HYTYRLYGAM BATYRLYKDYR ÝERINDE
Wiý, ýogsa-da, siz ýazyjy üçin iñ uly gargyşyñ nämedigini bilýäñizmi? Bilmeseñiz eşidip goýuñ.
- Ylahym ýazan kitabyñ geçmäbilseýdir!
Bolany şo. Onsoñ oña ýagyñ etmezini etdigiñ. Ynha, özümem şeýle gargyş siñenleñ biri. "Kitabyñ geçmeýän bolsa, sen biziñ gapymyzdan ätleme" diýip neşirýatçylaram döşüňden itekleşip durlar. Baran ýeriñde şony alnyña sapa edýärler.
Çykalgasyz zadyñ bolmaýanyny bilýän. Kellämi döwüp köp oturdym. Ahyry bir ugurtapyjy, dilewar dostumyñ bardygy ýadyma düşdi. Bardym Annamyradyñ üstüne. Özümiñ nämeden ejir çekýändigimi aýtdym.
- Aý, bar aladañ şol bolsa o hiç-le. Gaýgysyny etme. Men-ä täze ýazan bir zadyñy okap bermek üçin geldiñmikäñ öýdüp, ýüregim ýaryldy - diýip, ol bälçiredi.
Maslahaty mazaly çugdamlap, şäheriñ etegindäki obalaryñ birine bardyk. Sen-men ýok, ilki iýmit magazinine girdik. Dostum ony-muny görüşdiren boldy-da, göni satyjynyñ ýanyna bardy. Gadyrly salamlaşdy.
- Inim, sizde kitap satylanokmy? - diýip, ol mönsürän boldy.
Satyjy Annamyradyñ bu soragyna kän bir ünsem berip durmady. Kimdir birine bir zat berjek bolup durka, ýüz ugruna jogap berdi.
- Elli mitir iler ýüzmüzde ýörite kitap magazini bar...
Dostumyñ geçirjek bolýan operasiýasy eýýäm başlanypdy. Ol sesini ýuwaşadyp gürledi.
- O magaziniñ hojaýyny kim-kä, tanañyzokmy?
- Tanaýan. Annaberdi kniga. Ýaşuly adamdyr. Nämetjek ony?
Şol ikiarada ýuwulmadyk çemçe ýaly sokjarlyp, birki sany oglan geldi. Çilim soradylar. Dostuma geregem şol eken. Ol satyjyny bir gyraraga çagyrdy-da, şol duranlara eşitdiribräk gürledi.
- Kyn görme-de, inim, bilip berse-ne. Şo magazinde ýazyjy Geldi Girdenekowyñ "Aýlanaýyn könäm senden" diýen romany barmyka?
- Doly. Geregiñiz şo kitap bolsa, oña tanyş nämä gerek, baryberiñ.
Dostumyñ guşy uçdy, ýeserje gözlerini oýnakladyp, aýgytly hüjüme geçdi.
- Hüş-ş, eşitdiräýme. Hökümet o kitaby yzyna ýygnap ýör. Romanda uly syýasy ýalñyşlyk goýberilipdir. Awtorynam tutupdyrlar.
Atylan ok nyşana göni baryp degdi. Gulaklaryny lokatar ýaly edişip ho beýleräkde gürrüñ diñleşip duran oglanlar çilimdenem ellibizar bolup, çykyp gitdiler. Megerem, ol ikisi çeññege ilen bolsa gerek.
Ýañky satyjy halys ýalbaryp duramyzsoñ, ýerine beýleki bölümden birini goýdy-da, bizi yzyna tirkäp Annaberdi knigañ ýanyna äkitdi. Dükana ýetip barýarka hälki oglanlar öñümizden çykdy. Hersiniñ goltugynda meniñ romanymdan bäş-alty sanysy bardy.
Annaberdi aga bizi kabinetinde kabul etdi. Haýyşymyzy diñläp satyjysyny çagyrdy.
- Şo Girdenekowyñ romanyndan şu oglanlaryñ hersine birjigini getirip ber.
Satyjyñ gözi hanasyndan çykaýjak boldy.
- O kitaby mundan öñ alýanam ýokdy welin, şun bir zad-a boldy şoña. Ýañam birki sany oglan gelip hersi bir goltuk alyp gitdi - diýip, ol bir bize, birem başlygyna seretdi.
Dostum guran hilesiniñ ýerine düşendigine begenip ýaşulyny ýagdaý bilen tanyşdyrdy. Annaberdi kniga towsup ýerinden turdy. Satyjysyna görkezme berdi.
- Şo kitaby menden ygtyýarsyz bir adama beräýmegin. Yzyna ýygnamankalar ýerläli, heý, bir bäş şaýy edinip bolmazmyka?!.
Biz Annaberdi aga müñ kerem minnetdarlyk bildirip çykyp gaýtdyk.
Şu wakadan soñ bäş-alty günläp öýden çykmadym. "Gep-gürrüñ, gybat mazaly tutaşsyn" diýdim.
Bir gün ýüzümi garañka tutup, dostumyñ ýanyna ugradym. Münen maşynymyñ şofýory radiopriýomniginiñ başyna oýun baryny getirdi. Men onuñ taryna kakyp gördüm.
- Näme, halypa, gulagyñ posuny açjak bolýañmy? Gowja aýdym-saz gözleýäñmi?
Şofýor kim bilen gürleşjegini bilmän gelýär eken. Elini priýomnigiñ nurbatyndan aýyrdy-da:
- Sen, näme, inim dünýeden bihabarmy? - diýip, maña seretdi. Men bilmediksirän boldum.
- Deputatlañ gurultaýynyñ gürrüñini edýäñmi? Olar nähili-aý, walla, uly adama meñzeş däl. Biri-biriniñ üstüne dyzaşyp durlar.
Gürrüñdeşim maña tarap egildi. Näme üçindir ol birhili howatyrly gürledi.
- Wah, gurultaýdakylaryñ özleri oñşar-la. Eşitmediñmi, biziñ ýazyjylarymyzyñ birini ýygnapdyrlar, üýtgeşik bir zat ýazanmyş. Şo Girdenekow diýilýäniñ kitabyny häzir elli manatdan bukup satýarlar. O ýazyjy hakda daşary ýurt radiolarynyñ bir-ä gepleşigem berenmiş. Priýomnikden şony diñlejek bolýan şuwat. Şo ýazyjyñ kitaby basym Amerikada hem çykýa diýýäler. Baý, şolaram ýetişikli-aý, içimizdäki zady öñürti bilýäler...
Şäherdäki bolýan wakalary eşitjek bolsañ taksyçylaryñ ýanyna münäýmeli diýilýäni çyn eken.
- Aý, agam, näme buwat sähel güýçlüräk bolsañ synyñdan aslyşýan köp-dä. Girdenekow diýilýäni men gowy tanaýan, zor ýazyjy - diýip, men şofýor bilen hasaplaşyp düşüp galdym.
Barsam dostum öýünde eken. Men onuñ bilen gujaklaşyp salamlaşdym. Ony öñümizdäki ýekşenbe güni çebiş iýmäge çagyrdym.
Gapydaky ekinimiziñ içinde sowujak piwo bilen çişligi ýelmäp otyrkak, sümsünip ýaş ýazyjylaryñ biri geldi.
- Geldi Girdenekowiç, sag-aman sypdyñyzmy, gözüñiz aýdyñ - diýip, ol elimi gysdy.
Biz üç bolup dostlugyñ hatyrasy üçin, onuñ mundan beýläk-de berkemegi üçin elimizdäki badany ýokary göterdik.
Dostum Annamyrat maña gözüni gypdy-da:
- Hytyrlygam batyrlykdyr ýerinde,
Ony başarmaga kişi gerekdir - diýip, hiñlenjiredi.
Täçmämmet JÜRDEKOW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
Satiriki hekaýalar