19:34 Ikiýüzlülik | |
IKIÝÜZLÜLIK
Publisistika
Başynda ABŞ-nyñ bolan NATO güýjüniñ Yrak okkupasiýasynyñ ady nämedi: "Yragy erkinleşdirme operasiýasy!" Sebäp nämedi: Yragyñ elinde köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyñ bardygy hakyndaky ýalan maglumat! Häzir "Ukrainada halk tarapyndan saýlanan hökümet bar" diýilýär. "Prezident 73.2% bilen saýlandy." BAAS partiýasynyñ başlygy Saddam Hüseýinem saýlanan lider dälmidi? "Ýöne..." diýjegiñizem bilýärin, siziñkem dogry. Heýhat! Öñler sesleriñ hemmesini diýen ýaly alyp saýlananlara "diktator" diýilýärdi. Şindi "halkyñ uly goldawy" diýip, mysal görkezilýär! Ýeri, Ukrainada prezident saýlawlary nähili boldy? Taryhy yza sarap göreliñ: 1997-nji ýylyñ noýabrynda prezident we parlament saýlawlaryny düzgünleşdirmek we ýöretmek üçin Merkezi saýlaw komissiýasy guruldy. Komissiýanyñ düzümindäki 15 agza (soñra olaryñ sany 17-ä çykaryldy) parlament tarapyndan saýlandy. Komissiýanyñ agzalary her saýlawdan soñ täzelendi. Iñ soñky gezek 2019-njy ýylyñ prezident saýlawlarynda, bäş aý öñ Merkezi Saýlaw komissiýasynyñ 14 agzasyny parlament kesgitledi. Özem 450 agzaly mejlisde agram "Ýewropa raýdaşlygy", "Halk fronty", "Ynam bileleşigi" ýaly konserwatiw (sagçy) partiýalardady. Rus tarapdarlygyny edýän blogyñ bary-ýogy 29 deputaty bardy. Megerem, bu parlamentiñ saýlan Merkezi Saýlaw komissiýasynyñ agzalarynyñ syýasy ýüzüni çaklamak kyn bolmasa gerek... Serediñ, bu komissiýa nämeleri etdi? • DIL GADAGANÇYLYGY Ukrainada häzirki hereket edýän saýlaw kanuny 2004-nji ýylda günbatarçy "pyrtykal rewolýusiýa" tarapdarlarynyñ "saýlawlarda galplyk edildi" diýip, köçe protestlerini geçirýän döwründe parlamentden çalt geçdi. Bu kanunlaryñ kabul edilmegine Russiýa biynjalyk bolsa, ÝB we ABŞ hoşal boldy... Saýlaw kanunyna girizilen üýtgeşmeler arkaly "pyrtykal rewolýusiýa" - Wiktor Ýuşşenko häkimiýete getirildi. Ýurtda saýlawlar häzirem şu kanuna laýyklykda geçirilýär. Meselem, saýlanmak üçin Ukrainanyñ raýaty bolmak ýeterlik däl, ene diliñem ukrain dili bolmaly! Munuñam düýp sebäbi - ene dili rus dilinde bolanlary (ilatyñ 20%-i) gysyp çykarmak... Azatlykçysyraýan "pyrtykal rewolýusiýa" tarapdarlarynyñ dil ýaly bähbitlerine gabatlaşmaýan meselelerde diýdimzorlyk etmegi global mediýanyñ hiç diline düşmedi! Gaýtam tersine, konstitusiýalarynda döwlet dili üýtgeşmelerine ýer bermedik ABŞ, Germaniýa, Italiýa, Gollandiýa ýaly ýurtlar bu kanuny el çarpyp garşylady: Olara rus dilinde gürleýänler saýlanmasa bolýar! (Şol basyş ilatynyñ 40%-i rusça gepleýän, NATO-nyñ agzasy edilen Russiýanyñ duldegşir goñşusy Latwiýada-da boldy. Asly rus syýasatçy latyş dilini ýeterlik bilmeýändigi bagana edilip talaşgärliginiñ sanawyndan çykaryldy. Ol bu meseläni Ýewropanyñ Adam hukuklary sudunyñ (ÝAHS) öñünde goýdy. ÝAHS onuñ arzasyny nädogry hasaplady! Bir gün şu ÝAHS-yñam hakyky syýasy ýüzüni paş etmek gerek... Ukraina dolanyp geler bolsam. 1996-njy ýylyñ Konstitusiýasynyñ 10-njy maddasynda "Rus diliniñ we Ukrainanyñ beýleki diasporalarynyñ dilleriniñ azat ýagdaýda ulanylmagy, kämilleşdirilmegi we goralmagy hukuk goragyndadyr" diýen setirler bardy. Üýteşme girizip, bu maddany ýom-ýok etdiler. "Pyrtykal rewolýusiýanyñ" Ukrainadaky dil boýunça durmuşa geçiren assimilazasion syýasaty Günbatar mediýasynda hiç ýazylmaýar, agzalmaýar. Merkezi Saýlaw komissiýasyna dolanyp geleýin: • 90 MÜÑ DOLLAR ŞERTI Ukrainada prezident saýlawlaryna kandidatlygyñy goýmagyñ şertleriniñ birem, talaşgäriñ 90 müñ dollary (2,5 million griwna) bolmaly! Diñe ikinji tapgyra geçip bilen iki talaşgär puluny yzyna alyp bildi, beýleki talaşgärleriñ goýan pullary döwletiñ kisesine girdi. "Pul oýunbazy" Sorosyñ "pyrtykal rewolýusiýasy" eli ýuka talaşgäri ýolundan aýyrdy. Şeýlelikde 2019-njy ýylyñ saýlawlarynda puluny töläp bilmedik 47 talaşgär saýlawa gatnaşyp bilmedi! Üstesine: Saýlawa gatnaşmak gadagan edilen ýene biri bardy: Ukrainanyñ Kommunistik partiýasynyñ başlygy Pýotr Simonenko... Merkezi Saýlaw komissiýasy partiýanyñ adyny, düzgünnamasyny, nyşanyny "kommunizmden saplanma" syýasatyna ters hasaplap, onuñ kandidaturasyny kabul etmedi. Ýogsam bolmasa, Simonenko 2019-njy ýyla çenli geçirilen ähli saýlawlara gatnaşypdy. Özem ol 1999-njy ýylyñ saýlawlarynda ikinji tapgyra galyp 37,8% ses alypdy. Faşistler tarapyndan ýanalyp, maddy-magnawy jezalara uçran Simonenko syýasat meýdanyndan çekilmänsoñ, ahyrynda saýlawa gatnaşdyrylmady! Netijede: Rus dilli ilatyñ agdyklyk edýän käbir ýerlerde saýlaw uçastoklary ýola goýulmansoñ, saýlawlara gatnaşygyñ zordan 62%-e ýetendigi aýdyldy. Munuñ hakykatdan daşdadygy, saýlawlara gatnaşygyñ şondanam pesdigi öñe sürüldi. Haýsysyny agzap, haýsysyny goýjak... Ikinji tapgyrda sesleriñ ýañy 3%-i sanalanda, Zelenskiniñ ýeñiş gazanandygy yglan edildi. Merkezi Saýlaw komissiýasy birnäçe gün geçenden soñ saýlawyñ ses hasabatyny berdi: 73.2%. Diýjek bolýanym şudur: Kimiñ haýsy şertlerde saýlanandygynyñ "demokratiýa" saz gelip-gelmeýändigine "azatlykçy" Günbatar karar berýär! Gürrüñsiz, urşy näletläliñ!. Ýöne munuñ bilen birlikde Günbataryñ "demokratiýa" synagyndaky iki taraply ülñüsini-de göreliñ... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |