13:20 Ilki funksiýa, soñ format | |
ILKI FUNKSIÝA, SOÑ FORMAT
Publisistika
Ýer sarsgyny köptaraplaýyn üstünde durlup geçilmäge degişli mesele. Ýolbaşçylar şeýle diýýär: "Enşalla, Izmirdäki ýer titremesinde öýleri ýykylan ildeşlerimize iñ gysga wagtyñ dowamyna täzelerini gurup bereris.” Muny diýýänlere “Bauhaus näme?” diýip sorasam, “jaý we şuña meñzeşler boýunça her dürli gerekli materiallaryñ satylýan dükany" diýip jogap berseler gerek... Gürrüñsiz dogry, emma meniñ gözleýän jogabym bu däl! Bauhaus - arhitektura çemeleşmesiniñ ady... Bauhaus şol bir wagtyñ özünde formatdan (biçüwden, daşky görnüşden) zyýada funksiýa agram berýän täzelikçi taslama mekdebidi… Has berk-polat konstruksiýaly, uzak wagtlap peýdalanyp boljak binalary gurmagy maksat edinen käbir çepçi arhitektorlar tarapyndan 1919-njy ýylda Germaniýada açyldy... Mekdebiñ düýbüni tutujy Walter Adolf Georg Gropius (1883 – 1969) on ýyllap mekdebiñ işine ýolbaşçylyk etdi. Ilkinji nobatda (TOKİ* ýaly) bir-birine meñzeş binalaryñ zol gaýtalanyp gurulmagyna garşy çykdy. Islendik bina taslamasy ýaly zamanabap bolsa-da, çykdajysy az, berk, funksional-praltiki-ulanmaga ýaramly we dajy jäjeklenen däl-de, sada-ýönekeý bolmalydy. Şu maksat bilenem... Şähergurluşyk maksatnamalaryna degişli meseleleri taslaýan sferalaýyn sosial binalar bilen çözmäge çalyşdy. Dessaudaky Torten, Karlsruedäki Dammentok mikroraýonlary we Berlindäki Siemensstadt şäherçeleri ýaly… Ýetip gelýän täze asyry konstruksiýanyñ asyry diýip yglan etdi. Bauhaus şygaryny “Täze bileleşik: Sungat we tehnologiýa” atlandyrdy. Gürrüñi açmaga rugsat ediñ, çünki, gürrüñimiz ýer titremeleri barada: • BOLŞEWIK JÖHITLERIÑ HÖWÜRTGESI Bauhaus mekdebiniñ müdiriniñ orunbasary şweýsariýaly arhitektor Hannes Maýeriñ (1889-1954) taglymy şudy: mesele, diñe täze arhitektura stilini döretmek bilen çäklenenok. Binalar az çykdajyly, ulanmaga ýaramly, uzak wagta çydamly we köpçülikleýin sosial hyzmatlary kabul edip biljek şekilde taýýarlanmaly. Marksist Maýer ýakynlaşyp gelýän faşistik sfera laýyklykda munisipialetiñ başlygy tarapyndan wezipesinden boşadyldy. Maýer işsiz galdym diýip elini gowşuryp durmady, Bauhausda okan şägirdini ýanyna alyp, SSSR-e gitdi, şähergurluşyk maksatnamalaryny taýýarlamaga gatnaşdy, ýaşaýyş jaýlaryny gurdy. Häzir onuñ guran jaýlary sarsman durlar... Häkimiýete gelen faşistik diktatura Bauhaus mekdebini "bolşewik jöhitleriñ höwürtgesi" diýip ýapdy. Gitler gurlan binalary ruhsyz, içgysgynç hasaplaýardy! Bugün… Bauhausyñ guran binalarynyñ ählisi UNESCO-nyñ Bütindünýä mirasynyñ sanawyna girýär. Bauhaus akymyñ teoriýasy we talyplarynyñ eserleri häzirem stil-format we tehniki taýdan bütin dünýäde kesgitleýji artykmaçlyga eýe. Hawa, Bauhaus akymy bary-ýogy on dört ýyl işlänem bolsa, gurluşyk taslamalaryny taýýarlamak babatda häzirem öz galdyran yzyny ýitirenok. Germaniýanyñ arhitektura medeniýetiniñ başga ýurtlara beren iñ gymmatly eksporty hökmünde baha berilýär.… A biz? Biz her sarsgynda ýykylýan, hiç hili stili bolmadyk, sferalaýyn faktorlary nazara almaýan binalary gurmaga dowam edýäris... • MUNISIPIALETIÑ BAŞLYGY Arhitektura medeniýeti taýdan baý Anadoly şäherlerini JÝJGM-niñ guran we ş.m çalamydar gurlan binalar bilen dolduran añyýet Izmire näme peýda berip biler? AKP-niñ medeni kodlarynda binagärlik stili bir barmy beri? Galyberse-de, bu ýagdaý diñe AKP bilen çäklenenok, arhitektura göýdükligi ähli partiýalara ýiti täsirini ýetirdi. Fris Gesse (1881 1973) - çepçi-liberal nemes syýasatçysy. Ol Dessau şäher munisipialetiniñ başlygy bolansoñ Bauhaus mekdebi bilen işleşdi. Mysal üçin... mekdebe ýanaşyk ýerde talyplar üçin Meisterhäuser ady berlen bina gurdy. Günorta Dessauda işçilere niýetlenen 314 jaýdan ybarat mikroraýon gurdy. Konsumgebäude (Dessau-Rosslaunyñ taryhy ýadygärligi) bilen birlikde, häzir Walter Gropiusyñ taslamasy bolan bäş gatly binalar diñe berkligi bilen däl, eýsem köpdürli estetikasy bilenem arhitektura taryhynyñ möhüm binalarynyñ arasynda görkezilýär… JÝJGM-niñ (TOKI) jaýlary arhitektura taryhynda nämä nusga hökmünde görkezilip bilner? Indi estetikanyñ, berkligiñ, funksionallygyñ hiç hili gymmaty galmady. Mülkiýete gyzyp gozgalmaýan emläk “mukaddeslik mertebesine” ýetirilendigi sebäpli adamlar jaýyñ berkligi barada dagy pikir etjegem bolup duranoklar... Mujahidiñ müteahhide (postawşige) we "bir döwüm çörek, bir geýerlik eşik" düşünjesiniñ lýuks ýaşaýyş islegine öwrülen günümizde "Gurluşyk, ýa Resulalla!" diýýänleriñ, gynansak-da, günäsi has çökder! Häkimiýete arkalanyp seljukly we osmanly taryhyna gum sürdüler, iññän gadymy we düýpli arhitektura däplerimizi ýok etdiler. Ata-babalarymyzdan miras galan türk öýlerini ýykdylar. Ýewropadan tapawutlanýan agaç karakasy - "hymyş" (içi tagta germawly daşy suwalan diwar) binalary, "dolma sütüni" we başgalary... hemmesini ýok etdiler. Haýsysyny ýazaýyn? Hatda Gitlerem rimlileri ariýa jynsyna degişli hasap edip, olaryñ stillerinden täsirlendi. Olaryñ neoklassyky we ar-deko stilli arhitektura binalaryny gurdurdy. Bizde bolsa ýeke binagärlik stili ýok. Stil bolmansoñam jaýlaryñ berkligi ýok! Esasy agramy funksiýa berýän, köküni türki medeniýetden alýan täze arhitektura gurluşygy düşünjesini janlandyrmaga we ösdürmäge borçludyrys. Ýer titreme meselesiniñ üstünden köptaraplaýyn durup geçmek gerek. Soner ÝALÇYN. *TOKİ - Toplu Konut İdaresi Başkanlığı, literally Mass Housing Development Administration MHDA - Jemgyýetçilik ýaşaýyş jaýlarynyñ gurluşygy müdirligi - JÝJGM) "SÖZCÜ" gazeti, 05.11.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |