10:22 Iki maşgalanyñ dawasy | |
IKI MAŞGALANYÑ DAWASY
Publisistika
Ýüz elli ýyla golaý wagtyñ dawasy bu: Osmanly dinastiýasynyñ Abdyleziziñ maşgalasy bilen Abdylmejidiñ maşgalasynyñ arasyndaky oñşuksyzlyk ençeme ýyllap dowam etdi. 1876-njy ýylyñ 30-njy maýynda bolup geçen döwlet agdarylyşygy bilen Abdyleziz tagtdan agdarylyp, ýerine Abdylmejidiñ uly ogly Myrat V patyşa edilenden soñ maşgalalar biri-birlerine ebedilik duşman boldy. Abdyleziziñ (yzysüre onuñ ogly Ýusuf Izzet ependiniñ) syrly ölümi duşmançylygy hasam möwjetdi. Şu ýerde goşmaça maglumata ýüzlenmeli bolýaryn: Osmanly patyşalarynyñ psihologiýalary boýunça ýazylan ýeke ylmy-barlag işine gabat gelmedim. Ýogsam bolmasa, patyşalaryñ psihoanalizleri geçirilse, olaryñ içki dünýälerinde başdan geçiren ruhy ahwallary käbir wakalarda eden hereketlerine düşünmegimize ýardam edip bilerdi... Bu ugurda professor Wamyk Wolkanyñ ýazan "Atatürküñ psihoanalitiki biografiýasy" kitabyny bilýäris. Birem "Türkiýede Atatürk tabudyr" diýenem bolýarlar, ýogsam bolmasa soñky ýyllarda döwletimiziñ düýbüni tutan bu beýik ynsana nämeleri diýmediler. Biziñ günlerimizde patyşalara dil ýetirmeli däl hasaplanýar! Goşmaça maglumatymy soñlaýaryn... Dinastiýanyñ özara oñşuksyzlygy gürrüñine şu sebäpden girdim: "Tagut" kitabymy ýazanymda "sahypa sany köp bolmasyn" diýip, käbir gürrüñlere girmedim. Mysal üçin, häkimiýet "intelligensiýasynyn" öwüp-arşa çykarýan Wahdetdin meselesi ýaly gürrüñlere! Häzir munuñ üstünde gysgaça durup geçeýin: * * * Osmanlynyñ iñ soñky halyfy (Abdyleziziñ ogly) Abdylmejit bilen Osmanlynyñ iñ soñky patyşasy (Abdylmejidiñ ogly) Wahdetdiniñ arasyndaky dostluk bilen başlap duşmançylyk bilen gutaran gatnaşyk bolup geçdi. Olar ýaşlyk ýyllarynda bile tirkeşmekden keýp alardylar, awa giderdiler, aýdym-saz we edebiýat üýşmeleñlerine gatnaşardylar. Wagtyñ geçmegi bilen olaryñ arasynda syýasy tapawutlylyklar döräp başlady. Wahdetdin agasy Abdylhamyt II-ä ýakyn duran bolsa, Abdylmejit bu patyşany itden beter ýigrenýärdi. Daşarky syýasy ugurda-da biri-birinden tapawutly pikire eýediler: Wahdetin iñlislere ýakyndy, agasynyñ ogly Abdylmejit bolsa fransuzlara ýakyn durýardy. Ikisiniñ arasynda tapawutly pikirleriñ ýerini duşmançylyk eýelejek bolup durka durmuşyñ garaşylmadyk täsin öwrümi boldy duruberdi: Wahdetdiniñ gyzy Sabiha bilen Abdylmejidiñ ogly Ömer Faruk nikalaşdy. Wahdetdin muña göwnemedi, emma gyzynyñ Ömere aşyk bolanyny bilip "bor" diýmäge mejbur boldy... Gürrüñsiz bu nikalaşma maşgalalaryñ arasyndaky öýke-kineden el çekmek islemeýänleriñ nägileligine sebäp boldy. Ýagny, iki maşgalanyñ arasyndaky dartgynlylygy ne söýgi, ne nika giderip bildi! Iñ soñky patyşa Wahdetdin bilen iñ soñky patyşa Abdylmejidiñ arasyndaky oñşuksyzlygyñ finaly bolsa hasam ýowuz boldy: * * * Dört ýyllap sürgünde bolan Wahdetdin 1926-njy ýylyñ 16-njy maýynda ýüregagyrysy tutup, Italiýanyñ San-Remo şäherinde aradan çykdy. Meýdi türk hökümeti tarapyndan kabyl edilmedi we Şamda (Damaskda) "Süleýmaniýe" köşkler kompleksiniñ gonamçylygyna jaýlandy. Abdylmejit bolsa 1944-nji ýylyñ 23-nji awgustynda Parižde aradan çykdy. Onuñ gyzy "Hindistanyñ melikesi" Dürrüşehwar Türkiýä gelip, hökümete ýüz tutdy. Emma depin üçin rugsat alyp bilmedi. Şamdaky gonamçylykda osmanly dinastiýasynyñ otuza golaý agzasynyñ mazary bardy, iñ soñky halyfyñ şol ýere jaýlanylmagyna garaşylypdy. Emma: Iñ soñky halyf Abdylmejidiñ wesýeti bardy. Ol körekeni Haýdarabat nyzamy Osman hana 1939-njy ýylyñ 2-nji maýynda şeýle hat ýazypdy: "Şamda Aly-Osmanly gonamçylygy bar. Ýöne Osman döwletiniñ we neberesiniñ şu günki betbagtçylygyna sebäp bolan Soltan Wahdetdin şol ýerde jaýlanypdyr. Hiç bir ýagdaýda meýdimiñ şol ýere ugradylmazlygyny sizden ullakan haýyş edýärin..." Ol Beýrutda ýa-da Hindistanda jaýlanylmagyny isleýärdi! Bolmady, on ýyllap Pariž metjidiniñ podwalynda ýatdy we 1954-nji ýylda Mekgede ebedilik huzura gowuşdy... Bu taryhy maglumaty ýatlatmagynyñ sebäbi şudy: Taryha duýguçyllyk bilen garaýan käbirleri Wahdetdine bildirilýän tankydy bellikleri diñe bir gatlagyñ edýändigini güman edýär. Ýogsam bolmasa, iñ soñky halyf Abdylmejidiñ özüni alyp barşynda görlüşi ýaly Osmanly dinastiýasynyñ öz içinde-de iñ soñky soltana ýigrenç bilen garaýanlar bardy.... Özem bu iki maşgalanyñ arasyndaky oñşuksyzlyk häzirem dowam edýär... Size özbaşdak pikirlenmek üçin sorag: Abdyleziziñ neberesi pursat tapdygyndan ýeri bolsa-bolmasa Abdylhamyt II-ni we Wahdetdini öwýän AKP hökümetine nähili garaýarka? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |