10:01 Imon de Walera | |
Taryhyñ akymyny üýtgedenler
Taryhy şahslar
DÜRLI ÝURTLARDA DOGULDYLAR: IMON de WALERA Gitler Germaniýada doguldy, Stalin Gürjüstanda, Atatürk Gresiýada. Häzirki Irlandiýany garaşsyzlyga ýetiren Imon de Valera bolsa Dublinden üç müñ mil uzaklykdaky Nýu-Ýorkda dünýä indi XX asyryñ başlaryndaky döwlet liderlerine mahsus täsin faktor bar. Bularyñ köpüsi dürli ýurtlarda doguldylar. Gitler Germaniýada doguldy, Stalin Gürjüstanda, Atatürk Gresiýada. Häzirki Irlandiýany garaşsyzlyga ýetiren Imon de Valera bolsa Dublinden üç müñ mil uzaklykdaky Nýu-Ýorkda dünýä indi. Hasam beteri, Imon de Waleranyñ kakasy irlandiýaly-da däldi. Ol Kubadan gelen ispan migrantydy, ejesi-de irlandiýaly garyp migrantdy. Imon de Walera 1882-nji ýylda ABŞ-da doguldy. Bu ýagdaý ony meşhur Pasha rewolýusiýasy wagtynda ölüm jezasyndan halas etdi. Irlandiýada agalyk sürýän iñlisler amerikan halkynyñ degnasyna degmejek bolup, oña zat diýmedi. Irlandiýalar birinji prezidentlerini "Döw" ady bilen tanadylar. Amerikanlar hem Teodor Ruzwelti "Teddi" ady bilen. Ruzwelt adamlaryñ özüni halamagynyñ iñ uly sebäbiniñ şu atdygyny aýdardy. Irlandiýa respublikasynyñ düýbüni tutujysy hobbileri bolmadyk adamdy. Ol wagtyny Wilýam Şekspiri okap we işläp geçirerdi. Ylmy işleri bilenem tanalýan De Walera matematikaçydy. Emma ýurdunyñ ene dilini has uly ýaşlarda öwrendi. De Walera hemişe ýönekeý, pespäl durmuşda ýaşady we ýedi çagasyna-da şeýtmegi ündedi. Pespällik barada gürrüñ gozgalanda, Dublinde "Garaşsyz Irlandiýa" gazetinde tanyşlyk açan ogullaryndan biri ýadyma düşýär. Şol wagtlar gazetiñ baş redaktory bolup işleýärdi. Men ondan şol ýyl Irlandiýada meýletin ýagdaýda sürgünde ýaşamagy saýlap alan Şarl de Goll hakda pikir alyşmak üçin duşuşmagy haýyş etdim. Men onuñ ofisinde bir sagadymy geçirdim. Şol geçiren wagtynda ýeke gezegem özüniñ Irlandiýanyñ düýbüni tutan şahsyýetiñ ogludygyny aýtmady. Hatda muña yşarat edip biljek ýeke agyz söz aýtmady. Şol günüñ agşamynda başga bir kärdeşim bilen gürleşýänçe bu adamyñ kimdigini bilemokdym. Atatürk ýaly Imon de Walera hem ýetimçiligi başdan geçirdi. Edil şonuñ ýaly ejesi-de kakasynyñ ölüminden soñ başga birine durmuşa çykdy. ABŞ-da wagty agasynyñ ýanynda ulaldy. De Walera 1959-njy ýylda Irlandiýanyñ prezidentligine saýlandy. Ýagny Irlandiýanyñ garaşsyzlygyny gazanmagyndan on ýyl soñ. 1973-nji ýylda 90 ýaşynda pensiýa çykdy we 1975-ji ýylda 92 ýaşynda aradan çykdy. Günorta Irlandiýa meselesi hernäçe Imon de Waleranyñ döwründe çözülenem bolsa, Demirgazyk Irlandiýa tragediýasyna heniz çözgüt tapylmady. Günortada jebir çekenler demirgazykda zulum eden kişileriñ arasynda ýerini akdy. Günortada köpçüligiñ hak-hukuguny öñe sürýänler demirgazykdaky köpçüligiñ hak-hukugyny kabul etmedi. Demirgazyk Irlandiýanyñ häzir tümlükde ot ýakýan urşujylara däl-de, halk üçin işleýän merdana erkeklere mätäçligi bar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe 03.05.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |