22:51 Hudaýa nalyş | |
HUDAÝA NALYŞ
Goşgular
Pandemiýa gaplap aldy dünýäni, Kowid on dokuz gapgarýar Bu jahana inýäni. Onuň üçin sen şa bol, Ýa-da geda, parhy ýok, Ady näteňet onuň Koronowirus??? Hany sen, nirede, maýadar Soros?! Set müň-set müň adam bolýandyr pida, Nirede rehimiň, rehimdar Huda! Reim eýläwer ýene Biçärelere, Bigänelere, Garry-gurtulara hem beçelere... Aýbygadym dünýä gyrgyn gelipdir, Uçdantutma dowzah, sürgün gelipdir. Pereňlini gora, Iňlisem gora, Diýjek däldim, ýöne iblisem gora. Bulaň bary seniň öz ýaradanyň, Zulum kylma, kylma zulumyň Alla! Ýogsam adamyň haly hyllalla! Ýüreginde, bagyrynda, ýarasynda, Onsuzam wirus az däl, Adamlaryň arasynda. Gazak, gyrgyz hem täjik, Özbek, ispan, italýan... Gyrylýan kän wirusdan, Ölýän az däl orusdan... Tükenmesin goý, tohum, Boş goýma sen Zemini. Rehmiň gelsin eý, Allam! Özüň älem Emini! 17.06.2020. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |