00:12 Howp abanýar | |
HOWP ABANÝAR
Publisistika
Abanýan howpa ünsüňizi çekmeli bolýaryn: - Komplimasiýa teoriýalary real durmuşda gorkunç netijeleri emele getirýär! Aýratynam döwletiň başynda oturanlaryň agzyndan çykýan sözüni gulagynyň eşitmegi gerek. Özem aýdýan sözlerini başga gulaklaryňam eşidýändigini bilmeli... Biziň daşymyzdan mysal bereýin: Anders Behring Breýwikiň ady ýadyňyza düşýändir. 2011-nji ýylyň 22-nji iýuly. Norwegiýanyň paýtagty Osloda ilki ministrligiň binasynyň öňünde öňünde goýan awtoulagyny partladyp sekiz adamy, yzyndan Işçiler partiýasynyň Utopiýa adasyndaky ýaşlar lagerine kürsäp urup, ýetmiş ýedi adamy öldürdi, 242 adamy ýaralady... Breýwik kimdi? Ekstremistik sagçy, migrant duşmany, akýagyz hristian jynsparazy, köp öwüşginli medeniýete garşy gidýän milletparaz.. Hawa, ol terakty amala aşyranda, yzynda 1.513 sahypalyk "2082-nji ýylyň Ýewropa Garaşsyzlyk deklarasiýasy" atly manifest galdyrdy: Osmanlynyň 1683-nji ýyldaky Wena söweşiniň ikinji yslam jihat tolkuny üçin soňky menziliň başlangyjydygyny we şu sebäpden bütin Günbatar Yewropalylar üçin garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilmelidigini nygtady. Ýewropanyň çaltlyk bilen yslamlaşyp barýandygyny, şonuň üçin musulmanlary gyssagly Hindistana sürmäge çagyrdy. Ýa-da özüniň edişi ýaly öldürmegi ündedi.... Elbetde, bulara pikir diýip bolmaýar. Ol öz komplimasiýa telbeligine ynanýardy. Bulary agzasy bolan ekstremistik sagçy Ösüş partiýasynyň syýasatçylarynyň agressiýa meýilli sözlerinden we partiýanyň gazeti "Açyk hatyň" düşündirişlerinden täsirlenip ýazdy. Breýwik teraktyndan sapak alyndymy? * * * Ünsüňizi çekendir: Soňky döwürde mawy ekranlar bilen birlikde sosial mediýada bir karta köpçüligiň dykgatyna ýetirilýär. Sözde ysraýylyň göz öňüne tutýan "Arzy-Mewud" ("Wada berlen ýerler") kartasy... Iudeý mukaddes kitaplaryna laýykylykda terrirorial çäkleriň serhetleri anyk belli bolmasa-da, ekrandaky kommentatorlar karta boýunça komplimasiýa teoriýalaryny toslamakda ýaryşýar! Şeýle pikire Erdoganyň özem gop berdi: "Ysraýylyň gözi Anadoluda!" Goşmaça paragraf açalyň: Sionistik agalyk ediji medeniýet jümle-jahana ýaýylsa-da, "wada berlen yerler" teologiýa taýdan jedelli tema. Allatagala ybraýymy dinlere (ýagny diñe iudeýlik däl, hristianlyk bilen yslamy-da öz içine alýar) we Ybraýym pygamberiň nesline bu yerleri wada beripdir. Meselem, mormonlaryň ynanýan Injiline laýyklykda Amerika yklymy wada berlen yerlerdi! Munuň musulmança düşündirişi-de bar: Ybraýym pygamberiň ogly Ysmaýyl arap milletiniň nesilbaşysy we kureýş taýpasydyr Hezreti Muhammet pygamberiň (s.a.w) atasydyr. Musulmanlar üçinem ol ýerler wada berlen ýerlerdi... Uzatmaýyn, esasy gürrüňime dolanaýyn: * * * "Arzy-Mewud" kartalarynyň ýaýradylmagy, ritoriki komplimasiýalaryň öňe sürülmegi bilen sosial mediýada Türkiýäniň raýatlygyndaky käbir jöhit işewürleriniň şereketleri nyşana alynmaga başlandy. Şeýle-de, olaryň öndürýän harytlaryny boykot etmäge çagyrylýar... Hatda häkimiýetiň tarapdarlygyny edýän käbir metbugat organlary iki raýatlygy bolan jöhitleriň derhal deportasiya edilmegini talap edýän kampaniýa yglan etdi. Faşist Netanyahunyň özem hiç wagt Ysraýylyň raýaty bolan palestinleriň garşysyna beýle talaby orta atmandy. Gynansak-da, gelip ýeten derejämiz şeýlekin faşistik meýildenem ötedir. Pikir ediň özüňiz. Döwletimiz bulara sesini çykarman syn edýär. Umberto Ego "Maýatnik Fuko" eserinde bu ýagdaýy şeýle suratlandyrdy: "- Meni jõhitlere garşy gidýändir öýtmäň. Iň gowy dostlarym jöhitleriň içinde-de bar. Belli bir jöhidi göz öňüne tutýaryn men... - Nahili? - O ýerini özüm bilerin..." Breýwik hem özüniň bilýän ham komplimasiýa teoriýasyna-manifestine çyny bilen ynanyp gan dökdi. Döwlet ýolbaşçylaryndan başlap ekran şowmenlerine, sosila mediýadaky klawiatura batyrlaryndan häkimiýet neşirlerine çenli berilýän başly-barat gepleşikleriň, ýazgylaryň, çagyryşlaryň nirelere baryp direjegini hasaplaýan adam yokmy? Ýurdumyzda muny özüne wezipe edinen psihologiýasy bozuk breýwikleriň bolmajagyna kepil geçip biljek barmy? Abanyň gelýän howpy duýaňzokmy? Oýlanman-ölçermän aýdylan sözler, ýazylan ýazgylar ýurdy ýakar. Seresap boluň. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |