14:20 Hurafalaryñ alymy | |
HURAFALARYÑ ALYMY
Publisistika
Hurafa - akyla çapraz boş ynanç... Meselem, Mekge-Medineden getirilen gumy syrkawlara iýdirip, şypa tapar öýtmek! Meselem, mañlaýy açylsyn diýip, azança minaradan pyl zyñdyrmak ýa-da elýaglyk sallatmak! Meselem, çagasy bolmaýanlara çagasy bolar ýaly düýäniñ dilini iýdirmek! Meselem, öli jaýlanyp durka pili ýerde goýmanka alynsa, alanyñ öljegine ynanmak! Sanasañ sogaby bar... Bu hurafalar häzir köp kişä gülkünç görünýän bolmagam mümkin. A biziñ günlerimizde köp adamyñ ynanýan hurafalary näme onda? Görüp, başymyzdan geçirip ýörüs: "halyfat baýdagy" bularyñ diñe biri... Halyfat meselesinde şeýle bir ýalñyş añlamalar bar welin, bu baradaky düşünje dolulygyna syýasy gurala öwrüldi. Munuñ añyrdan gelýän köki bar... Esasanam, Osmanlynyñ dargan döwri bilen köp gyzyklanýarys. Ýogsam bolmasa, ilkinji bilen osmanlynyñ "genetiki" kodlarynyñ-nesil daragtynyñ nähili we nämüçin emele getirilendiginiñ üstünde durup geçsek gowy bolar. Mysal üçin: Teýmirleñiñ türki-mongol goşunynyñ 1402-nji ýylda Osmanlyny perişan edip, Beýazit patyşany ýesir almagy Anadolyda fetret (derbi-dagynlyk, baş-başdaklyk) döwrüni döretdi. By çöküş trawmasy Osmanlyda nämä sebäp boldy: Hemme zady bolşundan bäşbeter çişirip ýazmaga! * * * Çişirilýän çeper fantaziýalary bir adamyñ üstünden düşündirip geçeýin: Idris Bitlisi (1452-1520). Býurokratlygy alymlygynyñ öñüne geçen Bitlisi geçmişden öz döwrüne çenli birgiden rowaýatlary toslaýan dört kitap ýazypdyr. Ol şeýle taryh beýan edijiligi bilen Teýmirleñden ýeñlişi, tagt-şazada oñşuksyzlyklaryny, türk-şaýy sefewi howpuna garşy, osmanly hökümdarlary üçin birkemsizligi öz içine alýan sünni özboluşlylyk kabul etmesini (восприятие) kemala getiren "nesil daragtyny" döretdi: - Hökümdar adamzadyñ iñ ýokary mertebesi "zilullah" derejesindedir; - Hökümdarlyk (hilafeti-rabbany) Allanyñ saýasydyr; - Hökümdar bilen Allanyñ sypatlary meñzeşdir; - Hökümdar mülki islänine berip, isläninden alyp bilýär we ş.m. Bitlisiniñ ylahyýeti ulanmak bilen düýp maksady - mynasypdygyna ýa däldigine seretmezden, kemsiz-kössüzlik maksady bulen "ýokary adam patyşany" güýçlendirip, içerde-daşarda garşydaşlara garşy hökmürowanlygy güýçlendirmek we dagynyklygy merkezileşdirmekdi. * * * Idrisi (we döwrüniñ Ibn Kemal ýaly syýasy kabul etme agitatorlary) Gurhany we hadyslary mekirlik bilen düşündirmekde, syýasy maksatlara kybap amal etmekde, patyşanyñ kanuny hökmürowanlygy üçin soltanlygy halyfata öwürme ideologiýasyna işeññir gatnaşdy. Idrisiniñ etmedik zady galmady, meselem: Mämmet II-niñ tagtdan düşürilmegine-de mistiki tutaryklar tapdy: "Ýüzünde Muhammediñ keşbi bilen Allanyñ sypatlary barmyş..." Soltanlygy halyfat bilen bir hasaplaýan fantazýor Bitlisiniñ hökümdara "pygamberlik" statusyny bermegine geñ galasy iş ýok. Hiç bir tarapdan mukaddeslik köki bolmadyk "Beýazit" adynyñ manysyny ebjet hasabyny urandan bolup "Allanyñ ýer ýüzündäki tejellisi" diýip düşündirdi! Hawa, hawa: Şolar ýaly deñsiz-taýsyz taraplary bolan patyşalar içgiden el çekip bilmänsoñ, oña-da tutaryk toslady: "peýdaly üzüm şerabyny içibermeli". "Ýazgarylmaly zat şerap içmek däl-de, serhoşlyk" we ş.m... Nämeler toslanmady... Halyf Osman (r.a.) bilen Osmanlynyñ düýbüni tutujy Osman Gazynyñ atlarynyñ meñzeşligi tötänlik dälmiş. Ýeri bolýa. Onomastiki at ylmy, şeýle-de Bitlisiniñ tapan toslamasy bolan Şeýh Edebalynyñ düýşi barada-ha aýdybam durjak däl... Çünki garşymyzda Wizantiýanyñ imperatory Geraklyñ gizlin musulmandygyny ýazan "taryhçy" bar! (Hiç zat üýtgänok: Mussolininiñ, Gitleriñ hem musulmandygyny ýazmadylarmy!) Bitlisi halyflyk üçin kureýş neberesinden bolmak ýaly biologiki talaplary-da ussatlyk bilen ýoýdy! Osmanly şejeresini Nuh pygambere, (Şaýy-sefewi bilen söweşde) On iki ymama birikdirdi. Onuñ pikiriçe türkler, araplar, parslar, rimliler osmanlynyñ gaýy boýundan gelýärmiş! Gündogar syýasatynyñ lokomotiwi (şol döwür kyrk müñ gyzylbaş türkmeni gyrandyklaryny öwünip ýazan) Bitlisi güýç birikdiren kürtlerini bu sanawa girizmedi! Şu günüñ kürt taryhçylary Bitlisini "kürtdür öýdüp", onuñ ýazanlaryna salgylanýar... Hawa: Diñe syýasy kürtler däl, diñe konserwatiw gatlaklar däl, biziñ günlerimiziñ hurafalary-da şular ýaly toslama patarrakylaryñ üstünden dowam edip gidip otyr... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 05.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |