10:05 Ilon Mask | |
ILON MASK
Publisistika
Aýasofýada "Mehter" marşyny goýberip “dünýä bize görübilmezçilik edýär” diýip, döşümizi gaýşardan günümiz… Taryhda ilkinji gezek Ilon Maskyñ hususy şereketi kosmosa adam ugratdy, kosmos turizmine badalga berildi. Adamzadyñ kosmos marşruty 62 ýyl öñ başlady. 1958-njy ýylda NASA guruldy. NASA gurlan badyna Golliwud ýüzüni kosmosa gönükdirdi. Bir ýyl geçip geçmänkä, 1959-njy ýylda “Twelve to the Moon” kinofilmi surata düşürildi. Kinofilm Aýa giden on iki sany astronawtyñ başdan geçirmelerini gürrüñ berýän ylmy-fantastiki kinofilmdi. Astronawtlaryñ topary dürli milletlerden düzülendi: biri garaýagyz üç amerikaly, beýlekileri rus, nemes, ýapon, şwed, fransuz, iñlis, asly polşaly jöhit, braziliýaly we türk. Türk astronawtyñ ady Muzaffer Tema. Ol Aýa giden ilkinji türkdi. Muña ýöne bir kinofilm diýip geçäýmek mümkin däldi... Çünki kinofilmde amerikan meýillerini şekillendirýän Golliwudyñ jümle-jahana bolan garaýşyny görmek bolýardy. 1959-njy ýyldan başlap “kosmosa gitse-gitse diñe şu milletler gider” diýip pikir edipdiler. Meselem, ABŞ-da millionlarça italýan ýaşaýandygyna, Golliwudda onlarça italýan aktýoryñ bardygyna garamazdan astronawtlaryñ arasynda ýeke italýan ýokdy. Hytaýly ýokdy. Kanadaly ýokdy. Awstraliýaly ýokdy. ABŞ-daky latyn ilatynyñ aglaba köpçüligine garamazdan, meksikaly astronawt ýokdy. Koreýaly, daniýaly, gollandiýaly, ispaniýaly ýokdy. Ýöne türk astronawt bardy. Golliwudyñ “kosmosa gitse-gitse diñe şü milletler gider” diýip çaklan 1959-njy ýylynda Ýuriý Gagariniñ kosmosa çykmagyna öñde heniz iki ýyl bardy. Neil Armstrongyñ Aýa aýak basmagyna on ýyl bardy. Kinofilmdäki astronawtlaryñ milletlerine sereder bolsak… Amerikalylar edil agzalan kinofilmdäki ýaly Aýa aýak basdy, edil kinofilmdäki ýaly garaýagyz astronawtlary bar, hatda, kosmosa dört gezek giden garaýagyz astronawt NASA-nyñ başlygy wezipesinde-de oturdy. Ruslaryñ kosmos beketleri bar. Nemes astronawt gitdi, ýapon astronawt gitdi, şwed astronawt gitdi. Fransuz astronawt hem-ä aýaldy, hemem kosmosdan gaýdyp gelensoñ fransuz hökümetiniñ Ýewropa bileleşigi boýunça jogapkär ministri boldy. Iñlis astronawt "Atlantis" kosmos dikuçary bilen gitdi, polşaly astronawt "Союз" dikuçary bilen gitdi, ysraýylly astronawt "Columbia" dikuçary bilen kosmosa çykdy. Golliwudyñ Braziliýa çaklamasy-da dogry çykdy, braziliýaly astronawt 2006-njy ýylda "Союз" bilen kosmosa gidip geldi. Geliñ, indi görüñ bakaly... “Bular kosmosa gidip bilmez” diýlen käbir milletlere haksyzlyk edilipdi. Meselem, italýan astronawt "Союз" dikuçary bilen kosmosa gitdi, rus bekedinde boldy, "Endeavour" dikuçary bilenem gaýdyp geldi, üstesine kosmosdaka Rim papasy bilenem gepleşdi. Hytaý babatda-da ýalñyşdylar, hytaýlylar şumat kosmosda gaýmalaşyp ýör, Aýda robot gezdirip ýörler. Kanada diýseñ olaram erkek astronawt ugratdy, aýal astronawtam ugratdy, astronawty soñ aragatnaşyk ministri wezipesine bellediler. Awstraliýaly astronawtlar gitdi, biri alty aý kosmosda galdy. Meksikaly astronast 1985-nji ýylda gitdi. Argentinaly, kubalu, peruly, Kosta-Rikaly, kolumbiýalh, Porto-Rikoly astronawtlar gitdi. Kimsini amerikanlar äkidip getirdi, kimsini ruslar mündürip äkitdi. Koreýaly, daniýaly, ispaniýaly, belgiýaly, gollandiýaly, bolgariýaly, çehiýaly, awstriýaly, rumyniýaly, ukrainaly, şweýsariýaly, slowakiýaly, wengeriýaly, azerbaýjanly, türkmenistanly, özbegistanly, gazagystanly, mongoliýaly, gürjüstanly, gyrgyzystanly, litwaly, Günorta Afrikaly, wýetnamly astronawtlar gitdi. Hindistanly astronawtlar kosmosa gitdi, Hindistan Marsa kosmos ulagyny-da ugratdy. Saud patyşasynyñ ogly gidip geldi. Birleşen Arap Emirliklerinden astronawt gitdi, hatda Halkara Kosmos bekedine giden ilkinji arap ýurdy boldy. Malaýziýaly gitdi. Owganistanly gitdi. Siriýaly astronawt bar. Golliwudyñ oý-hyýalyndakylar we hatda ýatsa-tursa oý-hyýalynda dällerem kosmosa çykdy... Yzda diñe "umytsyzlygyñ ýurdy" galdy! NASA gurlanda kosmos ýolagçylygy mümkinçiligi bolar öýdüp çaklanan, jümle-jahana täsir edip biljek ýurtlardan saýylan Türkiýe... Özüni şol derejä çykaran Atatürk respublikasynyñ deregne “aktronawtlar” geldi. (Ilon Mask 2017-nji ýylda Türkiýä geldi. Atatürküñ mawzoleýine zyýarat etdi. Instagram hasabynda mawzoleýde düşen suratlaryny paýlaşdy. Suratlaryñ aşagyna şeýle ýazdy: “Gül desselerini goýdum. Üç sanyja döwük gapyrga, Eleme-deşik öýken, Ol şonda-da söweşdi.”) Taryhda ilkinji gezek hususy şereketiñ - Ilon Maskyñ şereketiniñ kosmosa astronawt ýollan güni… Biziñ “aktronawtlarymyz” Aýasofýada "Mehter" marşyny goýberip, "dünýä bize göriplik edýär" diýip bögürişýärler. Ýylmaz ÖZDIL. "Sözcü" gazeti, 02.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||