18:09 Aýgytlaýjy 1947-nji ýyl | |
AÝGYTLAÝJY 1947-nji ÝYL
Publisistika
21 günde 21 esgerimiz wepat boldy. Harby-strategiki säwlikler barmy-ýokmy, ony seljermek meniñ ugrum däl... Emma üstünde kän durulmasa-da, peýdaly bolar diýip pikir edýändigim üçin şeýle çekişmäni orta atasym gelýär. Bir adamyñ ady bilen başlaýyn: Amerikan podpolkownigi Milton Fransua Delisku (1895-1972)... Ownuk-gizlin toparlar bilen nyzamly goşuna garşy alnyp barylýan gerilla uruşy boýunça hünärmen. ABŞ jahan urşundan soñ 1947-nji ýylyñ 22-nji aprelinde "Trumen doktrinasy" bilen "Sowuk uruş" yglan etdi. Türkiýe ABŞ merkezli Günbataryñ tarapyna geçdi we üç aýdan soñ ABŞ bilen maliýe hem-de harby kömek bermek boýunça ylalaşyklara gol çekildi. Düýp maksat Sowet Soýuzyna we kommunizme garşy alnyp barylmaly göreşdi. Abdylhamyt II-niñ döwri 1882-nji ýyldan, Atatürk döwri bilen birlikde 1947-nji ýyla çenli Türk Ýaragly Güýçleriniñ doktrinasy prus-nemes akymynyñ täsirindedi. Meselem, bilen düzgün-nyzam medeniýetiniñ bolan prus akymynda "goşun-halk" bilelikdeligi bardy. Amerikan akymynda bolsa, harby ugur syýasatyñ gönüden-göni dowamydy. Iki harby medeniýet biri-birine çapraz gelýärdi. Netijede: ABŞ 1947-nji ýylda diñe harby serişdeleri we ýarag kömegini bermedi, Türk goşunynyñ 65 ýyllyk taktikasyny we doktrinasyny - Harby mekdepleriniñ, harby akademiýasynyñ okuw maksatnamalaryndan başlap tä Guryýer goşunlarynyñ komanduýuşiliginiñ gurulmagyna çenli hemme zady düýbünden üýtgedip taşlady. Milli Howpsuzlyk akademiýasyny, "Milli Goranmak akademiýasyny" we beýlekileri gurdurdy. Çankyry motoatyjylyk uçilişesi ABŞ-nyñ Fort Benning motoatyjylyk uçilişesine ýa-da Polatly Artilleriýa uçilişesi Fort Bliss uçarmanlar uçilişesine kybap üýtedip guruldy we ş.m. Türk goşunyna amerikan söweşjeñ taglymaty-sistemasy ornaşdyrylyp başlandy. * * * General L.Oliwer, admiral E.E.Herrman, general H.L.Makbraýd, general W.H.Arnold, general R.N.Kannon, podpolkownik E.B.Waýsner, polkownik R.P.Shung, polkownik F.A.Wulfleý, polkownik T.E.Deşazo, podpolkownik T.H.Lipskomb, maýor P.B.Kannadi, kapitan K.H.Reýdenbah ýaly ýüzlerçe amerikan ofiseri Türkiýä geldi. Ine... bularyñ birem ABŞ-nyñ Ýuwaş okeany frontynda nyzamsyz uruş boýunça hünärmeni bolup gulluk eden podpolkownik Deliskudy. Türkiýede gerilla-kommando nyşany ilkinji gezek Deliskunyñ kursuny okap gutaranlara berildi. Özem 1950-nji ýylyñ 10-njy iýunynda ilkinji gerilla nyşany şu amerikan ofiserine berildi. Şeýle-de onuñ "Tutluşyk jeñi" (“Boğuşma Muharebesi") atly kitaby 1950-nji ýylda türk diline terjime edildi. Deliskunyñ açan kontrgerilla uruşyna degişli teoretiki we praktiki sapaklar Dewid Galula ýaly antikommunist hünärmenleriñ kitaplary amerikan tälimnamalary bilen yzy üzülmän dowam etdi. Egirdi kommando uçilişesi dagy şeýdip gurulypdy. Diñe gerilla uruşy däl, motoatyjylyk, artilleriýa, tank, transport, tyl, harby inženerçilik, kommunikasiýa, ok-däri üpjünçiligi, şahsy düzümiñ taýýarlygy, bronirlenen bölümler, praktiki türgenleşikler we beýlekileriñ hemmesi üýtgedildi. Türk esgeriniñ eline-de amerikan "M1" tüpeñi berildi. * * * Doktrina üýtgeşmesi üçin diñe amerikan ofiserleri Türkiýä gelmedi, türk ofiserleri-de amerikan mekdeplerine, kurslaryna ýollandy. Diñe 1947-1951-nji ýyllarda 25 müñ türk esgeri harby kurslarda okap geldi. Ýöne Türk Ýaragly Güýçleriniñ ýokary wezipeli serkerdeleri prus akymyna laýyklykda ýetişipdiler we olar amerikan sistemasyna sowuk seredýärdiler. Meselem, Ýaragly Güýçleriñ Goranmak ministrliginiñ garamagyna berilmegi ýaly... Amerukan doktrinasyna garşy çykanlaryñ bir bölegi (ýokary wezipeli 15 general we 150 polkownik) Demokratik partiýanyñ birinji döwründe - 1950-nji ýylda otstawka ugradyldy. Iñ uly ýok edişlik bolsa 1960-njy ýylyñ 27-nji maýynda bolup geçdi - 235-i general, jemi 5 müñ ofiser otstawka ugradyldy. Dowamy-da geldi durdy we ahyrynda Türk goşuny dolulygyna amerikan akymyna sokuldy... Temanyñ üstünde durmagy dowam etdiresim gelýär. 21 esgerimiziñ wepat bolmagyna başga penjireden seretjek... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |