18:49 Howa maglumaty | |
HOWA MAGLUMATY
Goşgular
Howa maglumatyn berdiler şugün, Radioýaýlymda, teleýaýlymda. “Bulutsyz howa bor, güneşem çogun Eçiler-diýdiler –Türkmen ilimde” . Begendim, ynandym,çykdym seýrana, Howa gorä geýindimde lybasym. Töweregi synlap galdym haýrana, Bulut üýşdi, ýagşam ýagarly basym. Bir ýere üýşdiler bulutlaň bary, Bulutlar garaldy, howa sowady. Asmandan guýuldy güýzüň ýagmyry, Maglumatlaň ýalanlygnyň subudy... ...Bulutlar hem gözýaşlarny dökerde, Ýiter gider, bolup gözümden gaýyp. Asmandan lowurdap güneş çykarda, Ýyladar kalbymy mährine çoýup. Ynsan ogly bolmaly köp şükürde, Ýene ýylar ülkämiziň howasy. Çünki, gara bulutlardan ýokarda, Ýagty günüň barlygy oň güwäsi. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |