolgusyz problemalar bilen böldüler… Bölmesine böldüler welin, özleri näme gazandyka? Diýdimzor režimden başga hiç zat! Syýasat gapma-garşylygyñ petigine diredi, jemgyýet gatlaklary we jemgyýetçilik guramalary biri-biriniñ üstüne eñterilýär, gödek çekişmeleriñ yzy üzülenok, ýeri, mundan soñ näme bolarka?.. Biz bu gapma-garşylyklardan näme gasandyk, gadyrdan? Bu sowallara jogap bermeleri asla mümkin däl… Çünki olaryñ ýeke-täk maksady bar: olam Türkiýäni gapma-garşylyga salyp, elde saklamak, dolandyrmak. Özem muny göz-görtele we bilgeşleýin edýärler. Olar öz häkimiýetlerini bu gapma-garşylyga, jemgyýeti bölme niýetlerine esaslandyryp, gysyş arkaly dowam etmäge jan edýärler. Dünyanıñ az sanly belli diktatorluk režimlerinden başga hiç bir ýerde ýok gorkunç sahna… Diñe maddy däl, ruhy korrupsiýa wakalary, adam bilen onuñ eýeleýän wezipesine we derejesine görä gatnaşmak, özlerinden bolmadyk häkimlikleriñ (belediyeler) ýok ediljek bolunmagy, hukugyñ depgilenmegi, konstitisiýanyñ aýak aşagyna alynmagy, metbugatyñ eýelenmegi, žurnalistleriñ tussag edilmegi… Her biri bu häkimiýetiñ gojaman Türkiýe respublikasynda döreden iniñi tisgindiriji sahnalardan diñe birnäçesi. Näme diýipdir ata-babalarymyz… "Keser döner sap döner, gün geler hasap döner". Bir gün hökman dönjegi belli welin, haçan nä wagt dönjegi belli däl! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |