18:22 Iñ uly industriýalar nädip ýüze çykdy? | |
IÑ ULY INDUSTRIÝALAR NÄDIP ÝÜZE ÇYKDY?
Publisistika
Fransuzlaryñ indiki gezek näme talap etjegini bilemzok, ýöne olaryñ ýykgynçylyk etmekden we tradision meýdandan uzak durmalaryny haýyş edýäris. Fransuzlar pensiýa ýaşyny tapgyrlaýyn ýagdaýda 64-e ýetiren reformanyñ ýatyrylmagyny talap edýän protest demonstrasiýalaryna işjeñ gatnaşdy, protest çykyşlary birnäçe aýlap dowam etdi / Fotosurat: AA (Arhiw). Adaty durmuşymda-da, zähmet karýeramda-da adamlaryñ iş taşlaýyşlara ýa-da urha-urluklar bilen doly protestlere keýpine gidendigini ýadyma düşürip bilemok. ABŞ-da, Kanadada, Angliýada näçe wagtymy geçirdim. Şol wagtyñ dowamynda talaplary bildirmekde çykyş etme medeniýetiniñ başga ýerlere garanda seýrekdigini, döwlet we hususy eýeçiliginde urha-urlukly hereketleriñ we wandalizm baş-başdaklygynyñ hasam seýrekdigini duýdum. Şu ýerde Parižiñ ýakylmagyna we Fransiýanyñ iñ meşhur lideri De Golly agdarylmagyna getiren - 1968-nji ýylyñ maý rewolýusiýasy diýilýän talyplar hereketi barada aýdamok. Has beter geçmişde şu gün indi güýjüni ýitiren çepçi gyşarmalar tarapyndan beleñ berilen jemgyýetçilik häsiýetli işçi staçkalaryndan söz açýaryn. Çepçi partiýalaryñ yzyndan soñky asyrda agalyk sürýän ideologik güýçler we beýleki intellektual güýçlerdir akymlaram gowşady. Rewolýusiýa ýyllaryndan bäri Fransiýada hemme zat azatlyga duwlanyp edildi. Şeýle giñ şygaryñ astynda ähli ikinji derejeli şygarlar birikýär. Pariž dünýä halklarynyñ arasynda seýrek gabat gelýän bu arzuwy iş ýüzünde görkezmek üçin geçen gyş köçelere döküldi: tutaryk - pensiýa ýaşyny aşak düşürmek. Fransiýa Skandinawiýany hasaba almanymyzda iñ möhüm sosial howpsuzlyk ulgamlaryna eýe ýurt. Birnäçe ýyl öñ Altynjy raýonda hassahanalaryñ birine birküç günlük gidenimde bu tejribäni hut özüm başdan geçirdim. Registrasiýa bölümine her gezek gelenimde, kätip menden öýe tölegsiz dolanmaga zerurlyk duýup-duýmaýandygymy soraýardy. Bu ýerde özüñizi diýseñ rahat we ynamly duýýarsyñyz, soñra ertesi gün Parižiñ lowlap ýanyp durandygyny göreniñizde, kalbyñyzy gorky gaplap alýar, çünki parižliler döwlete eýdip-beýdip pensiýa ýaşyny kiçeltdirjek bolýar. 1998-nji ýylda ABŞ-nyñ Garward uniwersitetiniñ professory Dawid Fromkiniñ "About this World" atly kitaby çap edildi. Fromkin Ilýas Ilýas tarapyndan arap diline terjime edilen we "Riyad Al-Rayes" neşirýaty tarapyndan çap edilen Ýakyn Gündogaryñ taryhy hakyndaky "Ähli parahatçylygy soñlandyran parahatçylyk ("A Pease to End All Pease") kitaby bilen meşhurlyk gazandy. Fromkin kitabynyñ "Adamlary bir ýere jemlemek" atly bölüminde fransuzlaryñ komfort industriýasyndaky möhüm ähmiýetli iki işi oýlap tapandygyny we bularyñ arasynda taryhyñ iñ uly industriýalarynyñam bardygyny aýdýar: Turizm. 1936-njy ýylda Leon Blomyñ hökümeti ilkinji gezek "Tölegli gezelenç kanunyny" we munuñ bilen birlikde ähli synplary öz içine gurşap alýan möçberde güýmenje syýahaty akymyny kabul etdi. Ençeme ýyl mundan öñ mosýe Boulanger atly başga bir fransuz rewolýusiýa wagtynda pajarlap ösen industriýa bolan ilkinji restoran pikirini öñe sürüpdi. Fransuzlaryñ indiki gezek näme talap etjegini bilemzok, ýöne olaryñ ýykgynçylyk etmekden we tradision meýdandan uzak durmalaryny haýyş edýäris. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 18.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |