01:37 Hüseýin jynçymy ýa-da Rasputin? | |
HÜSEÝIN JYNÇYMY ÝA-DA RASPUTIN?
Taryhy makalalar
Hüseýin jynçynyñ we Rasputiniñ biri-birine çalymdaş we tapawutlanýan taraplary näme? "Netflix"-iñ "Watch The Last Czars" serialynda birnäçe kişi Rasputini täzeden tanady. Rasputini içgin öwrenen we ol barada maglumat toplaýan köp adam Hüseýin jynçynyñ adyna-da köp gabat gelýär. Bizem bu makalanyñ dowamynda Hüseýin jynçynyñ we Rasputiniñ biri-birine çalymdaş we tapawutlanýan taraplarynyñ üstünde durup geçip, okyjylary bu artykmaç azapdan dyndaralyñ. • Rasputiniñ we Hüseýin jynçynyñ tebipçiligi Soltan Myrat IV-iñ aradan çykmagyndan soñ tagta geçen Soltan Ybraýym ruhy taýdan näsaglyklary başdan geçiripdir. Iñ ýamany-da, osmanly neberesi Soltan Ybraýym bilen soñlanmagyñ öñüsyrasyna gelipdir. Ýagdaý şeýle bir çataga diräpdir welin, tagta Krym hanlygyndan birini getirip goýmagyñ pikiri alnyp maslahatlaşylypdyr. Soltan Ybraýymyñ başdan geçiren ruhy näsaglygyny onuñ öz galdyran şu inçe setirlerindenem bilse bolýar: "Sanjy deýu ýatyrum, käh arkama gelür, irkilür, gulaklarım dykalur... Şeýle yzam bardyr ki ölüp barýaryn, Ahwalym beter ýaman bolmuşdyr… Halym çökder, mizajymda küdurat bardyr… Göreyin seni, meniñ bu derdime nije çäre taparkañ… Meni söýersen, muña çäre taparsyñ, ondan-mundan sorarsyñ". (Taýýip Gökbilgin, "Ybraýym", "Yslam ensiklopediýasy"). Patyşanyñ derdine derman bolup we osmanogly nesilşalygyny ýok bolmadan halas etjek kişi ibaly medrese bilimi-de bolmadyk, jadygöýlik, doga-tumar bermek, jyn okamak bilen güzeranyny dolaýan Safranboluly Hüseýin ependi diýilýän çalasowatdy. Ol patyşany sagaldandan soñ Anadolynyñ baş goşun kazysy wezipesine çenli göterilip, parahorlyk arkaly "gözi gumdan dolup, puldan doýmadyk" Karun ýaly ummasyz baýlyk toplapdy. Rasputiniñem beýgelişi onuñ tebipçilik etmegi bilen başlapdyr. Şa aýaly Aleksandra Britaniýanyñ korolewasy Wiktoriýanyñ agtygy bolansoñ, ruslar ony itden beter ýigrenipdir. Üstesine ol oglan zürýady-da bolman, yzly-yzyna dört gyzy dünýä inderipdir. Ol üstündäki basyşy ahyryn bir oglan dogryp aýranam bolsa, tagtyñ ýeke-täk mirasdüşeri Alekseý Nikolaýewiç nesilden nesile geçýän gemofiliýa keseliniñ penjesinde urnupdyr. Lukmanlar oñly em-ýom edip bilmänsoñ, doga-jady bilen meşgullanýan tebiplere ýüz tutulýar. Köşge çagyrylan tebipleriñ birem Rasputin eken. Şazada Nikolaýewiçiñ keseli aýrylyp gidibermändir. Iñ ownuk ýarada gan akman ölüp gitme howpy bolansoñ, ol aýna gabyñ içinde saklanýar diýen ýalydy. Käbirleriniñ aýtmagyna görä Rasputin gipnoz tilsimini ulanyp, çaganyñ özüni gowy duýup başlamagyny gazanypdyr. Nähili edendigi boýunça hiç hili delil ýogam bolsa, Rasputin bir alajyny tapyp gany goýaltmagyñ hötdesinden gelipdi. Mundan beýläk rus köşgüniñ gapysy geñsi pop Rasputine hemişelik açylypdy. • Hüseýin jynçynyñ we Rasputiniñ aýallaryñ üstündäki agalygy Elbetde, Hüseýin jynçyny köşge aralaşdyranam we Soltan Ybraýymy oña örkläp goýanam Kösem soltandy. Iñlis ilçisi we osmanly taryhçysy ser Pol Rikotyñ aýtmagyna görä, Kösem soltan öldürilen wagtynda-da onuñ egin-eşikleriniñ arasyndan Hüseýin jynçynyñ doga-tumarlary çykypdyr. Medresede okanda Hüseýin jynçy bilen bile okan Öwlüýä Çelebi "Syýahatnama" atly meşhur eserinde onuñ sowat derejesini şeýle beýan edýär: "Zagferonborly (Safranboluly) nam şäherde şeýhzada nam bir softady. Asitanä (Stambula) gelip Ungapany iç ýüzünde Pil okuşynda "Hamyt ependi" medresesinde hakir Ahfeş ependiden Molla Jamy tilawet edip (okap) "Kitaby Ylmy-Hajyp Kafiýäni" yrab edende, bu mezbur (ady agzalan) Jynçy molla Ahfeş ependi ussadyndan "Kitaby-Izzi" okanda, hikmeti-eziz ismine mazhar düşüp, bir günde yzzat tapyp sagadatly patyşaha surh-bad we "Kenzül-Arş" dogalaryny tilawet edip, bi-emrillah (Hudaýyñ buýrugy bilen) Ybraýym han hoşhal bolup (ýagdaýy gowulaşyp) şazadanyñ ismi Jynçy molla bolup iştihar tapdy (at-owazasy ýaýrady). Emma Allah alymdir, şärigimiz (ders ýoldaşymyz) bolmasy jähti bilen keýpiýeti-haly mälimiñiz (ýagdaýyny bilýäris. "Ylmy-dawetden" (Doga biliminden) ýeke harp bilmezdi. Ýöne birselem bagty we nesibesi çüwüp, olam peleki atlasy-bukalemunda (üýtgäp duran şu dünýäde) paý-baflyk (çulhalyk) edip saga-sola gunagun (tüýsli-tüýsli) oýnuny etdi". Rasputini bolsa rus köşgünde beýgeltjek we oña gadyr-gymmat etjek kişi patyşanyñ aýaly Aleksandrady. Aleksandra doga-jady, geñ-tañsy hadysalara, gysgaça aýdanda, paranormal ukyplara içgin gyzyklanma bildirýän aýaldy. Bu gyzyklanma Rasputiniñ köşgi ele salmagyna çenli gitmelidi. Melikäniñ özem Rasputine örklenip, onuñ her edim-gylymyndan ullakan mukaddeslik gözläpdir. Rasputiniñ uçguryna gowşaklygy köşkde-de özüni görkezipdi, ol şazada Nikolowiçiñ enekesini zorlandygy-da bilinmän galmandy. Köşk Rasputini jezalandyrmagyñ ýerine enekäni işden kowanyny gowy gördi. Bu ýagdaþ Rasputiniñ mazaly ýoldan çykmagyna sebäp boldy. Halkyñ arasyndan ýaýran başga bir gep-gybat bolsa has aýylgançdy: Aýtmaklaryna görä, Aleksandra Rasputine aşyk bolanmyş we olaryñ arasynda ýakynlyk barmyş. Nikolaý II şular ýaly gep-gürrüñlerden soñ Rasputiniñ adyny ýagşydan-ýamandan gazet habarlarlarynda agzamagy gadagan edipdir. Rasputiniñ güýjüni ýetjek derejesine ýetiren hadysa şol gep-gürrüñleriñ yzysüre bolup geçýär. 1912-nji ýylda patyşa we onuñ aýaly şazada Nikolowiçi-de ýanlaryna alyp, Polşa gidýär, şonda şazadanyñ ýene gany durman başlaýar. Lukmanlar gany goýaldyp duruzmagy oñarmaýar. Derrew Rasputine habar ugradylýar, ýöne Nikolaýewiç ölmänkä onuñ gelip ýetişmegi mümkin däldi. Şonuñ üçin ol ekstaz seansy arkaly şazadanyñ janyny halas edipdir. Bu hadysadan soñ Nikolaý II doly aýalynyñ we Rasputiniñ penjesine düşýär. Dogrusy Rasputiniñ muny nädip oñarandygy belli däl, bärde onuñ kezzaplyk edendigi mesaña görnüp duranam bolsa, patyşany jadylamagy başarypdyr. • Hüseýin jynçynyñ we Rasputiniñ gowşak taraplary Hüseýin jynçynyñ gara jany puldy. Rasputiniñ gara jany-da aýal-gyzlar we keýpi-sapady. Hüseýin jynçynyñ ummasyz baýlygy bardy we ol baýlygynyñ gözbaşyny para-peşgeşden alýardy. Osmanlynyñ çagşap barýan ykdysadyýetini düzeltmek üçin wezipä bellenen Kemankeş Gara Mustapa paşa öz döwrüniñ zehini daş ýaryp duran saýlama döwlet işgäridigine garamazdan, Hüseýin jynçynyñ korrupsiýa toruna çomak sokmagynyñ öwezini şirin jany bilen ödemeli boldy. Abdyrahman Şeref Hüseýin jynçynyñ şol ölüm jezasyndaky roluny şeýle sözler bilen beýan edýär: "Jynçy molla" lakamy bilen tanalýan Hüseýin ependi atly arsyz hemme zada burnuny sokmaga başlapdy. Emma sadrazam (baş wezir) Kemankeş Gara Mustapa paşanyñ agraslygy we haýbatlylygy islän oýnuny oýnajak bolýan munuñ ýaly bozgaklaryñ jogapkärçiliksiz hereketlerine böwet bolýardy. Emma olaryñ garazkär pirimleri sebäpli zerarly ol akylly wezirem öldürildi". (Abdyrahman Şeref / Osmanly döwletiniñ taryhy"). Şular ýaly möhüm döwlet işgäriniñ öldürilmeginde-de rol oýnap bilen Hüseýin jynçy Stambulyñ orra-ortasynda özüne howalaly köşk saldyrýar, ol köşkde ýüzlerçe adam işläpdir. Stambuldaky köşgi bilen birlikde häzir Safranbolunyñ simwoly hasaplanýan monumental "Jynçy hanany-da" saldyrypdy. Rasputin bolsa, akyl-paýhasa we mantyga agram salýan jynsy azgynçylyklary bilen bütin ýurtda gepi ediljek derejede uçguryna gowşak biridi. Ol arak-şeraby we jynsy gatnaşygy arassalanmagyñ iñ añsat ýoly hasaplap, köp sanly rowaýaty gürrüñlere tema bolan azgynçylykly üýşmeleñleri geçiripdir. Bu üýşmeleñler halk köpçüliginiñ arasynda çuññur ýigrenjiñ döremegine getiripdir. Rus goşuny uruşda kynçylyk çekdigiçe halk köşki şeýle ýiti täsiri astynda saklaýan Rasputini "şeýtandan tälim alan şeýtanyñ ülpeti" hasaplapdyr. Nikolaý II-iñ özem indi Rasputinden dynmagyñ ýollaryny gözläp başlapdyr, emma aýalynyñ Rasputiniñ "keramatlaryna" bolan janköýerligi onuñ elini-aýagyny baglapdyr. • Hüseýin jynçam, Rasputinem öldürildi Hüseýin jynçynyñ ömürboýy gyrp-çyrp edip ýygnan puly Soltan Mämmet IV-niñ tagta çykyş dabarasyny sowmaga bir özi ýetik bolupdyr. Tagta çykyş dabarasy-da ýöne-möne çäre bolmandyr, sebäbi her patyşa çalşygynda halka paýlanýan pul hazynanyñ doly boşap galmagyna sebäp bolan dabaraly çäre bolupdyr. Dogry deñeşdirmäni şu ýerden etse bolýar. Safranboluly Hüseýin jynçy oñly medrese bilimi bolmasa-da, goşunyñ baş kazysy wezipesine doga-jady, jyn okama ýaly işleriñ üstünden göterilipdi. Ýurduñ kazysy ýaly jogapkärli wezipäni para-peşgeşe satyp, osmanly hazynasy bilen bäsleşip biljek derejede ummasyz baýlyk toplan Hüseýin jynçynyñ toplan baýlygy özüne nesip etmedi, ol ahyrsoñunda 1648-nji ýylda ölüm jezasyna höküm edildi. Rasputiniñ soñy bolsa has aýylgynç. Patyşanyñ ýakyn garyndaşlaryndan Feliks Ýusupow, Dmitriý Pawlowiç dagy Rasputinden dynmak üçin dil düwüşipdir. Ikitaraplaýyn gepleşik geçirme bahanasy bilen Rasputini köşge çagyrdylar. Araga özüni aldyran Rasputine içi simaply bir bulgur şerap hödür etdiler, emma şerabyñ hiç hili täsir etmändigi üçin hakynatutmalar Rasputini telim gezek atdylar. Rasputin muña garamazdan ýaraly halda köşkden gaçyp sypmagy başarypdyr, Newa derýasyna ýykylyp, amanadyny tabşyrypdyr. Rasputiniñ jesedi tapylansoñ sud-medisina ekspertizasynyñ seljermesi simabyñam, okuñam oña täsir etmändigini, onuñ diñe suwda gark bolup ölendigini görkezipdir. Rasputiniñ pallarynyñ birem eger özüniñ öldürilen ýagdaýynda patyşalygyñam ýykyljagydy. Geñ ýeri: dinastiýa agdarylýar, patyşa we onuñ aýaly atylyp öldürilýär. Diñe Feliks Ýusupow we Dmitriý Pawlowiç dinastiýanyñ agzasydygyna garamazdan, Rasputini öldürendikleri sebäpli öldürilmän sürgüne ýollanýar. Rasputin Patyşa Russiýasyny täsiri astyna alan barypýatan kezzap. Ol patyşa we onuñ aýalynyñ perzentlerine bolan mähir-muhabbetini, dini duýgularyny eksplitatirläp, azgynçylykly maksat-myradynyñ barsyna gowşan adam. Gynansak-da, güýç we häkimiýet kontroldan çykanda, köşkler Rasputindir Hüseýin jynçy tetelliler bilen doly taryha sezewar bolýar. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Anna, 22.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||