16:14 Ikinji Ysraýyl | |
IKINJI YSRAÝYL
Publisistika
Taryh hakydanyñ aýnasydyr. ABŞ-nyñ Palestina bombalar ýagdyran, çagalary öldüren Ysraýyla 26 milliard dollar kömek etmegi Türkiýede az seslenme tapdy. Birnäçe aý bäri Gaza wagşyýanalygyny gazetleriñ birinji sahypasyndan berýän häkimiýet mediýasy-da dymanyny gowy gördi! Erdoganyñ 9-njy maýda meýilleşdirilen ABŞ-na resmi saparyny goýbolsun edip-etmejegi syýasy gürrüñleriñ jedeli boldy. Odatv "gitmez" diýse, "Hürriyet" gazeti "gider" diýdi. Erdogan gidermi-gitmez, ony biljek däl. Ýöne sizi birnäçe ýyl yza äkideýin. Özem Erdoganyñ gidip-gitmezlik karary-da taryha girjek möhüm waka bolar. Başlabereýin onda: Ellinji ýyllaryñ başy... "Musulman doganlar" ("Ihwan") toparynyñ aýda bir gezek çykýan "Al-Dawa" žurnaly Türkiýä "Ikinji Ysraýyl" diýip ýazdy. Ýogsa şol wagtlar Türkiýede konserwatiw gatlaklar premýer-ministr Menderese türkçe azany ýatyrmagy ýaly geçiren dini reformalary sebäpli aşa simpatiýa duýupdy, "mukaddeslik" bagyş etmegiñ bäriýanyna gelipdi! A Demokratik partiýanyñ - Menderesiñ daşary syýasaty nähilidi? "Musulman doganlaryñ" Türkiýä "Ikinji Ysraýyl" diýmeginiñ sebäbi nämedi? Soragyñ jogabyny tapmazdan Erdoganyñ ABŞ-na bolan çemeleşmesine düşünip bolmaz! * * * Türkiýäniñ Arap dünýäsi bilen syýasy gatnaşygyny ýatladyp başlasam gowy bolar: Ne-hä "Tanzimat" modernizasiýasy bilen başlan müddete arap ulamalarynyñ beren garşylygy hakda aýdaýyn, ne-de Erdoganyñ syýasy gahrymany - Abdylhamyt II-niñ şowsuz panislamizm syýasatynyñ üstünde durup geçeýin... Birinji jahan urşy ýyllarynda Palestina frontynda arap bedewileriñ 1916-njy ýylda osmanly goşun bölümlerine garşy uly gandöküşlik edişini Türkiýe respublikasyny esaslandyran ofiserler hiç haçanam ýatdan çykarmady. Türkler bilen araplaryñ arasyna şübhe, ynamsyzlyk giripdi. Musulman dünýäsinde Müsürde Abdynasyrdan Bangladeşde Rahmana çenli liderleriñ we aýratynam ýaş nesilleriñ arasynda imperializmi ýeñen Atatürke çäksiz söýgu bildirilýänem bolsa, Türkiýe Arap dünýäsi bilen syýasy tarapdan o diýen ýakynlaşmady. Palestina konflikti ýaly Ýakyn Gündogar boýunça syýasy ugurlarda bitarap pozisiýada durdy... Ikinji jahan uruşyndan soñ Ysraýylyñ gurulmagy Türkiýäniñ pozitiw syýasy ugruny üýtgetdi. Ysraýyl ykrar edildi we bu ýurda ilkinji musulman ilçini 1952-nji ýylda Türkiýe ugratdy. Türkiýe NATO guramasyna girme "serpaýy" bilen sylaglandyryldy... Häkimiýetdäki Demokratik partiýadyr Menderes Ýakyn Gündogarda Günbataryñ we ABŞ-nyñ syýasy ugurlaryna gönümel eýerip bilmedi, domino roluny oýnady! Ysraýylyñ Ýakyn Gündogardaky "howandaryna" öwrüldi. Ine... Şular ýaly syýasy üýtgeşmeleriñ netijesinde "Musulman doganlar" Türkiýä "Ikinji Ysraýyl" tagmasyny basdy! Bagdat paktynyñ gurulmagy ýaly ABŞ-nyñ Ýakyn Gündogar boýunça syýasy ugurlarynyñ "yñdarma tarapdary" Menderesiñ birinji arasyna tow düşen ýurdy Müsür boldy. Munuñ yzyny Siriýa hem ýetirdi. Siriýa bilen serhetde harby çaknyşyk hem bolup geçdi. Liwanda Menderesiñ garşysyna protest demonstrasiýalary bolup geçdi. Görseñizläñ bu bolýan zatlary! Menderes bilen Yragyñ premýer-ministri general Nuri Es-Sait ABŞ-nyñ "gözüne ilmek" üçin biri-birleri bilen ýaryşdy. Goşulmasyzlar hereketine girýän üçünji dünýä ýurtlarynyb Bandung konferensiýasynda Türkiýe gyrakladyldy. * * * Çepden yslama Ýakyn Gündogarda anti-imperialistik göreşiñ gerimi giñedigisaýy Türkiýäniñ daşary syýasatyna bolan nägilelik artdy. Kipr konflikti ýüze çykanda araplaryñ köpüsiniñ rumlaryñ lideri baş ýepiskop Makariosyñ tarapyny tutmagy geñ galdyrmady, bärde geñ galdyran zat Ysraýylyñ Kipr babatda Türkiýäniñ ýanynda durmazlygydy! Durmuş Türkiýäniñ ýüzüne ajy hakykatlary bazyrdadyp basýardy! Sowet Soýuzy bilenem, Arap dünýäsi bilenem gatnaşyklary kim kadalaşdyrandyr öýdýärsiñiz: premýer-ministr Demirel! Söwda gatnaşyklary gowulanmaga, arap turistleri Türkiýä gelmäge başlady. Özem NATO-çy harbylaryñ 1971-nji ýylyñ 12-nji martynda Demireliñ garşysyna döwlet agdarlyşygyny gurnamagyna şu üýtgeşmeleriñ yşygynda baha beriñ! Taryhy doly bilmezden daşary syýasaty analiz etmek mümkin däl. Gazäni ýykan, müñlerçe raýaty öldüren Ysraýyla 26 milliard dollar kömek etmegi amerikan daşarky syýasaty bilen kontrast (çaprazlyk) döredenok. Bärde kontrast - türk daşary syýasatynyñ her on ýylda üýtgäp durmagydyr! Erdogan ABŞ-na gidermi, ýa bolmasa "one minute" diýermi, görübermeli bor... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 25.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |