HOŞ GAL, EZIZIM!
Annaguly gahardan ýaña hum ýaly çişip şarkyldadyp trubkany goýdy-da, ylgap daş çykdy. Gözüne urlan ýaly eñdi, "Tiz kömek" keselhanasyna tarap. Ýakynynda ýaşaýanymyzam gowy zat, ýogsam dagy şu wagt her hili ýagdaýyñ bolmagy mümkin. Bi dawleniýe diýilýän zat bilen oýun eder ýaly däl how!
Annaguly özüniñ iç gepletmeleri bilen bu ýerik nähili ýetenini bilmedi. Ilkinji sataşan ak ýektaýly gelin ony nobatçynyñ ýanyna ugratdy.
- Bagyşlañ, öýde aýalymyñ dawleniýesi tutup heläk...
Nobatçy Annagulynyñ sözüni soñlatmady.
- Biz çakylygy diñe telefon üsti bilen kabul edýäris.
- Wah, onyñyz-a dogrudyr, agam. Ýöne neme-dä, bi içigara galmyş, telefonymyz işlänok, onsoñ golaý bolansoñ...
Wraç agraslyk bilen ýüzüni galdyrdy. Alaran gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Annagulynyñ agzyna öýkünip gürledi.
- "Telefonymyz işlänok, agam, telefonymyz işlänok". Telefonyñyz işlemeýän bolsa arzyñyzy gidiñ-de, telefon stansiýasyna aýdyñ. Bu ýerde telefon bejerlenok, adam bejerilýä. Düşnüklimi?
- Öz-ä düşnükli, ýöne...
Annagulynyñ dik başy egildi, elini owkalaşdyryp ýaýdanjyrady. Wraçdan delalat isledi. Ol häzir çök düşüp ýalbarmaga-da kaýyldy. Ezraýyl bilen ýaka tutuşyp ýatan aýaly göz öñüne geldi.
- A-agam, rehimiñiz gelsin, aýalym...
- Ýok, ýok, ýalbaryp oturmañ. Biziñem öz kada-kanunymyz bar. Şama-şaýyrdylyga ýol berip bilmeris. A belki, siz maşynlyja ýüzüñizi ýele tutup, öýe gaýtjak bolýansyñyz, men näbileýin. Hawa, şeýdip kezzaplyk edip ýörenem bar.
Annaguly näçe giñ göwrümlilik etjek bolsa-da bolmady, onuñ girre gahary geldi. Düwlen ýumrugyny asmanda galgadyp gygyrdy.
- Siz baryp ýatan býurokrat, döwre görä işläñizok...
Nobatçy wraç zöwwe ýerinden galdy. Onuñ sesi sandyrap çykdy.
- E-he, e-he, bujagaza seret-le. Eý, jijim, demikratiýa diýleni bilen agzyña gelenini samahyllap durmalydyr öýtme. Ýo-ýok. Onsoñam men býurokrat däl, men ak ýürekli wraç, bilýäñmi? Men instruksiýa boýunça hereket edýän.
- Wah, biziñ işimizi görýän şu instruksiýa dälmi? Men señ instruksiýañy bilemok, gardaş. Aýalym elden gidip barýar, aýaly-ym...
Annaguly iki elini ýokary galdyryp bokurdagyna sygdygyndan gygyrdy. Töwerekdäkiler onuñ sesine üşerilişdiler. Kimdir biri gañrylyp hüñürdedi.
- Bi näme-aý, dälirän ýaly ulili bilen uwlap dur.
"Däli" sözüni eşiden nobatçy ykjamlandy. Ol Annagulynyñ gözüne şübhe bilen seretdi. Dogrudanam, işi gaýdanyñ akyly ýerinde däl bolaýmasyn diýen pikir onuñ kellesine urdy. Sag eliniñ süýem barmagyny çommaldyp öñe uzatdy-da:
- Şu näme? Men senden soraýan, şu näme? - diýip, azgyryldy.
Özüniñ üstünden gülünýändigine Annagulynyñ diýseñ gahary geldi. Başga wagt bolanda ol häzir garşysyndakyny edil diriligine çeýnejekdi.
Wraç barmagyny Annagulynyñ gözüne sokaýjak boldy.
- Eý, añkow, men saña diýýän, şu näme?
- Şomy?
- Hawa, şo.
Annaguly içinden aýdan zadyny daşyna çykatmaga ejap etdi. Aýalynyñ perişan haly göz öñüne geldi. Gany gaçan dodaklar çalajadan pyşyrdady.
- Aýalym...
Wraç ýañsylyk bilen ýylgyrdy. Töweregindäkilere göz ümledi.
- Haý, neresse, ýöne "aýalym" diýip dur. Söýgi mejnun edipdir muny. Ýaş oglan welin, akyly üýtgän eken-ow. Ýykan-ýumranlyk etmänkä ýygnañ.
Ýag çalnan murtuna timar berip, häliden bäri çemelenip duran wraç ýigit Annagulynyñ elini arkasyna gañyrdy. Onýança beýlekilerem gelip ýetişdi. Ony germesatan edip maşyna atdylar.
- Nirä sürmeli? - diýip, dişini synçgap duran şofýor nobatçy wraçyñ ýüzüne seretdi.
- Nirä bor öýdýäñ. Göni dälihana äkidiñ - diýip, ol hil bir iş bitiren ýaly gomaljyrady.
Annagulynyñ bu bolup ýören zatlara agysy tutdy. Ok ýaly atylyp barýan maşynyñ içinden onuñ naýynjar sesi eşidildi.
- Hoş gal, ezizi-im!
Satiriki hekaýalar