14:44 Hukuk sorag-jogaplary – 9. Işden çykylandaky hasaplaşyk tölegleri hakda | |
IŞDEN ÇYKYLANDAKY HASAPLAŞYK TÖLEGLERI HAKDA
Hukuk maslahathanasy
Sorag: Işden çykylanda işgär bilen iş berijiň arasynda geçirilmeli hasaplaşyklar hakynda hereket edýän kanunçylykda berkidilen kadalar. Jogap: Işgär öz islegi boýunça iş beriji bilen zähmet şertnamasyny bes edende onuň bilen geçirilmeli hasaplaşyklar şulardan ybarat: 1. Işgäriň işlän şol aýynda işlenilen ähli iş günleri üçin zähmet hakynyň doly möçberinden (Mysal üçin, aýyň 15-ne işden çyksa, dynç günleri hasaba almanyňda 11 iş günem işlän bolsa, öňki alýan aýlyk hakyna barabarlykda şol 11 günüň zähmet haky); 2. Alynmadyk her ýylky esasy we goşmaça zähmet rugsatlary üçin tölegden (Mysal üçin, kärhanada üç ýyl işläpdir, iki ýyl üçinem ýyllyk esasy zähmet rugsadyna çykmandyr, şol ulanylmadyk, her ýylda 30 günlük zähmet rugsady üçin tölegler); 3. Kanunçylykda, edaraň (kärhanaň, guramaň) içerki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we zähmet şertnamasynda bellenilen beýleki töleglerden (Mysal üçin, edaraň içerki gözükdirmesinde, zähmet şertnamasynda şol wezipede işleýän işgärler üçin zyýanly zähmet şertlerinde (Mysal üçin, boýag sehi, çakdan aşa gyzgyn ýerler we ş.m.) ýerine ýetirilen iş üçin öwez tölegleriniň tölenilmegi göz öňünde tutuylan bolsa). TÜRKMENISTANYŇ ZÄHMET KODEKSI: Çeşmesi: https://minjust.gov.tm/hukuk/merkezi/hukuk/214. 23.05.2022ý. 41-nji madda. Zähmet şertnamasynyň işgäriň başlangyjy boýunça ýatyrylmagy 1. Işgär möhletsiz baglaşylan zähmet şertnamasyny, şeýle hem möhletli zähmet şertnamasyny onuň möhleti tamamlanmanka öz başlangyjy boýunça ýatyrmaga haklydyr, şonda ol bu hakda iş berijini iki hepde öňünden ýazmaça habarly etmelidir. Işden boşatmak hakynda duýduryşyň möhleti gutarandan soň işgär işini bes etmäge haklydyr, iş beriji bolsa işgäre zähmet depderçesini bermäge we onuň bilen hasaplaşyk geçirmäge borçludyr. 55-nji madda. Zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda) işgäre tölenmäge degişli zähmet hakyny iş berijiniň tölemeginiň möhletleri 1. Iş berijiniň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda) tölenmäge degişli zähmet haky işgäre tölenmelidir: 1) zähmet şertnamasynyň bes edilen (ýatyrylan) gününe çenli işlemegini dowam etdirýän işgäre – onuň hereketiniň bes edilen gününde; 2) zähmet şertnamasynyň bes edilen (ýatyrylan) gününe çenli işlemeýäne – onuň hasaplaşyk hakyndaky talabyny bildiren gününde. 2. Zähmet şertnamasy işgäriň başlangyjy boýunça bes edilende (ýatyrylanda) tölenmäge degişli zähmet haky işgäre tölenmelidir: 1) zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak) hakynda kanun ýa-da zähmet şertnamasy boýunça iş berijini duýdurmaga borçly bolan işgäre – haçanda duýduryşa laýyklykda işgäriň işini goýmaga hakly bolan gününden gijä galman; 2) zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak) hakynda iş berijini duýdurmaga borçly bolmadyk işgäre – işini goýan gününden gijä galman. 3. Işgäre tölenmeli pul möçberi hakynda jedel ýüze çykan mahalynda zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda) iş beriji şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen möhletlerde onuň jedelleşmeýän pul möçberini tölemäge borçludyr. 109-njy madda. Ulanylmadyk her ýylky esasy we goşulýan goşmaça rugsatlaryň öwezini pul bilen dolmak 1. Her ýylky esasy we oňa goşulýan goşmaça rugsatdan yzyna çagyrylanda, aýratyn halatlarda şu rugsatlaryň peýdalanylmadyk böleginiň öwezi pul bilen dolunýar. 2. Durmuş rugsatlarynyň ähli görnüşleri, göwreli aýallara we on sekiz ýaşyna ýetmedik işgärlere, zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri, şeýle hem işiň aýratyn häsiýeti bolan işlerde işleýän işgärlere rugsadyň öwezini pul bilen dolmak arkaly çalyşmaga ýol berilmeýär. 3. Işgär işden çykanda ulanylmadyk her ýylky esasy we oňa goşulýan goşmaça rugsatlaryň hemmesiniň öwezi pul bilen dolunýar. On bir aý möhletden az işläp işden çykýan işgärlere esasy rugsat işlän aýlaryna barabar möçberde ulanylmadyk rugsadyň öwezini doluş puly tölenilýär. 131-nji madda. Ortaça zähmet hakynyň hasaplanylmagy 1. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan ortaça zähmet hakynyň möçberini kesgitlemegiň ähli halatlary üçin ony hasaplamagyň ýeke-täk tertibi bellenilýär. 2. Ortaça zähmet haky hasaplanylanda, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlar tölenilýän zähmet hakynyň ähli görnüşleri, şol sanda rugsatlaryň tölegleriniň jemi hasaba alynýar, muňa şu Kodeksiň 270-nji maddasynda bellenilen esasy iş bilen utgaşdyrma boýunça zähmet haky, şeýle hem zähmete hak tölemegiň hereket edýän ulgamy bilen şertlendirilmedik tölegler girmeýär. 3. Islendik iş düzgüninde işgäriň ortaça zähmet hakyny hasaplamak oňa töleg pursadynyň öň ýanyndan gelýän on iki senenama aý üçin hakyky hasaplanan zähmet hakyndan we hakyky işlenilen wagtyndan ugur alnyp geçirilýär. Eger işgär on iki aýdan az işlän bolsa, onda onuň ortaça aýlyk zähmet hakyny hasaplamak töleg pursadynyň öň ýanyndan gelýän hakyky işlän senenama aýlarynyň sanyndan ugur alnyp geçirilýär. Eger işgär bir aýdan az wagt işläp işden çykan bolsa, oňa tölenmäge degişli öwez pulunyň möçberi işden çykan günündäki bellenilen aýlyk zähmet hakyndan (tarif möçberinden) hasaplanylýar. 4. Ortaça gündelik zähmet haky ortaça aýlyk zähmet hakyny 29,7-ä bölmek ýoly bilen hasaplanýar. 5. Türkmenistanyň kanunçylygynda ortaça zähmet hakyny hasaplamak üçin, eger işgärleriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrmaýan bolsa, beýleki döwürler hem göz öňünde tutulyp bilner. 6. Şu madda bilen bellenilen ortaça zähmet hakyny hasaplamagyň tertibiniň aýratynlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen edara tarapyndan kesgitlenilýär. 7. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda zähmet haky ýokarlandyrylanda ortaça zähmet hakyny hasaplamak üçin kabul edilip alynýan zähmet hakynyň zähmet hakynyň ýokarlandyrylmagyndan öňki döwre düşýän bölegi aýlyk zähmet hakynyň (tarif möçberiniň) ýokarlandyrylan derejesine indeksirlenilýär. Zähmet hakynyň ýokarlandyrylmagyna çenli tölegli rugsada giden işgäriň rugsadynyň, onuň zähmet hakynyň ýokarlandyrylmagyndan soňky döwre düşýän günleri üçin töleginiň möçberi aýlyk zähmet hakynyň (tarif möçberiniň) ýokarlandyrylan derejesine indeksirlenilýär. Zähmet hakyny hasaplamagyň görkezilen tertibi işden çykylanda berilýän kömek puluny, öwez puluny, göwrelilik we çaga dogurmak hem-de wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny hasaplamak üçin hem ulanylýar. 134-nji madda. Işden çykylanda hasaplaşyk möhletleri 1. Zähmet şertnamasynyň hereketi bes edilen mahalynda iş berijiden işgäre düşýän puluň ählisini tölemegi işgär işden çykan güni amala aşyrylýar. Eger işgär işden çykýan güni işlemedik bolsa, onda oňa degişli pul işgäriň hasaplaşyk hakyndaky talapnamany bildiren gününden soň yzyndan gelýän günden gijä galman tölenilmelidir. 2. Işgär işden çykan mahalynda oňa düşýän puluň möçberi hakynda jedel ýüze çykan halatynda, iş beriji şu maddada görkezilen möhletde onuň dawalaşylmaýan möçberini tölemäge borçludyr. 135-nji madda. Işgärleriň zähmet haklaryndan tutumlary tutmak 1. Işgärleriň zähmet hakyndan tutum tutmak diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda amala aşyrylýar. 2. Işgärleriň zähmet hakyndan tutum tutmak kärhana bolan bergini üzmek üçin olaryň işleýän ýerinde iş berijiniň buýrugy esasynda amala aşyrylýar: 1) zähmet hakynyň hasabyna berlen hakujyny gaýtarmak, ýalňyş hasaplamalar netijesinde artyk tölenen pullary yzyna gaýtarmak, gulluk iş sapary ýa-da başga ýere geçirilmegi üçin, hojalyk hajatlary üçin berlen harçlanylmadyk we öz wagtynda gaýtarylmadyk hakujyny üzülişmek üçin, eger işgär şunda tutup alnyp galynan puluň esaslaryna we möçberine jedel etmeýän bolsa. Şeýle halatlarda iş berijiniň hakujyny gaýtarmak, bergini üzmek üçin ýa-da nädogry hasaplanyp çykarylan töleg üçin bellenilen möhlet gutarandan soň bir aýdan gijä goýman tutum tutmalar hakyndaky buýrugy bermäge haklydyr; 2) iş ýyly tamamlanmanka işden çykan işgäre rugsadynyň işlenilmedik günleri üçin rugsadynyň hasabyna berlen tölegler. Eger işgär şu Kodeksiň 39-njy maddasynyň birinji böleginiň 3-nji bendinde, 42-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 2-nji, 4-nji ýa-da 5-nji bentlerinde, 47-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 2-nji, 5-nji, 7-nji ýa-da 9-njy bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça işden çyksa, şol günler üçin tutumlar tutulmaýar. Pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly işgär işden çykan mahalynda hem rugsadyň işlenilmedik günleri üçin tutumlar tutulmaýar; 3) işgäriň günäsi bilen kärhana ýetirilen zyýanyň öwezi dolunanda. 3. Iş beriji tarapyndan işgäre artykmaç tölenilen zähmet haky (şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyny ýalňyş ulanmak netijesinde) ondan tutulyp bilinmez, ýalňyş hasaplanmagy netijesinde tölenen ýagdaýlar muňa girmeýär. 4. Ýalan maglumatlary habar bermegi ýa-da galp resminamalar bermegi netijesinde işgäre artyk tölenilen zähmet haky we başga pullar kazyýetiň çözgüdi esasynda ondan töledilip alynýar. IŞ BERIJIŇ BAŞLANGYJY BILEN ZÄHMET ŞERTNAMASY BES EDILENDE: 44-nji madda. Zähmet şertnamasyny iş berijiniň başlangyjy boýunça bes etmek hakynda duýduryş 1. Iş beriji şu aşakdaky möhletlerde özüniň zähmet şertnamasyny bes etmek meýli hakynda işgäri ýazmaça (gol çekdirilip) duýdurmaga borçludyr: 1) kärhananyň ýatyrylmagy ýa-da iş beriji – fiziki şahs tarapyndan işiň bes edilmegi, şeýle hem işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy (şol sanda önümçiligiň tehnologiýasyndaky, zähmetiň guralyşyndaky üýtgetmeler, işleriň möçberleriniň gysgaldylmagy) bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilende – iki aýdan gijä galman; 2) işgäriň hünäriniň ýeterlik däldigi netijesinde onuň ýerine ýetirýän işine laýyk gelmezligi bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilende – azyndan iki hepdeden gijä galman; 3) möhletli zähmet şertnamasynyň hereket ediş möhletiniň gutarmagyna çenli azyndan iki hepdeden gijä galman. Işgäriň zähmete wagtlaýyn ukypsyzlyk ýa-da rugsatda bolýan döwründe kärhana ýatyrylsa ýa-da kärhananyň işgärleriniň sany ýa-da wezipe sanawy gysgaldylsa, onda şu görkezilen wagt duýduryş möhletine girýär. Eger, kärhananyň işgärleriniň sany ýa-da wezipe sanawy gysgaldylanda şu bölekde bellenilen duýduryş möhleti tamamlanýan wagtynda işgäriň zähmete wagtlaýyn ukypsyzlygy ýa-da rugsadyň möhleti dowam edýän bolsa, onda onuň bilen baglaşylan zähmet şertnamasynyň hereketi görkezilen rugsatlaryň tamamlanan güni ýa-da zähmete wagtlaýyn ukypsyzlyk döwrüniň tamamlananlygy sebäpli işe çykan güni bes edilýär. 2. Işgär bilen iş berijiniň arasyndaky ylalaşyk boýunça şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan duýdurma duýduryş möhletiniň dowamlylygyna görä ortaça zähmet haky möçberindäki öwez puly bilen çalşyrylyp bilner. 3. Eger lukmançylyk netijenamasynda işgäre bu işi ýerine ýetirmek bolmaýar diýlip görkezilen bolsa, işgäriň saglyk ýagdaýy sebäpli ýerine ýetirýän işine laýyk gelmezligi bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilende duýduryş geçirilmeýär. 4. Kärhananyň eýesiniň çalyşmagy bilen baglanyşykly kärhananyň ýolbaşçysy, onuň orunbasarlary we baş hasapçysy bilen zähmet şertnamasy bes edilende täze eýesi azyndan iki aý galanda zähmet gatnaşyklarynyň geljekki bes edilmegi hakynda ýolbaşçyny, onuň orunbasarlaryny we baş hasapçyny ýazmaça (gol çekdirip) duýdurmaga borçludyr. 5. Işgäriň şu Kodeksiň 42-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-12-nji bentlerinde görkezilen bikanun hereketleri etmegi bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilen halatlarynda iş beriji azyndan üç senenama güni öňünden zähmet gatnaşyklaryny bes etmek hakynda işgäre habar berýär. 6. Iş beriji işgärleriň işden boşadylmagyna çenli azyndan iki aý galanda şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda işgärleriň geljekki işden boşadylmagy hakyndaky maglumaty kärdeşler arkalaşygyna ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasyna iberýär we işden boşatmagyň netijeleriniň ýeňilleşdirilmegine gönükdirilen maslahatlar geçirýär. Iş beriji şonuň ýaly-da işgäriň ýaşyny, jynsyny, kärini, hünärini we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen işden geljekki boşadyljak her bir işgär hakyndaky maglumatlary iki aýdan gijä galman iş bilen üpjün ediji ýerli edaranyň (gullugyň) dykgatyna ýetirmäge borçludyr. 54-nji madda. Işden çykylanda berilýän kömek puly 1. Işden çykylanda berilýän kömek puly zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda) tölenilýär: 1) şu Kodeksiň 42-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda zähmet şertnamasy bes edilende iş berijiniň başlangyjy boýunça; 2) şu Kodeksiň 47-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 2-nji, 5-nji bentlerinde göz öňünde tutulan taraplaryň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlar boýunça; 3) şu Kodeksiň 39-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 3-nji, 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda işgäriň işi dowam etdirmekden ýüz öwürmegi bilen baglanyşykly; 4) şu Kodeksiň 22-nji maddasynyň birinji böleginiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan esas boýunça. 2. Işi utgaşdyryp alyp barýanlara işden çykylanda berilýän kömek puly tölenilmeýär. 3. Ortaça iki hepdelik zähmet hakynyň möçberindäki işden çykylanda berilýän kömek puly işgärlere şu aşakdakylar bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy ýatyrylanda tölenilýär: 1) işgäriň harby gulluga çagyrylmagy ýa-da girmegi, ýerine ýetirilmegi harby borçlulyk we harby gulluk hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen şertlendirilen işgäriň işe iberilmegi bilen; 2) öň bu işi ýerine ýetiren işgäriň işe dikeldilmegi bilen; 3) lukmançylyk netijenamasynyň esasynda saglyk ýagdaýy boýunça oňa laýyk gelmeýän başga işe çekmekden işgäriň ýüz öwürmegi ýa-da iş berijide degişli işiň ýoklugy bilen; 4) iş berijiniň geçýän başga ýerine işe geçmekden işgäriň ýüz öwürmegi bilen; 5) zähmet şertnamasynyň şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly işgäriň işi dowam etdirmekden ýüz öwürmegi bilen; 6) lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda işgäri zähmete doly ukypsyz diýip ykrar etmek bilen. 4. Kärhana ýatyrylanda iş beriji – fiziki şahs tarapyndan iş bes edilende, kärhananyň işgärleriniň sanyny ýa-da wezipe sanyny gysgaltmak bilen zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda), şeýle hem şu Kodeksiň 22-nji maddasynyň birinji böleginiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda işden boşadylýan işgärlere: 1) ortaça aýlyk zähmet haky möçberinde işden çykylanda berilýän kömek puly berilýär; 2) işe ýerleşýän döwri üçin ortaça zähmet haky saklanylýar, ýöne ol işden çykylanda berilýän kömek puluny hasaba almak bilen işden boşadylan günden başlap iki aýdan köp bolmaly däldir; 3) işgär işden boşadylan gününden soň iki hepde möhletiň dowamynda işe ýerleşdiriş edarasyna ýüz tutan bolsa we işe ýerleşdirilmedik halatynda, onuň işden boşan gününden başlap üçünji aýyň içinde işe ýerleşdiriş edarasynyň çözgüdi boýunça ortaça zähmet haky saklanýar. Işden boşadylan işgär üç aýyň içinde iki gezek hödürlenilen laýyk gelýän (bilimine, hünärine, başarnygyna) işden ýüz öwüren ýagdaýynda üç aý möhlet tamamlanýança ortaça zähmet hakyny saklap galmak hukugyny ýitirýär. 5. Işden çykylanda berilýän kömek puly we saklanyp galýan ortaça zähmet haky ozalky iş ýerinde ýa-da hukuk orun tutary tarapyndan tölenilýär. 137-nji madda. Işgärlere tölenmäge degişli käbir töleglerden tutum tutmagy gadagan etmek Işden çykarylanda berilýän kömek pulundan, öwezini doluş we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tutum tutulmaýan başga töleglerden tutum tutulmagyna ýol berilmeýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |