15:03 Indiki ýyl | |
INDIKI ÝYL
Publisistika
Ýakyn Gündogaryñ soñunda näme galarka? "Financial Times" gazeti 7-nji oktýabrda bir makala çap etdi: "Ýakyn Gündogarda uruş ýyly". Muña 7-nji oktýabrda Gaza sektorynda we ertesi gün Liwanda başlan çaknyşyklardyr häzirkizaman tehnologiýasyndaky ballistik raketalar hem degişli. 7-nji oktýabrda 200 ysraýylly öldürildi. Munuñ özi "Holokostdan" bäri bir günde ölen iñ köp sanly jöhit boldy. "Hamasyñ" Ysraýyla gönükdiren hüjümi gorkynçdy. Emma oña berilen garşylyk bütin sebiti ýangyna berdi. Häzirki wagta çenli Gazada 43 müñden gowrak adam wepat boldy, ýüz müñlerçe adam öý-öwzaryndan jyda düşdi. Bir milliondan gowrak adamyñ ojagy başyna ýumrulan Liwanda iki müñ adam öldürildi. Sebitde umuman açlyk, gytçylyk, gahatçylyk örç aldy. Bir gün öñ Müsür 1973-nji ýylyñ 6-njy oktýabryny ýatlady. Ol gün birnäçe adam tarapyndan ýat edildi. Käbirleri muny Müsüriñ 1967-nji ýyldan soñky reabilitasiýasy hökmünde gördi. Emma ne 6-njy oktýabr, ne-de 1967-nji ýyl Gazadaky we Liwandaky oktýabr aýy ýaly gandöküşikli, gorkunç we eýmendiriji däldi. 1967-nji ýylyñ we 1973-nji ýylyñ oktýabr uruşlary deñizlerde we çöllerde bolup geçdi. Häzirki uruş welin, adamlaryñ, nowça çagalaryñ, şäherleriñ, gaçybatalgalaryñ, mekdepleriñ, ýaşaýyş jaýlarynyñ, awtoulaglaryñ, açlugyñ, masgaralanmagyñ, teraktlaryñ, synalaryñ kesilmeginiñ we göz oýmalaryñ üstünde bolýan uruş... Müsürde okkupasiýa astyndaky ýerleriñ halas edilen we aldanan müsür goşunynyñ reabilitasiýa edilen dabaraly oktýabr aýy bar. Netanýahunyñ oktýabry bolsa, hiç hili düzgün-tertibe, tradisiýa, kada-kanuna ýa-da ustawa meñzemeýän, başyna giden, kontrolsyz dowzah. Gaza urşunyñ ilkinji günlerinde Jo Baýden ysraýylly ygtyýarlylary amerikan hökümetiniñ 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrdan soñ Owganystana we Yraga çozanda goýberen ýalñyşlygyny gaýtalamazlyga çagyrypdy. Emma az wagtdan soñ Ysraýyla Gazany we Liwany ýok etmegine we Günbatar Şeriany ýakyp-ýumurmagyna ýardam eden ýaraglary berdi. Nirä seretseñiz, muña syýasy ýagdaýy we ýarawsyzlygy sebäpli mazaly lagşan amerikan prezidentiniñ günärkärdigini görersiñiz. Netanýahu Baýdeniñ lagşanlygyndan we Trampyñ wagşylygyndan peýdalandy. Saýlawy öz jeñiniñ içine sokdy. Ak Tamda geçiren günleri we birnäçe ýyllap dowam eden syýasy işleri hilen hoşlaşmagyñ öñüsyrasynda duran Baýdeniñ ädip biljek her bir ädimini ysmaza uçratmagy başardy. Bärde esasy zat "uruş ýyly" bolmagynda däl, indiki 7-nji oktýabrda dünýäniñ nähili boljakdygy. Gaza sektoryna, Liwana, Ýakyn Gündogara näme boljakdygy... Ýakyn Gündogaryñ soñunda näme galarka? Öý-ojagy başyna ýumrulan halklar we teýsiz çöküşmi... Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 13.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |