13:13 Iñ peýdaly derman: Taryh | |
IÑ PEÝDALY DERMAN: TARYH
Medisina
Türk(men)ler Anadoludaky ilkinji resmi dermanhanasyny 1206-njy ýylda Kayseride açdy: Göwher Nesibe soltan şypahanasy. Wagtyñ geçmegi bilen dowamy-da geldi… “Muhtesib” kim bilýärsiñizmi? Dermanlaryñ agyrlygyny, arassalygyny we bozulyp bozulmandygyny barlaýan kişä aýdylýar… Seljuklylar ýaly osmanlylaram medisinany goraýan hekimlige arkalanýardylar. Teoriýa hemme zatdan ötri hassalanmazlyk esasynda işlenip düzülendi. Ilkinji nobatda iýip-içginiñ kişiniñ mizajyna göräligi üpjün edilýärdi. Näsaglara goşmaça iýmit hökmünde gök önümler, ir-iýmişler we şerbet berilýärdi. Hekimbaşylaryñ dermanlyk ösümliklerini ýetişdirýän ýörite hususy bakja meýdanlary bardy. Hekim tapylmaýan Anadoluda çaýyrdan-baýyrdan, dag-düzlerden ösümlikleri toplap derman taýýarlaýan aýallar bardy. Häzirki döwrüñ "är-aýal dermanlaryny" ýañsylamaga synanyşmañ, bular Anadoly zenanynyñ müñlerçe ýyllyk gadymy tejribesinden gelip çykan zat… Şäherlerde bu iş bilen fondlar meşgullanýardy. Mysal üçin… XV asyrda Bursa Darüşşifasy Wakfiyesinde derman taýýarlama işleri bilen baglanyşykly “Saýdalan”, “Uşşaban” diýen unwanlar (derejeler) bardy. Hekimbaşy Salyh ibn Nasrullahyñ XVII asyrda ýazan “Akrabadin” atly dermanlar baradaky kitabynda osmanlylarda derman işleri bilen meşgullanýanlara “ispeçýar” diýilýär. Uzak wagtlap bu at ulanyldy. Şol ýyllar Ýewropada dermanlar bakgallarda satylýardy… ■ "MISIR ÇARŞISI" BAZARYNYÑ AKTARLARY Käbirleri melikeler tarapyndan gurlan şypahanalar (darüşşifalar) owaly bilen ýetim-ýesirlere, garyp-gasarlara, ýolagçylara mugt saglyk hyzmatyny edipdir. Osmanlyda babasilä (gemorroý), gabyz bolma, üsgülewük, ýanyklara melhemleri "aktar" (arapça "attar"/"müşk ýasaýjy' sözüniñ türkçä geçen görnüşi) diýilýän ýörite topar taýýarlapdyr. Olaryñ merkezi-de Stambuldaky her dürli dermanlyk ösümlikleriniñ satylýan "Müsür çarşysy" bazarydy. Aktarlar öz arasynda - müşkçüler, aktarlar, baharatçylar we kökçüler diýen toparlara bölünýärdi. Girdeji normalary-da döwlet tarapyndan kesgitlenýärdi, kesgitlenen girdeji normasy beýleki pudaklardan ýokardady. Baharatçylaryñ (hoşboý ysly goşundylary satýanlar) girdeji normasy 16% bolsa, çörekçilerde bu norma 4%-di! Öwlüýä Çelebi XVII asyryñ ortalarynda Stambulda iki müñ aktar bolandygyny ýazýar. ■ DERMANHANA DÜKANLARY Osmanlyda bugünki manyda "dermanhana dükanlary" (“eczacı dükkânları”) XVIII asyryñ ortalarynda peýda bolmaga başlady. Ilkinji dermanhana takmynan 1757-nji ýylda açylan Stambul-Bahçekapydaky "Iki gapyly dermanhanady". Ol iki ýüz ýyllap işledi... Şol wagtlar... Hekimbaşy tarapyndan geçirilen synagyñ netijesinde dermanhana açmakçy bolýanlara "Dermanhana ussasy" unwany ýa-da "Dermanhana dükanyny açmaga idinnama" berilýärdi. Dermanhana düzgünlerini kadalaşdyrýan ýörite perman ýokdy. Munuñam sebäbi çuma keselidi. Emma... Beýogly raýonynda 1831-nji ýylda dörän ýangyn sebäpli "dermanhanalaryñ sanyny ýigrimi bäşden geçirmezlik" barada patyşanyñ ýörite permany çykaryldy. Soñky ýyllarda Harby medisina mekdebiniñ (Askeri Tybbiýe Mektebi) dermanhanaçylary taýýarlaýan synpynda (fakultetinde) diplomly dermanhanaçy taýýarlansa-da, bular diñe goşun üçin ulanyldy. Hekimbaşy Abdylhak Mollanyñ teklibi bilen 1835-nji ýylda Maltepe harby hassahanasynyñ (gospitalynyñ) baş dermanhanaçysy Françesko Della-Suddanyñ (Faik paşa) ýolbaşçylygynda harby hassahanalar üçin gerekli lukmançylyk serişdelerini öndürmek maksady bilen “Askeri Ejzahaneýi Amire” guruldy. Goşuna gerekli derman serişdeleriniñ we hasanyñ (bint) ilkinji önümçiligi Krym urşy döwründe Saraýburny raýonyndaky Gülhana harby hassahanasynda ýola goýuldy. ■ DERMANHANAÇYLARY TAÝÝARLAÝAN ILKINJI MEKDEP Awstriýadan çagyrylan aptekar Antoine Hoffmann 1838-nji ýylda Stambula gelip, Galatasaraý Içoglanlar köşgünde mekdep açdy. Okuwyñ möhleti üç ýyldy. On üç sany okuwçysy bardy. Sanynyñ az bolmagynyñ sebäbi-de, "dermanhanaçylar diñe halypa-şägirt ýoly bilen ýetişdirilýär" diýen düşünjäniñ agalyk sürýänligindendi. Osmanlyda dermanhanaçylary taýýarlamak baradaky kanunnama 1852-nji ýylda kabul edildi. Mundan beýläk... dermanhanalardan başga ýerde dermanhanaçydan başga hiç kimiñ hiç bir bahana bilen derman gerdejiklerini (tabletka), melhemleri, külke dermanlary, çalgyçlary we ş.m.-leri satmaga hukugy ýokdy. Dokuz ýyldan soñ 1861-nji ýylda kabul rdilrn “Beledî İspençiyarlık San'atının İcrasına Dair Nizamname” ("Dermanhanaçylyk sungaty baradaky düzgünnama") arkaly ýekebara hünär hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Dermanhana dükanlary mundan beýläk diplomy dermanhanaçylary taýýarlap bilýärdi. Şeýle-de... 1885-nji ýylyñ 7-nji maýy. “Ecza Ticareti Hakkında Nizamname” ("Derman söwdasy hakynda düzgünnama") senagata we dermanhanaçylyga degişli himiki we medisina maksatly dermanlary satýan aktarlara "derman söwdagärleri" hökmünde at berdi. XIX asyryñ togsanynjy ýyllarynda Stambulda 260, Anadoluda 100-e golaý dermanhana dükany bardy. Şol wagtlar dermanhanalar resept kabul ediş we derman taýýarlaýyş bölümi-laboratoriýa ýaly iki bölümden durýardy. Dermanhanaçylaryñ derman önümçiligi birnäçe ýyllap dowam etdi… ■ TÜRK DERMANHANAÇYLARY Osmanlyda derman taýýarlaýyş formulalarynyñ beýan edilýän resmi derman kodeksi ýokdy, munuñ deregne fransuz kodeksi ulanylýardy. Dermanhanaçylar François Dorwaultyñ 1844-nji ýylda çapdan çykan praktiki dermanhanaçylyk gollanmasy bolan “L'officine, Repertoire General de Pharmacie Pratique” kitabyndan peýdalanýardylar. Türk diline ýekeje eser terjime edilipdi: dermanhanaçylary taýýarlaýan mekdebiñ mugallymy maýor Hüseýin Sabriniñ 1866-njy ýylda “Codex, Pharmacopee Francaise” atly fransuz dilinden terjime edilen kitabyñ türkçe nusgasy “Düstur-ül-Edwiýe”… Derman we dermanhanalar boýunça ilkinji žurnaly-da fransuzlar çykardylar: "Revue Médico Pharmaceutique". Osmanlyda ilkinji derman we dermanhanalar guramasy 1879-njy ýylda “Jemiýet-i Ejzajiýan der Asitane Adliýýe” ady bilen guruldy. Türkler kem-kemden bu pudaga aralaşyp, bäsdeşlik etmegi öwrenýärdiler. 1888-nji ýylda Stambulda iki türk dermanhanaçy bardy: Gumgapydakt Aly Kadri hem-de Jerrahpaşa Awrat bazaryndaky Arif Kalfa… Stambulda 1890-njy ýylda 265 dermanhana bardy, diñe dördüsiniñ eýesi türkdi: Fatihde Eşref Ybraýym, Ungapanynda Hamdi Ahmet, Karagümrükde Reşit Mämmet, Hasköýde Sait Mustapa… 1908-nji ýylyñ iýul öwrülşiginden (Ikinji meşrutiýet) soñ milli kapitaly güýçlendirmek maksady bilen dermanhanaçylar Hamdi Ahmediñ, Ethem Pertewiñ we Beşir Kemalyñ öñbaşçypygynda “Dewlet-i Osmaniýe Ejzajylary Jemiýeti” guruldy. Yzyndan… Nail Halit (Tipi) 1911-nji ýylda türk dilinde “Eczacı Gazetesi” gazetini çykardy. Ýagdaýlar üýtgeýärmidi? Ittihatçylaryñ Germaniýa ýakynlaşma syýasaty derman önümçiligi pudagyna-da ýiti täsirini ýetirdi. Mysal üçin XX asyryñ başyndan başlap germaniýaly Ýulius Witing ýurdundan getiren (distilizirlenen suw çykarýan enjam, kompirme ýaly) enjamlar bilen Gülhana synag hassahanasynda derman önümçiligine başlady. Sarayburny raýonyndaky “Malzemeýi Sıhhiýeýi Askeriýe Imalathâne" ("Derman serişdelerini öndürýän harby kärhana") derman önümçiligi kärhanasynda goşuna gerekli derman gerdejikleri (aspirin, dower, kinin, opiata), infeksion suwuklyklar, çalgyçlar we sargy serişdeleri (perewýazka) hem-de hasalar (bint) öndürildi. Bu önümçilik kärhanalarynda dermanhanaçy Fridrih Huttneriñ öñbaşçylygynda morfin we borniý kislotasy preparatlary bilen birlikde ýerli pagta süýümini we biýz matany ulanyp, sargy biýzi öndürildi. Uruşda… häzir dünýänıñ iñ uly derman şereketlerinden bolan "Boehringer& Soehne (Boehringer Ingelheim)", "Bayer AG", "Meister Lucius (Hoechst)", "Caselle AG" ýaly nemes derman önümçilik firmalary osmanly bazaryna agalyk etdi… ■ JEDELLI SAKARİN OSMANLYDA ABŞ-da 1878-nji ýylda tötänleýin oýlanyp tapylan tagam beriji sakariniñ Osmanla gelişi täsin boldy: Sakarin 1896-njy ýylyñ 24-nji martynda “Saccharin” we “Saccharosin” ady bilen Osmanly döwletiniñ Söwda ministrligi tarapyndan marka goragy astyna alyndy. Nemesleriñ "Fahlberg List" şereketiniñ wekili A.Stok tarapyndan hasaba alnan bu emeli tagam beriji gerdejik görnüşinde gutulara, sellofan gapjagazlara gaplanyp satuwa çykaryldy. Emma.... "Tybbiýeýi Mülkiýe we Syhhiýeýi Umumiýe" Mejlisi sakariniñ zyýanly bolup biläýjek taraplaryny göz öñüne tutup karar çykardy. Sakarin medisinada peýdaly-da bolsa, azyk önümlerinde şekeriñ deregine ulanylmagy saglyga zyýanly bolup bilerdi. Munuñ öñüni almak üçin gümrük gullugy 1902-nji ýylyñ 23-nji iýulynda "Rüsumat Emanetine" ýüz tutdy. 1903-nji ýylyñ 14-nji fewralynda Döwlet Tanzimat müdirliginiñ şurasy ("Şuraýy Dewlet-i Tanzimat Dairesi") toplandy, käbir çäklendirilmeler girizildi. Germaniýa başlyklaýyn käbir ilçihanalar dessine herekete geçdi. "Bu näme diýildigi? Tanzimat we baglaşylan söwda şertnamalaryna ters gelýän bu ýagdaýy nädip kabul edip bilýärsiñiz?" Tanzimat müdirligi ara girdi… Şol iki arada Germaniýadaky dünýäniñ ilkinji süýji tagam beriji sakarini öndürýän "Fahlberg List" şereketi Stambula lukmanlardan düzülen "ylmy delegasiýanyñ" üsti bilen sakariniñ hususanam süýjüli diabet keselinden ejir çekýän näsaglara peýdalydygyny delillendirýän maglumatnamalar ugratdy! Netijede… Osmanly Dahiliýe nezareti (Içeri işler ministrligi) 1903-nji ýylyñ 15-nji sentýabrynda sakarin hakyndaky kararyny osmanly welaýatlaryna ýollady: “Önümçiliginde hiç hili gadagançylyk we çäklendirme ýokdur!” Ýöne resept boýunça satylmalydy! Iýip-içilýän zatlarda sakarini çaý, kofe we şerbet (kompot) ýaly iýmitlerde ulanmaga rugsat berilýärdi. Beýleki bir tarapdan şeýle diýdiler: Çagalara ulanmak gadagan! 1908-nji ýylda Ženewada, 1909-njy ýylda Parižde sakarin bilen birlikde (sakgyç önümçiliginde) "Xylitol", (peýnir önümçiliginde) "Dulcin" ýaly süýji tagam berijileriñ ulanylyşynyñ gadagan edilmegi üçin geçirilen toplanşyklara Osmanlydan hiç hili wekil gatnaşmady! Fransiýa ýaly ýurtlar emeli tagam berijileriñ satyn alynmagy özüniñ şeker önümçiligine zarba urjagyny aýdyp, muña garşy çykdy. Osmanly sakarine garşy gönükdirilen tankydy bellikleri piñine almady. Ençeme ýyl geçensoñ... ilkinji nobatda peşew haltasynda we beýleki iç goşlarynda düwnük (rak) dörediji täsiriniñ bardygy sebäpli 1977-nji ýyldan başlap käbir ýurtlarda gadagan ediljek wagtyna çenli nijeme ýyllar bardy… ■ ILKINJI FEMINISTKADAN ILKINJI WAKSINA KAMPANIÝASY Mary Wortleý Montagu (1689-1762)… Aristokrat iñlis maşgalasyndan çykan gyz. Çagalyk ýyllarynda goşgy ýazmaga başlady. Latyn dilini öwrendi. Özünden on bir ýaş uly syýasatçy Edward Wortleý Montaguýa aşyk boldy. Kakasynyñ razylygyny almazdan oña durmuşa çykdy. Käbir garaýyşlary sebäpli feminizmiñ ilkinji tarapdarlarynyñ biri hasaplanýar. 1716-njy ýylda Osmanly döwletine ilçi bolup giden adamsy bilen bile Stambula geldi. Çagalygynda ospa keseline ýolugypdy. Öz ýurduna heniz näbelli ospa waksinasynyñ Stambulda giñden ulanylýandygyna haýran galdy we dessine iki çagasyny waksinasiýa (привывка) etdirdi. Londona gaýdyp baransoñ, hut özi ospa keseliniñ waksinasyny iñlislere tanatdy. “Korollyk synagy” ady bilen ölüm jezasyna höküm edilen alty tussaga sanjym edildi. Netije - şowly geçdi! Iñlisler waksinany ulanmaga başlady. Gündogara şübheli göz bilen garaýan Fransiýa 1776-njy ýylda ospa waksinasiýasyny gadagan etdi. Ýalñyşandyklaryna müñlerçe ýitgi berenlerinden soñ düşünip galdylar… Soner ÝALÇYN. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |