19:03 "Hudaýyñ mülküniñ saklaýjylary" | |
"HUDAÝYÑ MÜLKÜNIÑ SAKLAÝJYLARY"
Publisistika
ýa-da syýasatda gowy adamlara ýer ýokmuka? Häkimiýetde we oppozisiýada näçe sany ahlakly wekilimiz bar? Ýa-da biziñ özümiz ahlakly wekiller saýlap-seçip biljek derejede ahlaklymykak? "Jumhur" ýaranlygynyñ (Erdoganyñ partiýasy AKP-niñ we Dewlet Bahçeliniñ partiýasy MHP-niñ bileleşigi) Ankara munisipalitetiniñ başlyklygyna hödürlän kandidatynyñ baýlygynyñ hasaby soralanda birinji beren jogaby näme bolupdy: "Mal-mülk biziñki däl, Hudaýyñky. Biz onuñ diñe saklaýjylarydyrys". Dogrusy, añsat-añsat ýatsan çykmajak, gülübem geçip bolmajak jümle bu. Syýasy yslamçy çemeçillere göz boýamak üçin ramkaladyp, diwardan asyp goýuljak derejede möhüm. Hamana, elmydama "diniñ adyndan, Hudaýyñ adyndan" hereket edýän, ähli adamlaryny yslama laýyklykda ýaşaýan ýaly edip görkezýän, her edýän işini we şeýle-de hakyky diniñ günä saýaýjak her bir işini "kitaba gabat getirýän" adamlaryñ gelýän we gelip biläýjek nägilelikleri basyp ýatyrmak üçin ulanýan ajaýyp galkany. Bu şeýle bir galkan welin, diñe gorananda däl, ähli agyrlygy bilen ytagat etmeýänleriñ kellesine indermelerine-de ýaraýar. * * * Hakyky musulmanyñ gözünde din bilen ahlak biri-birinden aýry göz öñüne getirilip bilinmez. A syýasy yslamçylar welin gündelik durmuşda we syýasatda ahlagy-da, ahlagyñ din bilen aýrylmaz baglanyşygyny-da piñine almaýar. Ýalan sözlemek, töhmet atmak, ogurlamak, öldürmek ýaly buýruklary bermeksen gaça durmaýar. Pul, mal-mülk, wezipe edinmek babatda-da gara nebsi otukdykça otugýar. Elbetde, gep-söz oýnatmaly bolanda, hiç kime ýeñem berenoklar. "Pul-peji o dünýä äkidip bilesiñ ýok" edebiýatyny sizden has gowy bilýändirler. Emma gelip görersiñiz welin, her dürli emel-ýollar bilen gazananjasyny o dünýä äkitmek üçin ellerinden gelenini gaýgyrýan däldirler. Munisipalitet başlyklygyna kandidatlar ýönekeýje mal-mülke, meselem, diñe bir ýüzüge eýe bolsady, hiç ýaýdanman şobada agyz dolduryp gürläp bilerdiler. Emma yzy nul sifirlerden doly baýlyklaryny mälim etmäge añsat-añsat dilleri öwrülenok. Onuñ ýerine dini röwüş berilen sözler bilen añ bulaşdyrmaga synanyşýarlar: "Mal-mülk meniñki däl, Hudaýyñky. Men diñe onuñ saklaýjysy". Aslynda "Hudaýa degişli" saýylýandygyna garamazdan, şol mal-mülküñ "saklaýjysy" bolmak üçin her tüýsli bidüzgünçilikleri edip bilýärler. Has köp öý, ýer, daçalar, gymmadyndan gymmat awtoulaglar, katerler, gämiler... Elbetde, bularyñ barsy Hudaýyñky... Ýogsa-da siziñ muña şübhäñiz barmy? Emma "şu ýalan dünýäde geçirjek 5-3 günümiziñ" dowamynda bularyñ keýpini görsek erbetmi näme? Hem seredýäñ "o dünýä" diýilýän zada... Toba estagpyrylla! Remezan aýynda adamlaryñ añyny bulaşdyryp günä goýmañ-a! * * * Ýokarda din bilen ahlagyñ arasyndaky baglanyşygyñ gürrüñini etdim, emma meseläni din bilen baglanyşdyryp almagam hökman däl. Mesele gowy adam bolmakda. Ýagny, bize hyzmat etmek üçin saýlap-seçjek adamlarymyz gowy bolmaly. Ýagny, erbet bolmaly däl. Garaýürek, ahlaksyz, wyždansyz, merhemetsiz bolmaly däl. Ýalan sözlemeli däl, töhmet atmaly däl, ogurlyk etmeli däl, hiç kimsäni ogurlamaly däl... Ýene-de kän... Eýse gowulyk näme diýmegi añladýarka, halypa? Meselem, "bir adama haýsydyr bir zada hantamaçylyj bildirmezden kömek edip" bolýarmy? (Bagyşlañ, "bir adama" sözüniñ ýerine "bir jandara" sözüni ulanyp bilerismi?) Oña merhemetli çemeleşmek, onuñ bilen baglanyşykly gaýgylanmak, özüñi onuñ ýerine goýup bilmek, ony diñlemegi we düşünmegi başarmak, iñ bolmanda oña üns bermek we goýmak hormat-sylag etmek mümkin bolup bilermi? * * * Aristotel ýagşylygy "kömek edýän adamyñ özi üçin haýsydyr bir garşylyga we bähbide garaşmazdan, diñe mätäçlik duýýan adamyñ bähbidine görä goşant goşmaga taýýar bolmagy" görnüşinde kesgitläpdir. Fridrih Nişse bolsa ýagşylygy we söýgini "adamlaryñ arasyndaky gatnaşyklarda iñ köp bejergi täsiri bolan derman" hökmünde görýärdi. Syýasatda, parlamentde, munisipalitetlerde we gaýry ýerlerde şuña meñzeş kesgitlemelere mynasyp adamlara gabat geldiñizmi? Näçe sany? Ýa-da jemi sanyñ näçe göterimi? Sagçysy ýa-da çepçisi? Häkimiýetiñ ýa-da oppozisiýanyñ tarapdary? Näçe sany arassa ahlakly wekilimiz bar? Ýa bolmasa biziñ özümiz? Ahlakly wekiller saýlap-seçip biljek derejede ahlaklymykak? Näçe ene-ata we mugallym çagalara "ýagşylyk" düşünjesini, "ýagşylyk etmegiñ ýagşy ynsan bolmak üçin mejbury aýratynlykdygyny" düşündirýär? Näçesi olary ikiýüzli ülñülerden goraýar, özüne meñzemeýänlere-de hormat goýmagy we hoşniýetli bolmagy ündeýär? Näçe kişi?.. Ýeri bolýa, nokgy-nokgy edip durmaýyn (edemde nämä ýaraýar?). Gülten Akynyñ gussaly sözleri aýdanymyzda: "Ah, kimseleriñ wagty ýok, durup inçe zatlaryñ pikirini etmäge..." Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com 16.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |