17:20 Hoşlaşyk tekstiniñ kodlary | |
HOŞLAŞYK TEKSTINIÑ KODLARY
Publisistika
Ysmaýyl Hakgy Baltajyogly (1886 –1978)… Respublikamyzyñ ilkinji ýokary okuw jaýynyñ ilkinji rektory… Ýazyjy, syýasatçy, hatdat... (özem ol hatdatlyk sungatynda "alaw ýazgysy" diýen täze stil hem oýlap tapypdy. Onuñ 1957-nji ýylda Kurany-Kerimi türk diline terjime edendigini-de belläp geçesim gelýär.) Kyrk alty ýyllap “Yeni Adam” ("Täze adam") žurnalyny çykardy… "Dârülfünun-ı Osmâni"-de (häzirki Stambul uniwersiteti) okaýarka, janly organizmleriñ aýratynlyklaryny öwrenýän morfologiýa ylmy bilen gyzyklandy. Bu gyzyklanma ony Türkiýäniñ ilkinji grafologiýa (golýazmalardan ony ýazanyñ ýa-da göçürijiniñ hüý-häsiýetlerini we duýgylaryny kesgitleme tilsimi) hünärmeni etdi. Ýazuw psihologiýa metodikasy, prinsipleri boýunça makalalary, kitaplary ýazdy, sud mejlislerine bilermen (ekspert) bolup gatnaşdy, halkara konferensiýalara gatnaşdy... Hat ýazuwy arkaly adamyñ hüý-häsiýetini analizlemegi ilkinji gezek merhum Baltajyoglundan eşitdim. Ýeri... Elektron (ýa-da wirtual) sferada klawiatura bilen ýazylanlardanam "hüý-häsiýet analizini" edip bolýarmyka? Hatyñ uslybyna, dowamly goýberilýän ýazuw säwliklerine, wakalaryñ beýan ediliş tertibine, wakanyñ başyndan görnetin netije çykarmaga we hatda sahypalaryñ gyrasyna, sözleriñ we harplaryñ arasyndaky boşluklara, saýlanyp alynan harplaryñ ölçegine (ululygyna-kiçiligine) seredilip öwrenilýär… Ýurdumyzda kän bir bilinmeýän bolsa, grafologiýa ylmyndan adamlary tanamak we göz öñüne tutulan aýratynlyklara eýe kişilere baha bermek maksady bilen häzirkizaman dünýäsinde giñden ulanylýar… Ysmaýyl Hakgy Baltajyogly şeýle diýilýär: “Adamyñ islendik gymyldy-hereketi gönüden-göni onuñ şahsy aýratynlygynyñ miwesidir.” Geleliñ esasy temamyza: ■ TEKTSIÑ ANALIZI Berat Albaýragyñ ministrlikden duýdansyz hoşlaşygy uly gürrüñ boldy, häzirem dilden düşenok. Ýurtda onuñ işden gitmegi barada pikirini aýtmadyk galmady! Külliýeden (Prezident köşgünden) ses-seda çykmady. Elimizde ýekeje “delil” bar: ministr Albaýragyñ instagram hasabyndan paýlaşan hoşlaşyk jümlesi! Tekstiñ ilkinji jümlesi şu: “Bäş ýyla golaý işlän ministr wezipämden saglyk ýagdaýym sebäpli öz islegim bilen el çekmegi makul bildim. Mundan soñky wagtymy birnäçe ýyllap iş sebäpli göwnejaý seredip bilmedik ýakynlaryma - menden hiç wagt goldawyny gaýgyrmadyk ejeme, kakama, aýalyma we çagalaryma aýyrmakçy.” Grafologiýada şeýle diýilýär: beýan ediş tertibine görä yzygiderli şekilde wakalary gürrüñ berýän bolsa, öñden meýilleşdirilen işler bardyr, emma ýazgynyñ başynda görnetin netije çykarma alamatlary bar bolsa, onda bu gönüden-göni özüni aklamaga synanyşýandygyny görkezýär! Tekstiñ giriş bölegindäki söz säwligi bu kesgitlemäni hasam güýçlendirýär: Albaýrak “edememe karary aldym” diýýär. Dogry ýazylyşy “etmeme karary aldym” bolmalydy! Bu türkçe ýazylan ýönekeý säwlikmi, ýa-da häzirki ruhy ahwalynyñ daşyna syzmagymy? Bu onuñ ygtyýarlygynyñ çäklendirilendigini añlatmaýarmy? Maşgalasyndan aýratyn söz açmagy "ýekelik-ýeke goýulma" manysyny berýärmi? Galyberse-de: Albaýragyñ hoşlaşyk hatynda "-da", "-de" goşulmalaryny ulanyşynda we kiçi harp bilen ýazyp başlamaly sözleriñ uly harp bilen ýazylşynda ýa-da nokat belgileriniñ goýluşynda birnäçe grammatiki säwlikler bar. Ümlük säwligi-de grafologiýanyñ ugruna degişli... Tekst geñeşçilere sala salynman, hiç kime gözden geçirtmän, okatman, oýlanman-ölçermän, duýdansyz dörän öýke-kinäniñ, howul-haralygyñ bady bilen ýazylandygyny görkezmeýärmi? Şu şuny soramagymyza sebäp bolýar: - Albaýrak duýguçyl iniş-çykyşlary ýokary impulsiw şahsmy? Ony şu derejede öýkeleden zat nämekä? Kime gahary gelýärkä? Prezidentinemi? Gaýynatasynamy? Öz islegi bilen işden gidýändigini özüni şul wezipä goýan Prezidente däl-de, nämüçin "jemgyýetçilige" mälim edýär? Sowal köp... ■ ÖÝKÄNIÑ SOÑY Meñ pikirimçe hoşlaşyk tekstiniñ iñ täsirli we iñ täsin jümlesi şu: “At yzynyñ it yzyna garyşan, hak bilen batyly aýyl-saýyl etmegiñ kynlaşan şular ýaly kyn döwründe bize ynam bildirip doga-dileg eden her bir ildeşimizden Rebbim razy bolsun.” Hoşlaşyk “(Alla) soñumuzy haýyr eýlesin!” diýibem gutarýar. Bu iki jümläni nädip teswirläp bolar? Jümleler Erdoganyñ häkimiýetini nyşanalamaýarmy? Yslam medeniýetinde hiç wagt oñlulyga “Alla soñumuzy haýyr eýlesin” diýilmeýär! Ykdysadyýete jogapkär ministriniñ muny ýazmagy täsin dälmi? Ykdysadyýetiñ real ýagdaýy pikir edişimizden has erbetmikä? Bulam hiç welin, hemme zadyñ gülala-güllükdigi we hemme zadyñ gowulyga tarap özgerýändigi barada umytlandyryjy sözleri hemişe hut özi aýdyp gelmedimi? Şindi näme boldy? "Tahýa düşdi, kel göründi" boldumy? Hoşlaşyk teksti bize şular ýaly detallary berýär, ýöne sözi mundan artyk süýndürmäliñ. Sözümiñ soñuny şuny aýdyp jemlesem gowy bor: Hoşlaşyk teksti, gynansak-da, ýokary wezipeli döwlet ýolbaşçysy ýaly däl-de, gaýynatasyna gahary gelen köreken deý ýazana meñzeýär… Käşgä, gahary köşeşensoñ ýazan bolsady... Çünki, gaharyñ soñy puşeýmanlykdyr... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |