03:27 Hoşniýetli aýy bilen dostlaşan samsyk adam hakynda hekaýat | |
Hoşniýetli aýy bilen dostlaşan samsyk hakynda hekaýat
Goşgular
bir gün Aýy ýylan bilen garpyşyp, Egbarlan mahaly ysgyndan düşüp, Oña kömek berip edenli adam, Halas etdi dogry gelen beladan. Ejizi goldasa biri kyn günde, Oña hormat artýar her bir göwünde. Kim şeýle goldawa bolmasa taýyn, Şol kişidir ýigrendigi Hudaýyñ. Diñe özün bilýän tekepbir bende, Bela duçar bolar wagty gelende. Ýañky batyr kişi aýaman janyn, Halas edip gazabyndan ýylanyñ, Ägirt uly är işini bitirdi, Adamlary köp beladan gutardy. Aýy tagzym edip onuñ öñünde, Hoşallyk bildirdi açyk göwünden. Janpena hem sakçy bolup ynsana, Gapdalynda gezdi gitmän hiç ýana. Bir ötegçi synlap bolşuny olañ, Şeý diýdi adama ýuwaşlyk bilen: "Bu gödek mahluga etme sen ynam, Samsyk bilen dostluk duşmanlykdanam Beterräkdir. Saña çynym aýdaýyn, Gowy däl, halypa, düşen ýagdaýyñ". Batyr aýtdy: "Jara dök bu akylñy, Sen maña görüplik edýän şekilli". Ötegçi şeý diýdi: "Sag bolsun janyñ, Ýöne görüpligniñ dana ynsanyñ, Haýwan dostlugyndan peýdalydygna Düşünäýseñ, oñat bolardy sen-de. Señ gözlerñi açmak maksadym, netim, Aýyny taşla-da meni dost tutun. Iki bolup ýola düşeli durman, Şeýtmeseñ, soñundan çekersiñ arman". Batyr aýtdy: "Bar-aý, ýoluñdan galma, Aýy bilen aramyza al salma". "Meniñki-hä saña maslahat bermek, Ret etmek ýa-da oña eýermek. Öz işiñ, halypa, keýpiñ kelläñde, Zyýana-ha galmazdyñ iñ bolmanda". "Goý, galsam, men galýan. Señ öwdüñ artyk, Öz barýan ýoluña gidiber ýortup..." Ötegçi öwüdi geçmänsoñ sana, Ýene öz ýoluna boldy rowana. Batyr kişi howañ yssy gününde Uka gitdi bir gün bagyñ teýinde. Öz halasgäriniñ başujyn alyp, Aýy otyr oña goragçy bolup. Bir siñek wazzyldap, aýlanyp ýördi, Garnyn doýurmaga peýlenip ýördi. Aýy yhlas bilen kowsa-da herne, Ukudaky bendäñ o ýer, bu ýerne Häli-şindi gonup, ýene uçýardy, Onuñ şeýle nejis gylygy bardy. Kowup, bizar bolan Aýy biçäre Siñekden dynmaga gözledi çäre. Ana, ýene kellesine gondy oñ, Garaz, Aýa berýän derdi kändi oñ. Aýy halt-halt edip, her ýana çapdy, Ahyram bir ýerden harsañ daş tapdy. Aýy - barypýatan dikdüşdi, tentek, "Bite gahar edip, ýorgan otlan" dek, Ýatan bendäñ kellesini nas etdi, Yzyndanam mölterilip esetdi. Eger samsyk bilen bolsañyz ülpet, Iner ahyrsoñy başyñdan külpet. Daşyñda pyrlanyp, oda düşse-de, Dostluk, wapa hakda kasam içse-de, Hut salgyma goluñ salgan ýalydyr, Soñy puçdur - ýel gysymlan ýalydyr. | |
|
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |