10:22 "Hyzmatdaşlyk" ýalany | |
"HYZMATDAŞLYK" ÝALANY
Publisistika
PKK-niñ soñky bäş ýyllyk hüjümlerine seredeniñizde, öñkülerden kän az şehit berendigimiz belli bolýar. Bular hüjümleriñ däl-de, köplenç minalar we bombalama netijesinde boldy... Şeýle-de, soñky bäş ýylda ýurduñ içinde terrorçy sany gowja azaldy: 2020-nji ýylda 320-den aşak düşdi. Oña goşulýanlaryñ sanam mazaly pese düşdi. 2020-nji ýylda 52 adam... Munuñ sebäbi hökmünde howpsuzlyk güýçleriniñ üstünligini we toparyñ esasy ünsüni Siriýanyñ demirgazygynda emeli döwlet gurmaga gönükdirmek ýaly dürli düşündirişleri bar, emma häzir gürrüñimiz bu däl. Gynançly temamyz - 21 günde 21 şehit! Dünýä ýurtlaryna özüni "raýat-jemgyýetçilik guramasy" diýip tanadan PKK Yrakda (hem-de gyş şertlerinde) yzly-yzyna nämüçin iki gezek türk esgerine hüjüm edip, terrorçy ýüzüni görkezdi? Men bu hüjümler Türkiýäniñ içerki meselelerinden gelip çykýandyr öýdemok. Onuñ özeninde geosyýasy sebäpler bar. Ýakyn Gündogar ot alýar: Ysraýyl bombalaýar, Eýran bombalaýar, ABŞ-Angliýa bombalaýar... Russiýa-Ukraina konflikti bilen birlikde Azerbaýjan-Ermenistan ýa-da Gyrgyzystan-Täjigistan ýaly uruşlaryñ, dartgynlylyklaryñ merkezi geografiki regiony Aziýa! Hytaýyñ ýolbaşçylygyndaky Aziýanyñ geosyýasy liniýasyny sarsdyryp, "ýer yranmasyna" sebäp bolmak isleýän güýjüñ kimdigi ýaşyryn syr däl: ABŞ we onuñ ýaranlary... Ýakyn Gündogar merkezli Aziýadaky çapha-çaplyk deñeçerliginiñ (balance of terror) bozulmagy Türkiýäni agyr, kynçylykly, haýyny alyjy prosese sokar! Wekilçilik uruşlarynyñ taşeronlarynyñ maksady Türkiýede durnuksyzlyk döretmek bolar... * * * Ýewraziýa geosyýasatynyñ täzeden ýola goýulmagynda Türkiýäniñ howpsuzlyk strategiýasy nähili bolmaly? ABŞ-NATO galyply kelläni (okuw maksatnamasyny) üýtgetmegiñ we milli howpsuzlyk strategiýasyny kemala getirmegiñ gerekdiginiñ pikirini orta atasym gelýär. Duşmanyñ söweşjeñ doktrinasy bilen duşmanyñ hötdesinden gelip boladmy? Özem: Problema problemany dogurýar: "duşman" meselesinde şindizem kelleler bulaşyk! Meselem, Nejip Fazyl Kysakürekden Jewat Rifat Atilhana çenli "Sowuk uruşyñ" türk-yslamçy ýazyjy-şahyrlaryny gaýtadan gözden geçirsek gowy bolmazmy? Bularyñ düýp maksady emeli "sowet howpuny" tema edinen garaýyşlaryñ arkasynda durmakdy. Mysal üçin, Osman Ýüksel Serdengeçdi ýaly şahyrlar ellinji ýyllarda durman gorky ýaýdy: "Biz hiç mahalam türk-amerikan syýasy dostlugynyñ garşysynda däldiris. Bular ýaky zady bizi ganym duşmanymyz Orsyýete bermek isleýän kommunistler isläp biler". Her ýatan daşyñ aşagyndan "ors jansyzyny" gözlemek Türkiýäniñ içerki howpsuzlygyny "Sowuk uruş" bilen birlikde bölek-büçek edip taşlady. Türk goşunyna nyzamsyz uruşy öwresen amerikan podpolkownigi Fransua Deliskunyñ "ýolundan" gidenler kommando lagerlerini gurdy. Doly garaşsyzlygy şygar edinen kemalizme garşy duşmançylyk şular ýaly şertlerde ulal(dyl)dy... Niýetim "köne depderleri" waraklamak däl, täze milli howpsuzlyk garaýşynyñ nähili gurulmalydygynyñ pikirini alyşmak... * * * Serediñ: "Sowuk uruşyñ" ABŞ-NATO galyply ideologiki baglanyşyklary seljerilmezden 21 günde 21 şehit wakasyny analiz edip bolmaz. Imperializm düşünjesini gowy bilemzok. Şonuñ üçinem: Ýarym asyrdanam gowrak wagt bäri dogan dogana gyrdyrylýar. Munuñ öñüni almagyñ ýeke-täk ýoly - imperializm bilen ýüzleşmek. Terrorçylyga garşy göreşi sap gündelik içerki syýasata gurban edenler muña düşünip gidiberenok! Häkimiýeti we oppozisiýasy bilen saýlaw sandyklarynyñ üstünligi üçin milli güýçleriñ böleklenmegi hiç kimsäniñ piñine-de bolanok... Syýasy medeniýetimiziñ pesligi döwlet derejesindäki meselelerde bileleşmegi - agzybir hereket etmegi kynlaşdyrýar. Bu diskriminasiýaçy pozisiýa - leksikon bize "Sowuk uruşyñ" formulirlän syýasy mirasy... Şonuñ üçinem ugry we strategiýasy halkara konýunktura görä günüñ-gününe üýtgäp duran türk daşary syýasaty bar, gynansak-da! Ine... Men bu hepde aýlanyp-dolanyp milli geosyýasy, strategiki döwre gurmagyñ ähmiýetiniñ üstünde durup geçdim. 1947-nji ýyldan bäri ABŞ-NATO doktrinasyna garaşlylykdan halas bolup bilmeýänimiz üçinem "strategiki hyzmatdaşlygyñ" global oýnuna ýeñilýäris... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |