13:02 Iki gumry / hekaýa | |
IKI GUMRY
Hekaýalar
«Gug-gu, gug-gu-u». Bu owazy her gün gulagymy gerip diňleýärin. Özi-de edil penjirämiziň alkymyndan eşidilýär. Onuň öňüne baryp seretseň, jaýyň düýbürägindäki bagda iki sany gumry ýaşaýar. Olar äbe-de-jüýbedir. Gumrynyň her günki jadylaýjy owazy özüne maýyl edip barýar. Ynanmasaňyz, diňläp görüň! Keliň saçy ýaly emelsizje örülen höwürtgäniň içinde söýgi aýdymy ýaňlanýar. Gör-ä, «gug-gu, gug-gu-u». Haýran galaýmaly, Gün dogdugy olaryň ikisem Güne bakyp oturýarlar. Ýumurtga basyp oturan ene gumra duýgudaşlyk bildirýän ýaly beýlekisi-de onuň alkymynda çök düşüp oturýar. Dileg edýärmikäler?! Hol-ha, ýene-de Güne seredip otyrlar. Hüşş! Olaryň birden dileglerini ýalňyşdyraýmaly... * * * Şol penjiräniň aňyrsynda doganym ikimiz ýaşaýarys. Ol biziň otagymyzyň ýeke-täk penjiresi... — Sered-äý, olaryň boluşlaryna. Özleri bir guş weli, şolaram söýşen bolýarlar-aý— diýip men penjiräniň aýnasyna boýnumy süýndürip, doganyma ýüzlendim. — Olaryň jyňky çykmaz ýaly edeýinmi?! Hatdyr kagyzdan başyny galdyrman oturan doganym şol oturşynyň «gylyny» gymyldatman jogap berer: — Seniň nä işiň?! Bolany şol. Şondan artyk ýa-da kem söz eşitmersiň. Dilinden daş asylan ýalydyr. Men bolsa garnymdan garynja ýöreýän ýaly içim byjyklap, bir zatlar diýmesem oňmazdym. — Onda seniň näme işiň-aý, Jerene hat ýazyp. Ol, barybir, seniň hatyňy okanok. Pişme seçen ýaly her gün meniň üstümden gaýdyryp goýberýär. Indi-hä menden ýaňa ed-dil tamaň tala daňylaýsyn. Hatyňy äkitmen. Men gaharyma gyzaran bolardym-da, burnumdan ýel çykararyn. Ýeňlän ýaly assaja dem alyp, gulaklarymy keýerderin. Ol bolsa adaty endigine görä, ýüzüni galdyrman jogap berer: — Seniň nä işiň?! Seniň hiç hili «işiň» ýokdur. Haty hökman äkidäýmelisiň. Sebäbi onuň naýynjar garamagy, naşyja ýylgyrmagy bilen meniň çaga ýüregim erärdi. Ol mydama şeýdibem ýeňerdi. Onsoň ýeňsäňi el ýaly edip, Jereniň ýanyna—gowaçalyga tarap «ökje ogurlarsyň». Her günem şeýle. Säher bilen Gün dogdugy, sen hem sygryň dili ýaly kagyzy göterip, gowaçalykda «gögerersiň». Her günem hat bölek-bölek «pişme» seçiler, «toý» bolar. Ine, şeýle: ol gözlerini güldürip, ýüzündäki Günden goranmak üçin saralan ak ýaglygyny aýrar-da, «Ýene-de sen meni işlemäge goýjak däl-ow» diýer. Asmandan gaýdyrylyp düşen kagyz böleklerini çöplejegem bolman, gulaklaryňa çenli gyzaryp, ýene yzyňa ýola düşersiň. «Häý, «söýgi» diýip, akylyny aldyran paňkelle. Şondan başga gyza gözüň düşen däldir-ow seň. Dünýäň diregidir şol. Ondan-a traktoryňy tarladyp, gowaçaňy sür. Peliňden pagta däl, ot ýygybermeli seniň. Diýmäýin diýsem...». Doganym meni mähirli garşylar. Ýüzümiň dört ýuwlan esgä dönendigini görübem, sessiz «işe» diýip çykar gider... Gowaçaly meýdanda pagta ýygym döwri başlanansoň, iş kekirdekdendi. Ýygymçylar pagta ýygymy bilen meşguldylar. Meýdanda sürüm işleri bilen hem ikilän-üçlän güýmenip ýören bardy. Ine, traktoryny «gürledip», Merdan hem bardyr. Ol her geçende, pagta ýygymçylarynyň ýanyndan geçerdi. Pagta ýygýanlaryň hem köpüsi gyzlar. Geçerdi weli, asman-zemin gapyşyp, tütün dik ýokary galardy. — Bu näme, gyz, aýagy bişen ýaly zowzanaklap ýör. — Şu ýerden başga geçmäge ýer tapmadymyka?! Sesi dagy gulagyňy gapjak. Aýallaryň soňsuz iňirdisine gulak asman, Merdan şol bir ýeri torç ederdi. Ol Jerene görünjek bolýardy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, her gezek ol hem aňyrsyna bakardy. Bir günem gyzlaryň öýle naharyna çykandygyny peýläp, ol traktory gyzlaryň gabadynda duruzdy. «Döwüldi» bahanasy bilen ulagyň öň gapagyny galdyryp, bilse-bilmese, onuň eýlesine-beýlesine pyrlanyp ugrady. Eli hereketde bolsa-da, iki gözi gyzlardady... — Aýu, Jeren, ol-a saňa seredip ugrady. Indi özüň baryp, ýola salaýmasaň, gitmez. — Häli görseň, ulagy hem bahanadyr. Bizi synlamak üçin şeýdýändir. Gyzlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Ulagyň daşynda pyr-pyr aýlanýan Merdan bolsa öz işi bilen gümrasyrap, nämedir bir zada dümtünip otyrdy. Gyzlaryň bir zatlar diýip gülüşýändiklerini eşitse-de, duýmadyk boldy. Maksady gyzlaryň ünsüni özüne çekmekdi. Ahyry «döwük» ulagy bejerdim edip, öz ýoluna ýumlukdy. Ulagyň yzyndan göterilen tütün bolsa böwregi böküp duran gyzlaryň gülküsini «tozana garyp», gözden ýitdi... * * * Meniň bir halaýan endigim bardy. Men «aw» etmegi halaýardym. Erik agajymyzyň astynda garawulçylyk edip, ony guş-gumrulardan goraýardym. Erikler ýyldyz ýaly depämden sallanyp durardy. Baga gonmaga milt eden guşlary didiwana mündürerdim. Tomus gelensoň, erikler hem bişip, çala yrasaň-da şahadan üzülip gaýdardy. Enem erikden bal edýänçä, erik agajyny «duşmanlardan» goramagy ýüregime düwdüm. Bagda «jürk-jürk» sesi eşidildigi bes, gaýdyryp goýbermekçidim. Meniň üçin eriklerim «goragda» dursa bolanydy. Bir gezegem sähel eşidilen ygşylda kemanymy çenäp, atdym. Gönüläp bir zat gaýtdy. Nämäň-nämedigini görüp ýetişmedim. Belki, ol guşdur ýa sermenip ýören pişikdir. Ýöne çenän daşym-a ony awundyran bolmaly. * * * Merdan bir gün öýe giç geldi. Ol uzakly günläp meýdanda işläpdir. Özüne diýseň zor salypdyr. Onuň ýüzi gara örtdi, gözleri hem gan guýlan ýaly gyzarypdyr. Şol gelşine hem eşiklerini çykarman, ädigi bilen düşege geçdi. Men onuň böwrüne dürtüp goýmadym: — Näme, gürläňog-aý?.. Men şu gün guş atdym. Özem degdi. Ynhalykga, şu kemanym bilen atdym... Näme ýüzüň gyzaryp dur-aý?.. Ol jaýymyzyň üçegine düşdi. Şony göräýeli-dä... Merdan, saňa näme bol-dow?! Ol beýlesine agdaryldy. — Seniň nä işiň?! Gije gözüme çiş kakylana döndi. Jaýymyzyň üçegindäki «awumyň» nämedigini bilesim gelýärdi. «Ol, dogrudanam, nämekä?!». Her hili göz öňüne getirmeler bilen ahyry uklapdyryn. Ertesi doganymyň çala yralamasyna ýalpa gözümi açdym. Onuň gözleri bolsa gyzyldy. Özi-de aglan ýaly... — Gijesine ýatman, halys irizdiň sen. Ýeri, ukyň arasynda samramaň näme?! — diýip, ol ýylgyrdy-da, maňa dikanlap seretdi. Ol, hakykatdanam, gijesine ýatmadyk bolara çemeli. Men ellerimi saga-sola gerip, sesli palladym. Ernim gulagyma degip gitdi. — Seniň nä işiň?! Onuň ýaňaklary ýazylyp gitdi. Ol şeýle bir «ha-ha-haýlap» güldi welin, ony birinji gezek görýän ýaly, geň galyp synladym. Ol häzirkisi ýaly hiç haçan ýürekden gülmändi. Ol birdenkä garaşylmadyk soragy öňümde keserdip goýdy: — Ýeri, düýn näme awlanyňy bilýärmiň?! Görelimi? Meniň „gurdum gündiz uwlady“. Ýerimden böküp turdum-da, öňe düşüp, ony erik agajymyzyň astyna alyp bardym. — Ynhalykga, şol jaýyň üçegine gaçdy. Doganym pişik çalasynlygyny edip, jaýyň üçegine dyrmaşdy-da, münüşi ýaly hem yzyna dolandy. Ol üst-başyny kakyşdyryp durşuna maňa seretdi: — Ol ýerde hiç zadam ýok. Diňe birnäçe ýelekler bar. Megerem, pişik bizden öňürtilän bolmaly. Biz penjiräniň golaýyna gelenimizde, ene gumry henizem höwürtgede irkilip oturan eken. Onuň ne «guguldysy» bar, ne-de hereketi. Doňňaradaş ýaly butnaman otyrdy. Bir nokatdan ünsüni sowman duran doganym pyşyrdap diýen ýaly gürledi: — Şu gumry-da bizden akylly-da. Onuň hiç mahal taýyna biwepalyk edenini görmersiň. Ömürlik oňa wepaly bolup galar. Ikinji gumra-da ýanyndan ýer bermez. Geň, hä?! Men müýnürgäp, doganymyň ýüzüne seretdim: — Onuň beýlekisi nired-aý? Ol onuň ýanyndan aýrylmazdy weli, bu gün-ä... Şobada ýüzüm çapady ýaly gyzardy. Ol meniň şol «awlan» guşumyň bolup biljekdigi hakynda çak etdim. Ene gumry bolsa bu zatlardan bihabar enelik borjuny ýerine ýetirýärdi... * * * Şol günden soň hiç hili söýgi haty bolmady. Doganym hem öňküler ýaly hat ýazmaýardy. Ýöne gijesine çirim etmän, onuň penjiräniň öňünde agaç ýuwdan ýaly sömelip oturýandygyny özi aýtmasa-da, bilýärdim. Basym Jereniň-de durmuşa çykýandygy hakyndaky habar gulagyma ildi. Ony doganym Merdan hem bilýän eken. Onuň gijelerine näme üçin urunyp geçýändigine soň-soň düşündim. Toýly gürrüňi Merdana Jereniň jigisi gelip aýdypdyr. Jereniň özüniň hem Merdanda göwnüniň bardygyny, hatlaryny ýyrtsa-da, muny häki bir il gözüne şeýdýändigini, soň agşamsyna onuň ýyrtylan böleklerini ýygnaýandygyny, ol bölekleri bolsa ýerbe-ýer goýup okaýandygyny, emma ene-atasynyň başga oglana berjek bolýandygyny... — ähli zady çöp döwlen ýaly aýdyp beripdir. Merdan hem Jerene hat ýazyp ugradypdyr. Bu zatlary soň onuň öz agzyndan eşitdim. — Hatyňda sen oňa näme diýdiň-aý — diýip, men oňa ýüzlendim. Birsalymdan soň ol gamgyn, endige görä gaýtalanýan, ýöne juda mertlerçe aýdýan sözlerini gaýtalady: — «Seniň nä işiň?!». * * * Penjiräniň öňündäki görnüş indi üýtgedi. Keliň saçyny ýatladyp duran höwürtgäniň içinde ýel öwüsýär. Ene gumrynyň jüýjeleri gözümiziň alnynda ösüp, ulalyp, ýerlerini täzelediler. Ol ýerde diňe ýatlama galdy. Ikinji gumry gelmedi. Belki, ol gelen bolsa, bu höwürtge-de boş durmazdy, jüýjeler hem «ýurduny» täzelemezdiler. Her säherde Güne bakyp dileg edýän gumrular bolsa bir-birinden aýrylmazdylar. Höwürtge çagşap galypdy. Ol ýerde bir zat ýetenokdy. Dileg edilenokdy... Şonuň üçin, geliň, dileg edeliň! Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |